Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenabadyň deslapky tussaghanasynda alakgalar tussaglary dişleýär

Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň deslapky tussaghanasynda saklanýan bendiler aýylganç şertleriň pidasy bolup, alakalaryň tussaglary dişlemegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.

Tussaglygy başdan geçiren lebaplylar bilen gürrüňdeş bolan habarçymyzyň sözlerine görä, deslapky tussaghanada alakalar örän köp bolup, gabawda oturan adamlar üçin howply ýagdaý döredýärler.

“Kamerada çyralar oçürilmese-de, alakalar bu deşikden başga deşige girip-çykyp aýlanyşyp ýörler. Sakçylar bolsa: 'Gije aýalyňyzyň ornuny tutar' diýip, gülüşýärler" diýip, öňki tussag gürrüň berdi.

Çeşmeleriň ýene biri öňki bendiniň başdan geçiren ýagdaýy barada gürrüň berdi.

"Tagtdan ýasalan poluň ýüzünde içi suwdan doldurylan plastik gaplary ýassyk hökmünde ulanyp uklap ýatyrdym, gulagymy bir zat gätdi welin, agyrysyna ýaňa gygyryp oýandym. Gulagymyň aşagynda oturan uly alakanyň tizden deşige çümüp gidenini görüp ýetişdim. Gulagym ganaýardy. Sakçylar maňa ýodyň spirt erginini berdiler we: 'Gaýrat edip hiç kime aýdaýma' diýip, ýalbardylar” diýip, çeşme bendiniň başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler alakalaryň dişlemegi zerarly medisina kömegine mätäç adamlara hassahanalarda zerur kömek berilmeýär diýýärler.

“Inim, deslapky tussaghanada bolan ýagdaý diýip, aýtsaň polisiýa bilen problema dörär. Ondan başga-da sen dessine ýarany dezinfeksiýa edipsiň, eger-de zäherlenen bolsaň bu wagta çenli saňa bir zatlar bolardy” diýip, öňki bendi tussaglykdan soň medisina kömegini aljak bolanda lukmanyň özüne aýdan sözlerini sitirledi.

Tükmenabadyň deslapky tussaghanasynda alakalardan köpdügini şäher polisiýasyndaky çeşme hem tassykady.

“Deslapky tussaghanada adatça tiz-tizden mör-möjeklere garşy dezinfeksiýa edilýär. Emma alaka problemasy ýakynda ýüze çykyp başlady. Ençeme ýyllardan bäri alaka garşy dezinfeksiýa edilmän gelýär. IWS-iň kameralary öz gezeginde elmydama adamlardan doly. Adamlar bar wagty alaka garşy dezinfeksiýa geçirip bolmaýar” diýip, polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Polisiýadaky çeşmeleriň sözlerine görä, deslapky tussaghanada dezinfeksiýa arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin, wagtlaýyn tussaglykda saklanýan adamlary “Abdyşükür” türmesine geçirmek hem teklip edilipdir, emma ýolbaşçylar bu teklibi kabul etmändir.

Azatlyk Radiosy alakanyň dişlemeginiň adamyň saglygyna döredip bilýän täsirleri barada lukmanlardan maglumat sorady. Lebaply lukmanlaryň biri şeýle düşündiriş berdi:

“Alaka dişlese adam Sodoku, Stolbnýak, Leptospiroz, Sepsiz we guduzlama ýaly keseller bilen keselläp bilýär. Keseliň görnüşine baglylykda wagtynda lukmana ýüz tutulmadyk ýagdaýlaryň 5 we 50% aralygynda adamy ölüme eltip bilýär” diýip, lukman aýtdy.

Türkmenistanyň türmeleri bendileriň saklanýan şertleri boýunça iň ýaramazlaryň hatarynda agzalýar.

"World Prison Brief" guramasynyň ýyllyk hasabatlarynda türmelerde saklanýan bendileriň köplügi boýunça Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda birinji üçlükde agzalýar. Türmeler boýunça bu bütindünýä hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň ilatynyň her 100 000 adamyna 576 tussag düşýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň türmelerinde saklanýan bendileriň anyk sanyny äşgär etmeýär.

Şeýle-de, halkara guramalarynyň adam hukuklary boýunça hasabatlarynda türkmen türmelerinde tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi, olara adamkärçiliksiz çemeleşilýändigi, adamlaryň janyna howp salýan aýylganç türme şertlerindesaklanýandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России