Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Mejbury zähmetden 'basylan' saglyk işgärleri 'köpçülikleýin işden çykýar'

Türkmenistanda dowam edýän pagta ýygymynyň fonunda, Lebap welaýatynyň etrap hem-de şäher saglyk öýlerinde işleýän şepagat uýalary we lukmanlar köpçülikleýin işden çykýar diýip, sebit wakalaryny ýakyndan öwrenýän habarçymyz öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Işden çykýan saglyk işgärleri özleriniň ýyllar boýy dowam edýän mejbury zähmetden, öz işlerini goýup, oba hojalyk işlerine, pagta ýygymyna gatnaşmakdan halys bizar bolandyklaryny aýdýarlar.
Şol bir wagtda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat bölümi, welaýatyň çägindäki saglyk öýleriniň we hassahanalaryň şepagat uýalary üçin, duýdansyz ýagdaýda, öňünden aýtmazdan synag geçirýär diýip, saglyk ulgamyndaky çeşmeler habar berýärler.
“Türkmenabatda şäher saglyk öýleriniň medsestralarynyň 60% -den gowragy işini taşlady. Olaryň hemmesi pagta ýygmaga mejbur edilmeginden ýadan adamlar” diýip, şäheriň saglyk edaralarynyň birinde işleýän çeşme aýtdy.
Saglyk hünärmenleri 'krizisi çuňlaşýar'Bu ýagdaý saglyk öýlerindäki tejribeli, işini gowy bilýän işgärleriň ýetmezçiligi bilen bagly meseläni öňküsinden hem çylşyrymlaşdyrýar


Saýglyk öýüniň işgärleriniň tassyklamagyna görä, Türkmenabat şäheriniň çäginde ýerleşýän saglyk öýleriniň azyndan bäşisinde maşgala şepagat uýalary ýetmeýär.
“Biziň başlyk öz etrapdaşlaryny we kowum-garyndaşlarynyň baryny işe ýerleşdirdi. Emma olaryň ählisi diýen ýaly öz işini taşlady. Ýaşuly bolsa-da, ol öňki işgärlerini yzyna almaga razy, emma hiç kimiň işe, yzyna barasy gelenok” diýip, şäher saglyk öýünde işleýän şepagat uýasy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Öňden gelýän kadr ýetmezçiligi sebäpli, işden çykanlaryň wezipe-borçlary saglyk öýlerinde galan we işlemegini dowam etdirýän lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň boýnuna ýüklenýär, ýöne işiň köpelmegi aýlyklaryň hem ýeterlik derejede, işe görä köpelmegini aňlatmaýar.
“Zähmet kodeksi esasynda biziň aýlyklarymyza 30% goşýarlar. Emma edýän işimiz 100% aýlykly iş. Meniň boýnumda 1500 sany hojalyk bardy, indi olaryň sany 3000- e ýetdi, sebäbi men işden giden şepagat uýasyna degişli etrapçanyň ýaşaýjylaryny hem öz boýnuma aldym. Başlyklar kärdeşlerimiziň işden mejbury pagta ýygymy sebäpli çykýandygyna düşünýärler” diýip, 3-nji şäher saglyk öýündäki çeşme aýtdy we, bu ýagdaýa garamazdan, her hepde pagta ýygymy üçin hakyna tutulýan işgärlere pul tölemeli bolýandyklaryny, başlygyň “Aýlygyňyz köpeldildi, nämeden nalaýarsyňyz?” diýýänini gürrüň berdi.
Lukmanlar bir ugra däl, köp ugra 'ýetişmeli bolýar' Aýry-aýrylykda gürleşilen saglyk işgärleriniň tassyklamagyna görä, kadr ýetmezçiligi zerarly, bir ugurdan ýöriteleşen lukmanlar, öz işleriniň gapdalyndan goşmaça, başga ugurlarda hem işlemeli bolýarlar.
“Newropotolog, goşmaça aftolmolog işini, rentgenolog goşmaça LOR (gulak, burun, bokurdak) lukmanynyň işini ýerine ýetirýär. Ýagdaý welaýatyň saglyk öýleriniň ählisinde şeýle” diýip, Çärjew etrabyndaky saglyk öýüniň bir işgäri aýtdy.
Onuň aýdanlaryny Türkmenabat şäherindäki we Saýat etrabyndaky saglyk işgärleri hem tassyklaýar.
Welaýatyň saglyk ulgamynda tejribeli, işini gowy bilýän kadrlaryň ýetmezçiliginiň dowamly çuňlaşýan wagtynda, Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat bölümi sebit çägindäki saglyk edaralarynda işleýän şepagat uýalarynyň bilim derejelerini barlamak üçin synag geçirýär.


“Oktýabr aýynyň ikinji hepdesinde welaýatyň çäginde ähli şepagat uýalaryndan ekzamen alýarlar. Men bolýan zatlara düşünip bilemok. Onsuz hem işimiz başymyzdan agdyk, üstesine pagta ýygym möwsümi dowam edýär. Bu mahal näme sebäpden ekzamen alýarkalar?” diýip, Saýat etrabynyň bir saglyk işgäri sogar berýär.
Onuň sözlerine görä, şepagat uýalary ‘ekzamenden geçip bilmesem, işimi taşlaryn, halys bizar boldum. Indi, ýerimize adam almak üçin, bizi gorkuzmagyň manysy ýok’ diýýärler.
‘Her kim gaçmak bilen’Aýry-aýrylykda gürleşen işgärleriň tassyklamagyna görä, bu pudakdaky işlerde indi köp adamyň işläsi gelenok, ‘her kim gaçmak bilen’.
Işden çykýanlar köplenç Orsýete ýa-da Türkiýä işe gidýärler, ýa-da ýurt içinde hökümet bilen baglanyşygy bolmadyk işleri gözleýärler.
Azatlyk ýurtda saglyk işgärleriniň, şol sanda şepagat uýalarynyň ýetmezçiligi barada aýdylýanlary anyklamak, aýdyňlaşdyrmak üçin resmiler bilen habarlaşyp bilmedi. Ýöne şepagat uýalarynyň bilim derejesiniň barlanýandygy, olaryň hünär synaglaryndan geçirilýändigi baradaky maglumaty beýleki etraplardaky, Türkmenabat şäherindäki saglyk işgärleri hem anonimlik şertinde tassyk etdi.
Türkmenistanda her ýyl ençeme döwrebap saglyk desgasynyň gurlup, ulanmaga berilýändigi aýdylýar, ýöne ýurtdaky saglyk işgärleriniň iş, aýlyk şertleriniň sebitiň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende has pesdigi, şu sebäpden türkmen lukmanlarynyň we şepagat uýalarynyň başga ýurtlara gidip işlänini gowy görýändigi, bu ýagdaýda Türkmenistanda özüni sylaýan saglyk işgäriniň galmajakdygy barada aýdylýanlar ne tassyklanýar, ne-de ret edilýär.
Türkmenistan maglumat üçin ýapyk ýurt bolansoň, soňky onýyllyklarda Türkmenistanda ýokary bilim alyp, daşary ýurtlara işlemäge giden saglyk işgärleriniň anyk sanyny bilip bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России