Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Sosial ulgamlarda arzan azykly dükanlar barada wideolar köpeldi, alyjylar aldanýar

Türkmenistanda sosial ulgamlar arkaly azyk harytlarynyň reklamasy köpelýär, şol sanda "örän arzan nyrhly" harytlary hödürleýän dükanlar barada wideolar peýda bolýar. Azatlygyň habarçylary şeýle wideolar bilen gyzyklanyp, "arzan" harytlar bilen bagly ýagdaýy öwrendiler.

Häzir internet platformalarynda ýerleşdirilýän we azyk, gök-bakça önümleriniň bahalaryny gaty arzan görkezýän wideolary özlerini bloger diýip, atlandyrýan şahslar çekýärler diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

"Islendik azyk önüminiň nyrhynyň arzandygyny görkezip, bolçulyk we arzançylyk edip görkezýärler. Şeýle hem haýsy dükanda we haýsy bazarda azygy we bu gök-bakja önümlerini arzan satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar" diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Bu wideolaryň problemaly tarapy görkezilýän nyrhlar hakykata gabat gelmeýär, emma alyjylar muny diňe dükana baranlarynda bilip galýarlar.

"Adamlar bu wideolary görüp, öz golaýyndaky dükanlardaky we bazarlardaky nyrhlardan tek ýarpy bahasyndan hem arzan diýlip, görkezilen nyrhlara ynanýarlar we şol blogerleriň oýnuna girip, ara daş bolsa-da, salgy berlen dükana gidýärler. Emma agzalan dükanlara hem-de bazarlara baryp görenlerinde hiç bir zadyň arzan däldigine göz ýetirip yzlaryna elleri boş gaýdýarlar" diýip, habarçy belledi.

Wideolary gören habarçylar, hususan-da Eýrandan gelýän miweleriň reklamasynda "ýarty nyrhdan satylýar, ýetişiň" diýlip, mahabat edilýändigini gürrüň berdiler, emma alyjylaryň salgy berlen dükanlara baranlarynda agzalan harytlaryň bahasynyň 2-3 esse gymmatdygyny görendigini bellediler.

"1,5 kilogramlyk gutuda satylýan şetdaly 15 manat diýlip, wideoda görkezilen bolsa, baryp görseň 1 kilogramy 30-35 manat bahalanýar. Emma satyjylar, gelen bolsaň yzyňa boş gitme 15 manadyna biraz çekdirip alaý diýip, baran adamlaryň ýanyndaky barja pullaryny alyp galmakçy bolýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýaşaýjylar esasan eli ýuka maşgalalaryň şeýle "aldawa" düşýändigini belläp, nägile bolýarlar.

"Biz tiktokda arzan satylýar diýip, eşidip geldik, emma bizi beýdip aldamaly däldi. Biz ýol kreý çykaryp, ençeme wagty sarp edip geldik. Häzir howa-da gyzgyn, gaty ýaramaz muňa ýaşlar hem zordan çydaýar, biz ýaly gartaşan adamlara gaty agyr degýär" diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy adamlar gaty gaýgylanýar diýip belledi we şeýle wideolaryň çap edilmeginiň sebäbini anyklamaga synanyşdy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, şeýle reklamaly wideolary paýlaşýanlaryň biri özara gürrüňdeşlikde munuň özüne gazanç getirýändigini aýdypdyr.

"Häzir dükanlarda söwda ýok, şeýdip reklama edenim üçin 300 manat aldym. Onsoň, her gelen adam iň bolmanda ýekeje suw satyn alyp çykyp gitse-de dükana girdeji" diýip, reklamaly wideolaryň birini taýýarlan adam habarçymyza gürrüň berdi we ýerli häkimiýetleriň hem şeýle wideolary makullaýandygyny, sebäbi olaryň ýurtda arzançylyk barada pikir döredýändigini belledi.

"Men indiki wideomda et bahasy arzanlady diýip çekmegi planlaşdyrýaryn. Häzir et dükanlara aýlanyp, 4-5 kilogram et berseňiz reklama edip berjek diýärin, ýöne beýle dükan entek tapamok" diýip, arzan nyrhly wideo taýýarlaýandygyny aýdýan ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda uzaga çeken azyk krizisinde ilat köpçüligi arzan bahaly azyk önümlerini satyn almaga synanyşýar. Esasan döwlet dükanlarynda satylýan arzanladylan azyk önümleriniň hili köplenç örän pes bolup, käte hatda iýmite ýaramaýar. Emma şeýle harytlary satyn almak üçin türkmenistanlylar uly nobatlarda durmaly bolýarlar.

Türkmen hökümeti 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri dowam edýän azyk, şol sanda un we çörek gytçylygyny resmi çykyşlarda agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России