Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Babadaýhanda we Tejende azyk dükanlarynda talaňçylyk köpeldi

Tejeniň we Babadaýhanyň azyk dükanlarynda gysga wagtda birnäçe ogurlyk hadysasy ýüze çykdy. Ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, esasan et satýan dükanlar talanýar.

Ahal welaýatynyň Tejen we Babadaýhan etraplarynda soňky günlerde et dükanlary talanýar we mal ogurlygy köpelýär diýip, ýerli çeşmeler 19-njy awgustda habar berdi.

Et önümlerini satýan dükanlaryň talanmagyna degişli ýagdaýlaryň birnäçesinde dükanlaryň wideo ýazgy edýän kameralarynyň tok simleri kesilipdir we içindäki önümleri ogurlanypdyr.

"Häzir polisiýa işgärleri gije ýatman et dükanlaryna nobatçylyk çekmek işlerine gatnaşýarlar" diýip çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Başga bir çeşme ogurlygy amala aşyrýan toparyň birmeňzeş hereket edýändigini aýdýar: "Ogurlyga gelen adamlaryň ýüzlerinde towşanjyk we möjek ýaly çagalaryň täze ýyl baýramlarynda geýýän ýüz maskalary bar. Olary häzirlikçe ele salyp bilmedik" diýip, jenaýat agtaryş polisiýa bölümine ýakyn çeşme aýdýar.

Şol bir wagtda et dükan eýeleri öz dükanlarynyň içinde galyp, gözegçilik etmäge özleriniň gorkýandyklaryny aýdýarlar.

"Soňky wagtda öňküleri ýaly et geçenok. Biz öňler 1-2 janly soýardyk we ählisini satardyk, häzir et gymmat bolany sebäpli 1 janly soýsak onuň etini satmak üçin 3-4 gün gerek bolýar. Indi biz dükanlarymyzda gije garawul galmana gorkup başladyk, gelýän ogry ol başyny etegine salyp gelýär we niýeti et alyp çykmak bolsa, girse güýç görkezmekden hem gaýtmaz. Biz olara güýç görkezip, bolmasyz bir iş bolaýsa, onda bizi 25 ýyl türmä basyp bilýärler, eger-de ogurlyga gelenleriň güýji meniňkiden artyk bolsa onda meni urup ýatyrarlar" diýip, tejenli dükançy aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar soňky hepdelerde diri mal ogurlygynyň hem köpelendigini gürrüň berýärler.

Polisiýa bölüminde hasaba alnan azyndan üç ýagdaýyň birinde kanun goraýjy işgäriň malyny ogurlan ýetginjekler saklanypdyr. Olar maly soýup, etini bişirip, paýlaşan gowurdagy öz maşgalalaryna eltip, iýmekde aýyplanýarlar. Bu ýagdaý barada habar beren çeşmeler polisiýanyň dükanlardaky et ogurlygynda hem ýetginjekleri aýyplamaga synanyşýandygyny gürrüň berdiler.

"Bulara häzir urup-sögüp, 'dükanlara-da siz girdiňiz' diýip, ol et dükanlarynda edilen ogurlygyň üstüni açyp bilmän, çagalaryň boýnuna goýup işi ýapjak bolýarlar. Emma olaryň tussaglyk astynda saklanýan wagtynda ogurlyklar dowam edýär. Dek düýn ýene iki sany et dükanyna ogry girdi" diýip, çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler ogurlyk hadysalarynyň köpelip barýandygyny, etiň we beýleki azyk önümleriniň gymmatlamagynyň ilat köpçüliginiň iýmitlenmek aladasyny artdyrýandygyny belleýärler.

"Etiň bahasy halka elýeterli bolar ýa-da diňe dükanlarda däl, eýsem gaplardaky mallary hem gije ýatman garawullamaly bolar. Adamlar çagasynyň hojalygynyň iýjek çöregini ogurlap türmä düşýär" diýip, polisiýa işgäri aýdýar.

Türkmen hökümeti tarapyndan boýun alynmaýan we açyk gozgalmaýan sosial-ykdysady kynçylyklaryň arasynda soňky ýyllarda dükanlarda azyk önümleriniň ogurlanmagy bilen bagly ýagdaýlar barada ýygy-ýygydan habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России