Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Medeniýet işgärlerine Garaşsyzlyk baýramyna çenli horlanmak tabşyryldy

Balkan sebitiniň medeniýet işgärleriniň 27-nji sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramyna çenli öz synalaryna seredip, gelşikli, göze gelüwli bolmaklary talap edilýär diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berýär.
Dilden berlen duýduryşa görä, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň aktýorlary, Balkan sebitiniň beýleki medeniýet öýleriniň işgärleri, tanymal bagşylar, aýdymçylar gysga wagtda horlanyp, garynlaryny aýyrmasalar, olaryň medeniýet ulgamyndan ‘çykarylyp kowulmagy’ mümkin.
“Arkadagyň talaby we dilden beren tabşyrygy esasynda, garny bar, semiz medeniýet işgärlerine 27-nji sentýabra, Garaşsyzlyk gününe çenli horlanyp, garynlaryny aýyrmagy tabşyrdylar. Eger-de horlanmasalar, [olaryň] medeniýet sistemasyndan kowuljakdygy dilden, berk duýduryldy” diýip, çeşme aýtdy.
"Semizligini düzetmedik' sahna goýberilmezOnuň sözlerine görä, at gazanan ýa halk artisti derejeleri bolan medeniýet işgärleri, eger-de garynlary uly bolsa, ‘semizligin’ düzetmese’, sahna we telewideniýä çykmasyz edildi.




Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, propaganda çärelerine gatnaşdyrylýan medeniýet işgärleriniň semiz ýa garynlak bolmazlygy baradaky mesele öňräkden bäri gozgalyp gelinýär we bu ýurtda öňe sürülýän sagdyn durmuş ýörelgeleri, sport bilen meşgullanmak we dogry naharlanmak barada edilýän wagyzlar bilen bagly.
Şeýle-de, ol Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa hut şu mesele, semiz medeniýet işgärleri we tanymal artistler sebäpli käýinç berlendigini öňe sürdi.
Emma Şamyradowa 2021-nji ýylda berlen käýinç, resmi metbugatda aýdylmagyna görä, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýlip, sebäbi anyklaşdyrylman berildi.
Şonda ministre ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada soňky gezek duýdurylýandygy hem aýdylypdy.
Medeniýet işgärleri berhiz tutýarlar
Balkan welaýatynda özüni semiz hasaplaýan medeniýet işgärleri, hökümetçi aýdymçylar, gazalçylar, sport we dietolog maslahatlaryny alyp, berhiz tutmaga mejbur bolýar diýip, Azatlyga gowşan maglumatda aýdylýar.
“Arkadagyň bir goşulmadygy biziň garnymyzdy, muňa-da goşuldy” diýip, Balkanabatdaky ak 500 orunlyk döwlet drama teatrynyň bir hünärmeni Azatlyga aýtdy.
“Alýan aýlygymyz sportzal tölegine ýetmeýär. Dietaly nahar iýmek üçin gök, bakja önümlerini, gara çörek satyn almaly, çylka, ýagsyz et almak hem gaty gymmat düşýär. Dünýe standartynda figura talap etjek bolsa, dünýe standartda aýlyk bersin. Onsuzam her çärä täze köýnek satyn alyp, gazananymyz bezenenimize ýetmeýär” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň sözlerine görä, diňe medeniýet işgärleriniň däl, köp adamyň alýan aýlygy az we oňa sagdyn, göwün islegine görä naharlanmak mümkin däl.
“Sagdyn naharlanyp bilmese, puly diňe drožly çörek iýmäge ýetse, adamyň garny ulalýar. Arzan garmona ýetişen towuk budy hem semizlige sebäp bolýar. Gaýnadylan göle eti, brokolli kelemi ýaly zatlaryň bahasy keýik şahynda, apelsiniň 1 kilogarmy 60 manat, ýaşyl alma 50 manat, 1 aý sportzal 1000 manat, 3 müň manat aýlygy bu zatlara nädip ýetirip bolýar?” diýip, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan balkanly hünärmen aýtdy.


Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde semizlik - arryk dällik, artyk etli-ganlylyk, ýaglylyk, çişiklik, ýogynlyk sözleri bilen düşündirilýär. Saglyk.org neşirinde pikirini aýdan okyjy Päkize Ýomudowanyň pikiriçe, türkmen jemgyýetinde semizlige adaty zat hökmünde garalýar we bu düşünje öňki döwürlerde daýaw we semiz adamlara oňyn gözden garalmagy bilen bagly.
Semizlik adamlaryň maliýe ýagdaýy bilen baglymy?Şeýle-de, ol semiz adamlaryň sanynyň artmagyny milli tagamlar, agyr iýmitler bilen baglanyşdyrýar we Türkmenistanda diňe ulularyň däl, çagalaryň hem 10-dan 1-iniň semizdigini belleýär.
2021-nji ýylda, medeniýet ministrine käýinç berlen ýylynda çap edilen pikirde semizlige ykdysady ýagdaýlaryň hem sebäp bolýandygy, maliýe ýagdaýy peselen adamlaryň organiki önümleri satyn almak mümkinçilikleriniň peselendigi aýdylýar.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, 2023-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasy bilen bilelikde geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, goňşy Özbegistanda 18 ýaşdan 64 ýaşa çenli aralykdaky adamlaryň deň ýarysynda semizligiň – artykmaç agramyň bardygy belli boldy.
Türkmenistanda adamlaryň artykmaç agramy barada statistika maglumatlary çap edilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России