Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Ýewropa barmak isleýän türkmenistanlylaryň arasynda Rumyniýanyň wizasyna isleg artýar

Ýewropa ýurtlaryna barmak isleýän türkmenistanlylaryň arasynda şengen we milli wizalary alyp bermäge kömek hödürleýän araçylara ýüz tutýan halatlary seýrek däl. Häzirki wagtda şeýle "araçylar" birnäçe ýewropa ýurdunyň ilçihanalarynyň üsti bilen wizalary 1500-2000 ýewro möçberli töleg bilen "bökdençsiz" alyp bolýandygyny öňe sürýärler.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylar, ÝB döwletleriniň Türkmenistandaky ilçihanalarynda işleýän işgärler bilen özleriniň ilteşiklidigini aýdyp, resmi däl ýollar bilen wiza almakda araçylygy hödürleýän adamlaryň bardygyny gürrüň berdiler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy özlerini araçylar diýip, tanadan şahslaryň telefon belgilelerine jaň edip, hödürlenýän "hyzmatlaryň" käbir detallaryny anyklady.

Azatlyga elýeterli bolan telefon belgileriň birinde jogap beren adam özüni Hemra diýip tanatdy ol habarçymyz bilen telegram arkaly gürrüňdeşlikde özüniň Rumyniýanyň ilçihanasynda işleýän adamlar bilen “işleşýändigini” aýtdy.

“1500 ýewro bilen mesele çözülýär. Göze-başa düşmez ýaly iki hepde garaşmaly bolarsyň, şengen wizany özüm eltip berýän” diýip, özüni araçy diýip tanyşdyran adam habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Hemranyň hyzmatlaryndan peýdalanan türkmenistanly migrantlar özlerinden soralan tölegiň 2000 ýewrodygyny gürrüň berdiler.

“Awgustyň ahyryna çenli konsul iş ýerinde bolmasa-da, araçy wizany oňaryp berýär. Emma indi onuň bahasy 2000 ýewro çenli gymmatlady. Biz Ýewropada bu puly toplamak üçin azyndan 2-3 aý işlemeli bolýarys, emma bular oturan ýerinde şeýle pul alýarlar" diýip, türkmen migranty aýdýar.

Azatlyk Radiosy Rumyniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň we konsulhanasynyň resmilerinden bu ýagdaý barada teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň çäginde ÝB-ne agza döwletlerden Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň ilçihanalary işleýär.

Habarçylar şengen wizasyny almak isleýän türkmen raýatlaryň bu ýurtlaryň üçüsiniň Aşgabatdaky konsulhanalaryna ýüzlenip bilýändigini belläp, Fransiýanyň ilçihanasy Türkmenistanyň çäginde wiza hyzmatyny amala aşyrmaýar, bu ýurda gitmek üçin Italiýanyň ilçihanasyna ýüz tutmaly diýýärler.

Wiza nobatynda orun 'hödürlenýär'Soňky wagtda ýewropa ýurtlaryna barmak isleýän türkmen raýatlary Rumyniýany saýlaýarlar. Ýewropada wagtlaýyn ýaşaýan we zähmet çekýän türkmen migrantlarynyň sözlerine görä, olar şengen wizalaryny “kynçylyksyz” almak üçin Rumyniýanyň ilçihanasyna ýüz tutmaga isleg bidirýärler.

“Aşgabatdaky rumyn ilçihanasyndaky ýagdaýyň Russiýanyň ilçihanasyndan üýtgeşik ýeri ýok diýen ýaly. Wiza gerekli resminamalaryňy tabşyrmak üçin nobatlary 300 ýewro satyn alyp bolýar. Italiýa we Germaniýa ýaly ýurtlardan wiza almak türkmenistanlylar üçin mümkin däl diýen ýaly” diýip, nobata durmak üçin para berip, ýaňy-ýakynda wiza almagy başaran türkmenistanly gürrüň berdi.

Araçylar käbir ýurtlara wiza almakda kömek hödürleýän bolsalar, beýlekilerine wiza almak üçin nobata salmak ýaly hyzmatlary hödürleýärler.

Şeýle-de, çeşmeler para bermek islemeýän ýa-da para bermek üçin maddy mümkinçiligi bolmadyk raýatlar, Wengriýa, Latwiýa we Litwa ýaly ýurtlaryň Özbegistandaky ilçihanalaryna ýüz tutýandygyny habar berýärler. Polşa gitmek isleýän türkmen raýatlary bolsa, bu ýurduň Azerbaýjandaky ilçihana ýüzlenýärler.

Polşadaky wiza dawasyGündogar Ýewropa ýurtlaryndan biri bolan Polşada 2018-2024-nji ýyllar aralygynda 350 müňe golaý wizanyň Afrika we Aziýa ýurtlarynyň raýatlaryna resmi däl ýoldan berilmeginiň üsti açylyp, 2024-nji ýylda “wiza skandaly”ýüze çykypdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmen syýahatçylyk guramasynyň wekili Türkmenistandan Polşa işçi getirmek bilen meşgullanýandygyny, emma şol dawadan soň Polşanyň wizasyny goşmaça töleg bilen resmi däl görnüşde alyp bolmaýandygyny gürrüň berdi.

“Biziň öň Azerbaýjandaky ilçihanasynda tanyşymyz bardy şonuň üsti bilen wizany satyn alyp bolýardy. Indi bu mümkin däl” diýip türkmenistanly aýdýar.

Özlerini "araçylar" edip görkezýänlere ýüzlenýän türkmenistanlylar pasportyny täzelemekde, wiza almakda we beýleki zerur dokumentlerini sazlamakda kynçylyk çekýän raýatlar. Olaryň arasynda zähmet migrasiýasyna gidip gazanç etmek üçin soňky emlägini satan, ýa-da karz alyp, agyr bergä girýän raýatlar az däl.

Emma araçylyk hyzmatlaryny hödürleýänleriň arasynda türkmenistanlylaryň puluny alyp, ýitirim bolýan hilegärler hem az däl. Azatlygyň habarçylary şu ýylyň başyndan bäri hilegärleriň aldawyna düşen türkmenistanlylaryň ençemesi barada habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России