Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeler 300%-e çenli ýokarlandy

Türkmenistanda köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalary üçin jerimeleriň mukdary 50%-den 300%-e çenli ýokarlandyr. Içeri işler ministrliginiň wekilleri bu ýokarlanmany “adamlaryň howpsuzlygy” üçin edilýän çäre häsiýetlendirse, raýatlaryň ençemesi muny “boşan gaznany doldurmak tagallalary” atlandyrýar.

Jerimeleriň möçberiniň ýokarlanmagy, hususy ulaglarynda kireý edýän sürüjileriň kireý nyrhlaryny azyndan 50% gymmatlatmagyna hem getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji dekabrda Balkan welaýatyndan maglumat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeleri girizmek boýunça kanuna gol çekdi. Bu barada habar berýän hökümetçi neşirleriň, şol sanda "Turkmenportal"-yň maglumatlaryna görä, resminama “Türkmenistan” gazetiniň 3-nji dekabrdaky sanynda çap edildi we şol güni güýje girdi.

Kodeksiň 214-nji maddasyna girizilen üýtgetmelere görä, bellenen tizligi sagatda 10-dan 30 kilometre çenli artdyrylmagyň jerimesi 50 (binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi) manatdan 200 manada ýokarlandy.

Tizligi sagatda 30-dan 50 kilometre çenli artdyrmagyň jerimesi ozal 300 manatdy, indi 500 manat boldy. Şu hukuk bozulmasy gaýtalansa, jerimäniň möçberi 700 manat bolar.

Tizlik sagat 50 kilometrden köp artdyrylanda, jerimäniň möçberi öň 700 manat bolan bolsa, häzir 1000 manada ýokarlandy. Hukuk bozulmasy alty aýyň dowamynda täzeden gaýtalanan halatynda sürüjiniň ulag dolandyrmak hukugy alty aýdan bir ýyla çenli möhletde elinden alynýar. Öň bu möhlet üç aýdy.

Beýleki jerimelerŞeýle-de, ýurtda gyzyl yşykda geçmek, gadagan edilen ýerlerde durmak, pyýada geçelgelerinden ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalaryndan dogry geçmezlik, ulagyň yşyklandyryş enjamlaryny dogry ulanmazlyk boýunça jerimeler hem 50%-den 100%-e çenli ýokarlandy.

Mundan başga-da, Türkmenistanda bikanun ulag belgileri we döwlet tehniki gözegçiliginden geçmedik ulaglar üçin jerimeleriň möçberi hem iki essä çenli artdyryldy.

Habarçymyz Balkanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň kanunyň metbugatda çap edilen gününden, ýagny 3-nji dekabrdan başlap sürüjilere jerimeleriň ýokarlandyrylan möçberi boýunça jerime ýazyp başlandygyny habar berýär.

“Men howpsuzlyk kemerini dakman, ulagymy dolandyryp barýarkam, ýol polisiýasy meni saklap, 150 manat jerime ýazdy. Ol bu jerimäniň öň 50 manatdygyny bolandygyny, häzir beýleki jerimeleriň hem ýokarlanandygyny aýtdy” diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Boşan gaznany doldurmak tagallalary"Mundan başga-da, ýol polisiýasy ulaglary sähel hapa bolan ýa-da öň aýnasynda çyzyk ýa döwük bolan, şeýle-de ulaglarynyň reňkleri gopan sürüjileri hem saklap, jerime ýazýar.

“Saklanan sürüjileriň köpüsi jerimeleriň ýokarlandyrylmagyndan nägile bolýar. Içeri işler ministrliginiň ýerli edarasynyň ofiserleri, şeýle-de ýol polisiýasy ýokarlanmany “adamlaryň howpsuzlygy” üçin edilýän çäre häsiýetlendirýärler” diýip, balkanly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, ulag eýeleriniň ençemesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda ýokarlanmany häkimiýetleriň “boşan gaznany doldurmak tagallalary” atlandyrýar.

Olar Berdimuhamedowlar maşgalasynyň “oýlanşyksyz gurýan we ilata peýda getirmeýän desgalarynyň, hatda şäheriniň gaznanyň boşamagyna getirendigini aýdyp, jerimeler ýokarlandyrylsa-da, munuň adaty ilat üçin oňaýly netijesiniň bolmajakdygyny, hatardan çykan oba, etrap ýollarynyň bejerilmejekdigini belleýärler.

"Köp raýata oňaýsyz täsir etjekdigi ikiuçsyz"“Üstesine-de, ýurtda ýol polisiýasynyň dürli bahanalara esaslanyp, düzgün bozmaýan sürüjilere hem jerime ýazmak tejribesi dowam edýärkä, munuň köp raýata oňaýsyz täsir etjekdigi ikiuçsyz. Häzir ýurtda pensiýalar gara bazar nyrhynda hasaplanda 20-50 dollar aralygynda bolup, aýlyklar 50-150 dollardan geçmeýär. Üstesine-de, halk aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki kömek pullarynyň ýylda 10 göterim ýokarlandyrylmagyndan hem mahrum boldy” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.

Bellesek bu ýokarlanma, 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap raýatlaryň aýlyk zähmet, pensiýa, talyp we diňleýji haklarynyň hem-de döwlet kömek pullarynyň 10% ýokarlandyrylmagynyň bes edilýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti maliýe-ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny her ýylyň başynda 10% ýokarlandyrmak tejribesi soňky 20 ýyla golaý wagt bäri amal edilýärdi.

Taksi kireý hyrhlary gymmatladyTürkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda ýurduň Içeri işler ministrligi köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli ýyllyk statistikany ilat köpçüligi bilen aç-açan paýlaşmaýar. Azatlygyň bu barada degişli häkimiýetlerden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermeýär.

Bu aralykda, jerimeleriň möçberiniň ýokarlandyrylmagy, Balkanda hususy ulaglarynda kireý edýän sürüjileriň kireý nyrhlaryny azyndan 50% gymmatlatmagyna getirdi.

“Bu ýokarlanma durmuşyň beýleki pudaklaryna hem täsir eder. Içerki azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna hem getirip biler” diýip, bu ýagdaýlara ýakyndan syn edýän balkanly synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России