Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Pasportyny täzelemek üçin Türkmenistana baran zenan we onuň çagasy bir ýyllap ýurtdan çykylmaýar

Türkmen raýaty Zulfiýa Kajyr prezident Serdar Berdimuhamedowdan ony ýurtdan çykarmagyny soraýar. Pasportyny çalyşmak üçin bir ýyl töweregi öň Türkiýeden Aşgabada baran zenan ýurtdan gaýtmakçy bolanda ony howa menzilinde hiç hili düşündiriş bermezden saklap, ýurduň daşyna çykmak gadagan edilipdir.

Zulfiýa Kajyra Stambulda adamsy garaşýar. Ol Türkiýäniň raýaty. Zenanyň 6 ýaşly gyzy onuň ýanynda Aşgabatda galýar. Çaga medisina kömegine mätäç. Jübüt ýardam sorap, Türkmenistanyň we Türkiýäniň ähli häkimiýetlerine ýüz tutdy, ýöne bu kömek etmedi. Olar umytsyz ýagdaýa düşendiklerini aýdýarlar.

Zulfiýa Kajyr geçen ýylyň iýul aýynda watanyna - Türkmenistana pasportyny çalyşmak üçin bardy. Zenanyň dokumenti taýýar bolansoň, adamsy oňa Stambula bilet satyn aldy. Zulfiýa birnäçe ýyl bäri Stambulda ýaşaýar. Şeýle-de bolsa, Aşgabadyň halkara aeroportunda oňa ýurtdan çykmaga rugsat berilmedi.

Zulfiýany migrasiýa gullugyna iberdiler, ol ýerde oňa Türkmenistandan çykyp bilmejekdigi aýdyldy. Hiç kim oňa sebäbini düşündirmedi. Zenan autizm we içegesindäki hassalykdan ejir çekýän alty ýaşly gyzy bilen Aşgabatda galdy. Gyz çaga ýörite iýmite we dowamly lukmançylyk gözegçiligine mätäç.

Zülfiýa Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa kömek sorap ýüzlendi.

"Haýyş edýärin, maňa kömek ediň, gyzym hem ýadady, bu ýerde iki gezek özüni erbet duýdy. Bu ýerde onuň iýmitine gözegçilik edip bilemok, önüm ýok we bu meniň öýüm däl, şonuň üçin men oňa kadaly garap bilemok. Ol iki gezek kesel boldy, biz hemme ýerde ýüz tutduk" - diýip, Zulfiýa Kajyr aýdýar.

Zülfiýanyň gyzyna Türkmenistanda tapdyrmaýan glýutensiz iýmit gerek. Zenanyň adamsy Ahmet Sefa Stambuldan zerur önümleri iberýär. Çaga Türkiýäniň raýaty. Türkmenistanyň häkimiýetleri oňa ýurtdan gitmäge rugsat berýärler, ýöne enäniň özi ýurtdan çykyp bilmeýär.

Ahmet Sefa Türkiýäniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleri we Türkmenistanyň Ankaradaky hem-de Aşgabatdaky ilçihanalary bilen habarlaşdy, ýöne bu netije bermedi.

"Biz sud işini açdyk, Türkiýäniň Daşary işler ministrligi bilen birlikde ähli häkimiýetler bilen habarlaşdym. Biz umytsyz ýagdaýa düşýäris. Gyzym bilen hiç hili mesele ýok, olar ony goýberýärler, ol türk raýaty, ýöne men bu ýerde çaga bilen ýeke özüm näme ederin? Ony ejesinden nädip aýryp bilerler?" diýip, Zulfiýanyň adamsy aýdýar.

Azatlyk Radiosy Zulfiýa Kajyryň işi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň migrasiýa gullugy bilen habarlaşdy. Olar düşündiriş bermekden ýüz öwürdiler we zenanyň özüniň jaň etmelidigini aýtdylar.

Stambuldaky türkmen aktiwisti Zarina Ahtýamowa Zulfiýanyň sebäbi düşündirilmezden ýurtdan çykmagyna rugsat berilmedik ýeke-täk raýat däldigini belleýär.

"Belki-de olar raýatlary Türkmenistandan çykarmak islemeýärler, sebäbi biz Türkmenistanyň raýatlary, mysal üçin daşary ýurtlara gidenimizde, şu ýerde ýaşaýarys, ol ýerde bolsa heläk bolýarys. Ýurtda asla hiç zat ýok. Iş ýok, derman ýok, özümizi üpjün edip bilmeýäris. Belki, şu sebäpden Türkmenistanyň [häkimiýetleri] ýaşaýjylaryň ýutdan gitmegini islemeýändir. Biz Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna çykanymyzda gözümiz açylýar" diýip, Zarina Ahtýamowa aýtdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda iki türk raýaty Rejep Taýyp Erdogana we Serdar Berdimuhamedowa wideo arkaly ýüzlenip aýallaryny, Türkmenistanyň raýatlaryny Aşgabatdan çykarmagy haýyş etdi. Zulfiýa ýaly pasportlaryny çalyşmak üçin watanyna baran zenanlar soň ençeme wagtlap ýurtdan çykyp bilmedi.

Türkiýäniň raýatlary şonda özleriniň meňzeş ýagdaýa düşen 60 töweregi maşgalany tanaýandygyny aýdypdy.

Aprel aýynda Azatlyk Radiosy şeýle ýüzlenmeleriň birnäçesinden soň aýallaryň ýurtdan köpçülikleýin çykarylyp başlandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň migrasiýa gullugyndaky çeşme ýurtdan gitmek gadagan edilen sanawda 150 töweregi aýalyň bardygyny we olaryň 60-synyň eýýäm Türkiýä uçup bilendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России