Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Maryda häkimiýetler gijelerine ýaş çagaly maşgalalaryň gazyny kesýär - Çeşmeler

Türkmenistanyň şäher, etrap merkezlerinden uzakda ýerleşýän obalarynyň, täzelikde bölünip berlen mellek ýerleriniň gaz, elektrik üpjünçiligi ýaş çagaly maşgalalarda uly nägilelik döredýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Azatlygyň Marydaky habarçysy, prezident Serdar Berdimuhamedow bu sebite sapar edip, resmi habara görä, “Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen" tanşyp gaýdanyndan soň, sebitiň Ýolöten, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynyň çetki obalarynda gaz üpjünçiligi örän pes bolmagynda galýandygyny habar berdi.
Ýerli häkimlikler, prokuraturalar halky diňlemeýärŞeýle-de, habarçy bu etraplaryň täze mellek diýlip berlen ýerlerinde gaz geçirijileri ýasaýjylaryň özleriniň çekmeli bolýandygyny, bu hili ýagdaýlaryň häkimiýetler bilen ýaş maşgalalaryň arasynda döreýän düşünişmezlikleriň soňy bilen has ulalmak aladasyny döredýändigini habar berýär.


Ýerli häkimlikler, prokuraturalar halky diňlemeýär, täze açylan mellek ýerleriniň köpüsinde tebigy gaz gündizlerine berilse, gijelerine düýbünden kesilýär diýip, Azatlygyň habarçysy aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan ýaş maşgalalaryna salgylanyp, 4-nji dekabrda habar berdi.
“Täze berlen mellek ýerlerinde esasan ýaş maşgalalar ýaşaýar. Olaryň köpüsi ýaş çagaly. Ol çagalaryň ýatýan jaýlary gijelerine gaty sowuk bolýar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran zenan aýtdy.
Onuň sözlerine görä, gaz bolmasa, adamlar jaýlaryny tok peçleri bilen ýylatjak bolýarlar, ýöne elektrik togy hem gönendirmeýär. Belki-de, gazy kesilen hojalyklaryň hemmesiniň birden tok peçlerini ulanmagy bilen, gaz kesilen gijeleri tok hem kesilmegini ýygjamladýar.
“Çagalaryň barysy dümewli. Gije ýatanlarynda, çagalary galyň, gyş eşikleri bilen ýatyrýarys. Gynançly ýeri, indi köp jaýda odun ýakyp, öý ýylatmak mümkinçiligi hem ýok. Jaýlaryň howa çykarlary diňe gara gaz peçlerine niýetlenip goýlan” diýip, birnäçe çaganyň ejesi entek gyşyň aýazly günleriniň hem başlanmandygyny, emma eýýämden, şu howada çagalaryň dümewden gözleriniň açylmaýandygyny aýdyp zeýrendi.
"Öýler gijelerine has sowuk bolýar"Bu ýagdaýy aýratynlykda gürleşilen ýene bir zenan tassyk etdi. Ol adamlaryň çagalaryny gyşyň aýazly günlerinde nädip sowukdan gorajagyny alada edýändigini, ýerli häkimiýetlere edilen arz-şikaýatlara üns berilmeýändigini hem gürrüň berdi.
“Gyşyň has sowuk günleri gelse, biz näme etmeli, bu belli däl. Ýerli häkimiýetlere gazymyzy öçürmäň diýip arza ýazdyk, emma henize çenli hiç bir çäre görülmeýär. Öýler gaty sowuk, has hem gijelerine sowuk bolýar.”


Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen oba adamlary, degişli edaralar etmeli işlerini wagtynda etmänsoň, täze mellek ýerleriniň toguny we gazyny öz güýçleri bilen çekmeli bolandyklaryny hem gürrüň berdiler.
“Obanyň toguny, gazymyzy özümiz çekdik. Özümiz köçä til agaç dikip, elektrik toguny çekdik, gazy hem köçämize, arzan usulyny saýlap, plastmas turba bilen getirdik. Indi bolsa, ‘gaz, tok kanun esasynda çekilmändir’ diýip, bize azar berýärler. Golaýda gaz, elektrik edaralarynyň işgärleri gelip, bize jerime ýazyp gitdi. ‘Ştraf tölenmese, gazyňyzy, toguňyzy doly keseris’ diýdiler” diýip, bir ýaşaýjy gyşyň içinde kyn ýagdaýda galandyklaryny, adamlaryň onsuzam zordan güzeran aýlandygyny, köp adamyň jerime tölemäge pulunyň ýokdugyny aýtdy.
Onuň ynanjyna görä, gaz üpjünçiliginiň gijelerine kesilmegi ýazylan jerimeleriň tölenmezligi bilen bagly.
Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler nirede galdy?“Gazy öçürip, bize straf töletjek bolýarlar. Oba başlyklary bize täze mellek ýerlerini satanlarynda, kanunlaşdyryp, 6 sotuk ýeri 5000 dollara satdylar. Indi bolsa, gazy, togy bahana edinýärler” diýip, ýaşaýjy bu kynçylyklaryň aslynda häkimiýetleriň öz wezipe-borçlaryny ýerine ýetirmezligi sebäpli döreýändigini, eger-de olar täze mellek ýerine wagtynda tok, gaz çeken bolsalar, häzir beýle meseleleriň bolmajakdygyny öňe sürdi.
Onuň tassyklamagyna görä, kanun esasynda mellek ýerini alan adamlar şu güne çenli ulanan gazy, togy üçin, öz hasabyna ölçeýji oturdyp, pul töläp gelýär.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň biri “Biz pul ýygnaýan gazçy, tokçy işgärlere düşünmeýäris” diýdi.
“Olar ýylyň ahyrynda gelip, bikanun çekilen togy, gazy kesjek diýýärler, gijesine ýaş çagaly maşgalalaryň gazyny kesýärler. Käte gündizlerine hem togumyzy kesýärler. Biz bu bolýan zatlara näme çäre görjegimizi bilmeýäris” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, oba ýaşaýjylarynyň käbiri ýerli prokuratura şikaýat edipdir, emma olara “Siziňki nädogry” diýip jogap beripdirler.
Bu jogap gazy, togy kanun esasynda çekmezlikde aýyplanýan hojalyklaryň her biriniň 2 müň manat möçberinde jerime tölemeli boljakdygyny aňladýar. Oba adamlary “hiç ýerde 2 müň manat ştraf tölemeli diýilmeýär, mellek ýerlerimiz kanuna laýyk berlen” diýip, özlerini mamla hasaplaýarlar.


Azatlygyň habarçylary mundan öň hem Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda ilata paýlanyp berlen mellek ýerleriniň elektrik, gaz üpjünçiligi meseleri barada habar beripdiler. Emma türkmen häkimiýetleri jaý, mellek ýerleri, tok, gaz, suw üpjünçiligi, şeýle-de, oba, etrap ýerlerindäki ýollar, köprüler barada edilýän şikaýatlara hiç bir düşündiriş bermeýär.
Şol bir wagtda, 2-nji dekabrda bolşy ýaly, türkmen metbugaty prezidentiň sebitlere eden saparlarynda “Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanşandygyny” habar berýär, ýöne ýerlerde saklanyp galýan kynçylyklar barada hiç zat aýtmaýar.
Azatlyk, adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetlerinden bu habar boýunça resmi düşündiriş alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России