Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Russiýada Merkezi Aziýanyň raýatlary yzarlanýar, aeroportda gabalýar

Merkezi Aziýaly migrantlar Russiýada täze yzarlamalara sezewar bolýarlar, olar ýurda girmek gadagançylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar, deportasiýa edilýär. Moskwa ýurtdan çykarylanlaryň sanynyň 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterim ýokarlanandygyny aýdýar.

Täjigistanly onlarça migrant Russiýanyň häkimiýetleriniň olary bir hepdeden gowrak wagt bäri Moskwanyň Žukowskiý howa menzilinde saklandygyny aýtdy.

Migrantlaryň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna iberen wideolarynda demir krowatly bir otagda onlarça adamyň bardygy görkezilýär. Bu ýerdäki şertler türmä meňzeýär.

Otagda penjireler we kondisioner ýok. Adamlar krowatlarda ýa-da beton polda ýatyrlar, käbirlerine oturmaga ýeterlik ýer ýok. Zibil gutusy arzan azyk önümleriň boş gaplaryndan doly.

Wideodaky adamlaryň biri: "Men bu ýerde 10 gün boldum. Bize günde bir gezek gurak aş görnüşli taýýar azygy berýärler" - diýdi. Ol otagda 75 töweregi adamyň bardygyny hem sözüniň üstüne goşup: "Aramyzda ýürek keseli bir adam bar" diýdi.

"Biz [Russiýanyň häkimiýetlerine] Täjigistana bilet satyn almak isleýändigimizi aýtdyk, ýöne olar bizi şu ýerde saklaýarlar, goýbermeýärler, öýe gitmäge rugsat bermeýärler" - diýip, başga bir adam aýtdy.

Täjigistanyň raýatlary Russiýanyň sudy olary deportasiýa etmek kararyna gelensoň, howa menziline äkidildi. Rus häkimiýetleri migrantlaryň howa menzilinde saklanmagynyň sebäpleri barada düşündiriş bermedi.

Merkezi Aziýaly beýleki köp sanly migrant şuňa meňzeş problemalara duçar bolýandygyny habar berdi. Olar özleriniň Russiýa girmeginden ýüz öwrülmeginiň we deportasiýa edilmeginiň täze tolkuny bilen ýüzbe-ýüz bolandyklaryny aýdýarlar.

Russiýanyň Içeri işler ministrligi 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda migrasiýa düzgünlerini bozmakda günäkärlenýän daşary ýurtlularyň 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17 göterim köp bolup, deportasiýa edilendigini mälim etdi.

Şeýle hem ministrlik daşary ýurt raýatlaryna berlen ýaşamak üçin rugsatnamalaryň şu ýyl 30 göterimden gowrak azalandygyny aýtdy.

Içeri işler ministrligi bu ýagdaýyň haýsy ýurtlara degişlidigini aýtmady. Şeýle-de bolsa, 2024-nji ýylyň mart aýynda Moskwanyň golaýyndaky "Krokus" konsert zalynda bolan ganly terrorçylykly hüjümden soň Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary Russiýada polisiýanyň reýdlerine, deportasiýa we sütemlere sezewar boldular.

Konsert zalyna edilen we 150 töweregi adamyň ölmegine sebäp bolan şol hüjümde esasan Täjigistanyň raýatlary günälendi.

Bu hüjüm migrantlara garşy kampaniýany tutaşdyrdy: on müňlerçe Merkezi Aziýaly deportasiýa edildi ýa-da olara Russiýa girmek gadagan edildi. Köpler milletparaz hüjümler barada habar berdiler.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş sebitinden bir aýal polisiýa işgärleriniň 1-nji awgustda özüni Žukowskiý howa menzilindäki köp adamly otagda 24 sagatlap saklan wagtynda sögüp, kemsidendigini “Migrant Media” proýektine gürrüň berdi.

Adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen gepleşen bu aýal, özüniň we Oşdan Moskwa gelen beýleki birnäçe ýolagçynyň baran badyna sorag edişlige çekilendigini aýtdy.

Hijap dakynýan aýal, polisiýa işgärleriniň özünden näme üçin hijap atynýandygyny sorandygyny we ony telefonda ekstremist mazmunly maglumatlary görmekde günäkärlemäge synanyşandygyny aýtdy.

"Olar bizi penjiresiz dymyk otagda gulpladylar. Ol ýerde birnäçe demir krowat bardy. Bize diňe möhleti geçen 'Rollton' gurak aşy bilen iýmitlendirdiler" - diýip zenan gürrüň berdi. "Bir gyz özüni erbet duýdy, biz gapyny kakdyk. Bir ofiser gapyny açanda, tiz kömek çagyrmagy soradyk. Ol polisiýa eşikli we eli elektroşokerli bir adamy çagyryp getirdi."

Aýal maşgala polisiýa işgäriniň elektroşokeri ulanmandygyny, ýöne onuň özüni we beýleki migrantlary gorkuzmak üçin ulanandygyny aýtdy.

Gyrgyz aýalynyň sözlerine görä, ol ertesi gün hiç hili düşündiriş berilmezden, deportasiýa edilipdir.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary soňky ýylyň dowamynda raýatlarynyň Russiýanyň howa menzillerinde saklanmagyna alada bildirip, birnäçe beýannama ýaýratdylar, ýöne çäre görmediler.

Russiýada Merkezi Aziýadan millionlarça işçi migranty bar. Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda köp maşgala daşary ýurtlara işlemäge giden garyndaşlarynyň iberýän pullaryna garaşly bolýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России