Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balkanda Halk Maslahatyna gatnaşjak müňe golaý raýat uçdantutma saglyk barlagyndan geçirilýär

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin saýlanyp alnan balkanly ýaşaýjylary uçdantutma berk saglyk barlaglaryndan geçirip başladylar. Barlaglar zerarly sebitiň saglyk öýleriniň we hassahanalarynyň birnäçesi adaty näsaglaryň aglabasyny kabul etmegi wagtlaýyn bes etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Welaýat boýunça 1 müňe golaý adam Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmaly edildi. Olaryň arasynda deputatlar, aksakgal ýaşulular, medeniýet işgärleri we talyplar bolup, olar berk görnüşde saglyk barlaglaryndan geçirilip başlandy” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly medeniýet işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmen mediasy tarapyndan halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy atlandyrylýan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň sentýabr aýynyň 19-nda Aşgabat şäherinde geçirilmegine garaşylýar.
“Paýtagta gitmeli edilen gatnaşyjylar häzir saglyk öýlerinde, Balkanabat welaýat hassahanasynda, sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynda, SPID/WIÇ merkezinde saglyk barlaglaryndan geçirilýär.
Şeýle-de, olardan inçekeseller merkezinde gepatit ýokançlygy boýunça barlaglardan geçmek talap edilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Çuňňur saglyk barlaglaryBu barlaglar zerarly sebitiň saglyk öýleriniň we hassahanalarynyň birnäçesinde häzir saglyk barlagyndan geçýän gatnaşyjylaryň we adaty näsaglaryň sany juda köp. Balkanabatly lukmanlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu saglyk edaralary adaty näsaglaryň aglabasyny wagtlaýyn kabul etmeýärler.
“Aşgabada gitmeli adamlardan ýaňa ýönekeý halkyň saglygyna seretmäge wagt ýok. Häzir 1-nji 2-nji saglyk öýleri, şeýle-de Balkanabat welaýat hassahanasyna ýüz tutýan näsag raýatlar kabul edilmeýär. Sebäbi lukmanlar şu hepde Aşgabada ugradylmaly Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryň saglyk barlaglaryny geçirmek bilen başagaý” diýip, ýagdaýlardan habarly saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Saglyk işgärleriniň tassyklamagyna görä, häkimiýetler Halk Maslahatyna gatnaşyjylary, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, şu ýyl has-da çuňňur saglyk barlagyndan geçirmegi talap edýärler.
"Näsazlyk çyksa, siz üçin gowy bolmaz"“Içgin analizler alynýar, adamlar berk barlanýar. Giden kagyzlary doldurmaly. Gatnaşyjynyň saglyk kepilnamasynyň bir nusgasyny prezidentiň howpsuzlygyna gözegçilik edara, ýene bir nusgasyny Halk Maslahatynyň geçirilýän mejlisler zalyna, ýene-de bir nusgasyny ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tabşyrmaly. Giden býuroktratik alada” diýip, balkanabatly lukman soňy bilen gatnaşyjynyň saglyk kepilnamanasynda näsazlyk çykan ýagdaýynda “özleri üçin gowy bolmajakdygynyň” duýdurylandygyny hem aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada welaýat häkimliginden, agzalan saglyk edaralaryndan we ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden teswir alyp bilmedi.
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda döredilen Halk Maslahatynyň her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän mejlisine ýurduň ähli welaýatlaryndan müňlerçe adam gatnaşdyrylýar we adatça olar häkimiýetler tarapyndan saýlanyp seçilip alynýar.
"Göz üçin geçirilýän görkezme mejlis"Türkmenistanyň häkimiýetleri we resmi media serişdeleri bu guramanyň “ýaşulularyň danalylygynyň ýaşlara ýol görkeziji bolup çykyş edýän, nesilleriň dowamlylygyny üpjün edýän we milli jebisligi pugtalandyrýan gepleşik meýdançasy” bolup hyzmat edýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, onuň mejlislerinde raýatlaryň ýaşaýyş derejesini “ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütleriň” kabul edilýändigi hem nygtalýar.
Emma gatnaşyjylaryň we türkmenistanlylaryň ençemesi muny Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we onuň maşgalasynyň “eýýäm kabul edip goýan kararlaryny, ähli sözlerini el çarpyp, biragyzdan makullamak we göz üçin geçirilýän görkezme mejlis” atlandyrýar.
“Bu ýygnak il arasynda Halk Maslahaty däl-de, Halk Masgarasy atlandyrylýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
20-nji awgustda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi we onda edaranyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Muňa garamazdan, häkimiýetler we resmi media Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň güntertibi barada ilat köpçüligine aç-açan maglumat bermän gelýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России