Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Açlyk çöl jandarlaryny obalara 'çagyrýar'

Ahal welaýatynyň çöl meýdanlarynda, ekinli ýa boş ekerançylyk ýerlerinde öz iýjek awlaryny alyp ýören jandarlar, ýagny tilki, şagal ýaly haýwanlar obalara, adamlaryň hemişelik ýaşap oturan ýerlerine köpçülikleýin gelmäge başlady diýip, Azatlygyň habarçysy we çeşmeler habar berýär.
Synçylar bu ýagdaýyň bir tarapdan ‘açlyk’, ikinji tarapdan adamlarda aw tüpeňleriniň, ok-därileriň bolmazlygy bilen bagly bolmagynyň mümkindigini öňe sürýärler.
“Öňler tilki diňe çöl, meýdan ýerlerinde gabat gelerdi, ekerançylyk meýdanlarynda görünýän şagallar bolsa adamlardan gaçardy. Bu jandarlar adamlaryň köplük bolup ýaşaýan ýerlerinde, obalarda birden ýa ikiden gaty seýrek ýagdaýda, olam diňe gyş paslynda gabat gelerdi” diýip, bir obanyň ýaşaýjysy aýtdy.
"Aç tilkiler, şagallar obalara köp gelip başlady"Onuň sözlerine görä, indi tilki, şagal ýaly jandarlar has köpeldi we batyrlandy.
“Häzir bu jandarlar oba ýerlerine köpçülikleýin gelip, özlerinden kiçi bolan hojalyk haýwanlaryny iýmäge başladylar, ýagny towuk, hindi guşy ýaly ganatly öý haýwanlaryny, käte özlerinden göwreleri kiçiräk bolan itleri hem iýýärler” diýip, bu ýagdaýy ýene bir çeşme tassyklady.


Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan adamlar şagallara uly itleriň, alabaýlaryň hem degmeýändigini aýtdylar.
Görnüşinden, bu ýagdaý şagal-tilkileri has arkaýynlaşdyrýar, olar soňky döwürde kiçiräk goýun-guzy bolsa-da, geçi bolsa-da, çekinmän agyz urmaga başlady diýip, bir ýaşuly öz şaýat bolan zadyny aýtdy.
Onuň öz şahsy pikirine görä, şagal, tilki ýaly gorkak haýwanlaryň oba-şäherlere köpçülikleýin gelip başlamagy esasan açlyk meselesi bilen bagly bolup görünýär.
“...bularyň ýaşaýyş ýerlerine gelmeklerine adamlaryň özi günäkär. Bazarlardaky et, ýag bahalary gymmatlap başlaly bäri, çöl, meýdan ýerlerinde ýylan, alaka, pyşdyl, towşan, sülgün ýaly jandarlary, ‘dermanlyk eti bar’ diýip, köpçülikleýin tutup başladylar. Öňler adamlar çöl haýwanlaryny beýle köpçülikleýin ýagdaýda awlamazdylar” diýip, ýaşuly söhbetdeşimiz ýurtda dowam edýän azyk howsuzlygy meseleleriniň çöldäki haýwanlary hem ‘horlaýandygyny’, sebäbi bu ýagdaýda tebigatdaky sazlaşygyň ‘bozulýandygyny’ öňe sürdi.
Aw tüpeňlerine garşy yglan edilmedik 'göreş'Azatlygyň habarçysy awgust aýynda raýatlaryň aw tüpeňlerine garşy alnyp barylýan, ýöne resmi taýdan yglan edilmedik we düşündirilmedik göreşiň maldarlary, daýhanlary wagşy haýwanlaryň öňünde goragsyz goýup, hojalyklaryň ýylda uly zyýan çekmegine sebäp bolýandygyny habar beripdi.
Aýdylmagyna görä, aw tüpeňleriniň ýygnalyp alynmagy we yzyna berilmezligi indi on ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär. Bu döwürde ekine, mallara hüjüm edýän ýyrtyjy haýwanlar has arkaýynlaşdy we indi, öňküleri ýaly, adam görseler, gorkup-ürküp hem durmaýarlar diýip, daýhanlar, çopanlar aýdýar.
Şol bir wagtda, türkmenistanly tebigaty goraýjy Andreý Zatako Türkmenistanyň Günbatarynda awçylaryň keýikleri we towşany doly gyryp gutarmak howpunyň bardygyny Azatlyga 2013-nji ýylda beren interwýusynda duýdurypdy.


Azatlygyň bir söhbetdeşi awçy garyndaşynyň ‘çölde keýigem galmady’ diýip zeýrenýänini gürrüň berdi.
Awçy, atma jereni!“Şahyr Rehmet Seýidowyň ‘Awçy, atma jereni” diýen goşgusy esasynda döredilen meşhur aýdym ýadyma düşýär, häzir, eşidişime görä, adamlaryň derdinden keýigem galmandyr.”
Synçylaryň käbiri ýurtda diňe adamlaryň däl, çöl haýwanlarynyň hem ‘azyk üpjünçiligi” ýa-da ‘howpsuzlygy’ babatynda barha ‘aladaly ýagdaýa düşýändigini’ duýdurýarlar.
Anonimlik şertinde gürleşen oba hojalyk hünärmeni esasy meseläniň suw bilen baglydygyny, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmaly ýaplaryň gömülýändigini, öňki düme gawun, garpyz, pomidor ýaly ekinleriň hem köpçülikleýin ekilmeýändigini, diýmek, adamlar bilen bile, çöl haýwanlarynyň hem aç bolýandygyny öňe sürdi.
Azatlygyň habarçylary golaýda suw akabalaryndaky balyklaryň hem bikanun, rugsat berilmedik usullar arkaly köp tutulyp başlanandygyny, gyrylýandygyny habar berdiler.
Azatlyk, ýurduň maglumat almak üçin ýapyklygy sebäpli, emele gelýän agyr ýagdaý barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России