Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Arkadag şäherindäki köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna gündizlerine suw çykmaýar – ýaşaýjylar

Arkadag şäherinde käbir köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň birnäçe ýaşaýjysy gündizlerine öz kwartiralaryna hojalyk suwlarynyň çykmaýandygyny aýdýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri gürrüň berýär.

“Bize ýerli häkimiýetlere resmi görnüşde arz-şikaýat bildirmek gadagan. Sebäbi, şeýle şikaýatlar prezidente we hökümete garşy gitmek bilen deň-derejede hasaplanýar” diýip, döwlet ähmiýetli şäher yglan edilen sebitiň birnäçe ýaşaýjysy aýdýar.

“Biz Suw üpjünçilik edarasynyň, güýç edaralarynyň, şol sanda prokuratura işgärleriniň, galyberse-de, kazyýetiň, umuman, Türkmenistanyň prezidentiň wezipä belleýän emeldarlarynyň üstünden arz edip bilmeýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Suwsuzlyk gündelik durmuşy bökdeýärTäze şäheriň ýaşaýjylary ýokarky gatlara agyz suwunyň hem-de hojalyk suwlarynyň çykmaýandygyny nygtap, diňe ýarygijeden soň özleriniň suwdan peýdalanyp bilýändiklerini aýdýarlar.

Bir ýaşaýjy haçan aşaky gatlardaky ýaşaýjylar suw sarp etmegi bes edenlerinde hojalyk suwlarynyň ýokarky gatlara çykyp başlaýandygyny aýdýar.

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan ikinji ýaşaýjy özüniň kir ýuwýan maşynlaryny diňe gije ýarymdan soň işledip bilýändigini aýdýar.

“Ýokarky gatlardaky ýaşaýjylar agşam çagy işden ýa-da okuwdan ýadap öýlerine dolanyp gelenlerinde arkaýyn ýuwnup, suwa düşüp bilmeýärler. Olar haçan aşaky gatlardaky goňşular uklap, suwdan peýdalanmagy bes edenlerinde ýuwnup, ardynyp, suwa düşüp bilýärler” diýip, arkadagly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri täze şäheriň ýaşaýjylarynyň öz aralarynda, hususan-da dogan-garyndaşlar, dostlar we tanyşlar bolup şeýle şikaýatlary ýuwaşlyk bilen pyşyrdyly häsiýetde dile getirýändiklerini, ýöne resmi görnüşde arz-şikaýat bildirip bilmeýändiklerini gürrüň berýär.

"Döwlet ähmiýetli şäher"Arkadag şäheriniň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi, üç ýyl soň, 2022-nji ýylyň aprelinde Arkadag şäher häkimligi esaslandyryldy, şol ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Änew şäherinden Arkadag şäherine geçirildi. Ol 2023-nji ýylyň martynda ýörite kanunçylyk namasy bilen “döwlet ähmiýetli şäher” yglan edildi.

Arkadag şäheri eks-prezident, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 66 ýaş doglan gününde, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly ýagdaýda açyldy, ýöne häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär.

Döwlet telewideniýesine görä, Berdimuhamedow şäherde alnyp barylýan işleri hut öz şahsy gözegçiliginiň astynda saklaýar.

Tarp ýerde bina edilen ilatly sebitde bolup geçýän ähli wakalar, tamamlanýan gurluşyklar, açylyp ulanylmaga berilýän, ýa-da düýbi tutulýan desgalar döwlet mediasynda ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň iň möhüm wakalarynyň biri hökmünde şöhlelendirilýär.

Ilat we jaý üpjünçiligiResmi maglumatlara görä, şäher 70 müň ýaşaýja niýetlenipdir. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijelerine görä, şol wagt entek açylmadyk şäheriň 567 ýaşaýjysy bar ekeni. Ýöne Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we habarçylary takmynan iki ýyl ozal aşgabatly telekeçilerden Arkadag şäherinden jaý satyn almagyň talap edilendigini habar berdiler. Şonda bu şäherdäki iň arzan kottežleriň 1 million dollardan, dört otagly kwartiralaryň 350 müň dollardan satylandygy habar berildi.

Şu ýylyň ýanwarynda Azatlygyň habarçylary bu şäherde işleýän adamlara ipoteka esasynda şäherdäki jaýlardan satyn almagyň häkimiýetlerden tarapyndan maslahat berlendigini habar berdiler. Şonda işgärlere edilen teklipde 20 ýyllyk ipoteka jaýynyň ilkibada geçirilmeli töleginiň, öýüň ululygyna görä, 75-80 müň manat aralygynda kesgitlenendigi mälim boldy. Şeýle-de, ipotekaçylara ilkinji bäş ýylyň dowamynda her aýda 500 manat, bäş ýyldan soň her aýda 1800 manat tölemegiň soralandygy aýdyldy.

Şonda şäherde işleýän býujet işgärleri özleriniň aýlyk haklarynyň 500-2500 manat aralygyndadygyna ünsi çekip, ýeňillikli ipoteka esasynda satylýandygy aýdylýan jaýlaryň tölegleriniň öz aýlyk girdejilerine gabat gelmeýändigini aýdypdylar.

Azatlygyň çeşmeleri şu ýylyň iýul aýynyň başlarynda “döwlet ähmiýetli” şäherden jaý satyn alýan adamlaryň milletiniň türkmen bolmagynyň “ýokardan tabşyryk esasynda” talap edilendigini habar berdiler.

'Geň tötänlik'Şäheriň häzirki ilat sany barada anyk maglumat ýok, ýöne hökümetçi neşirlere, görä, soňky iki ýyl bäri, yzly-yzyna her ýyl Türkmenistanda täze ýyla geçilende dünýä inýän çagalar, geň tötänlik esasynda, Arkadag şäherinde dünýä inýär.

Ýatlasak, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň ilkinji bäbegi Arkadag şäherinde dünýä inipdi, çagajyga Arkadag diýip at dakyldy. Şondan bir ýyl soňra, 2025-nji ýyla geçilende, geň tötänlik, hökümetçi neşirlere görä, ýurtda ilkinji bäbek ýene-de Arkadag şäherinde dünýä indi.

“Köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryndaky ýaşaýjylar hojalyk we agyz suwlaryna zar. Bu şäher Berdimuhamedowyň hut şahsy gözegçiligi astynda saklanýar. Ýöne şäher barada aýdylýan ajaýyp sözler, onuň akyl şäher atlandyrylmagy we beýleki ýagdaýlar ýokarky gatlaryň ýaşaýjylarynyň suw ýetmezçiligini ýaşyryp bilmeýär” diýip, arkadagly ýaşaýjy aýdýar.

“Biz şeýle problemalary özümiz dillendirip bilemizok, Azatlyk Radiosynda eşitdirip berseňiz göwnejaý bolardy” diýip, ol pyşyrdap, sözüniň üstüni ýetirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России