Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Lebapda Täze ýyl mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyklar başlandy, talyplar bulary ‘harby gulluk’ atlandyrýar

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine görülýän köpçülikleýin taýýarlyklar geçirilip başlandy.

Adatça bolşy ýaly bu çärelere medeniýet we bilim işgärleri, şeýle-de talyplar mejbury gatnaşdyrylýar. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan talyplaryň birnäçesi mejbury çäreleri “harby gulluk” atlandyryp, bulara nägilelik bildirýär.

“Bu çärelere Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji, 2-nji we 3-nji kurslarynda okaýan talyp gyzlaryň we oglanlaryň hemmesi diýen ýaly gatnaşmaga borçly edildi” diýip, lebaply talyp anonimlik şertinde aýtdy.

Taýýarlyk çäreleri şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän Ruhyýet köşgüniň öňünde geçirilýär.

Bu ýerde 31-nji dekabrda agşam köşgüň öňünde dikilen arçanyň ýanynda döwlet telewideniýeleri üçin sahnalaşdyrylan baýramçylyk dabarasynyň geçirilmegine garaşylýar.

“Bu okuw däl, bu gulluk. Institutyň düzgünleri harby bölümiň düzgünlerinden tapawutlanmaýar. Talyplar günde ençeme sagatlap sowukda durmaly bolýarlar. Kim garşy çykmaga synanyşsa, onuň bilen aýratyn gürrüň edilýär” diýip, talyplaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.

Talyplaryň sözlerine görä, sahnalaşdyrylan dabarada ulanyljak kiçi döwlet baýdaklary, şarlar we boýna dakylýan bezeg serişdeleri talyplar tarapyndan öz hasabyna satyn alynmaly edilýär.

"Sowuk howada şapka ýa-da telpek geýmäge rugsat berilmeýär"“Öň her toparyň elinde öňki ýyllardan galan baýdaklar bardy. Emma bu ýyl ýolbaşçylyk ‘täze ýylda täze baýdak, täze şar bolmaly’ diýip görkezme berdi” diýip, talyp belleýär.

Onuň tassyklamagyna görä, Täze ýylyň öň ýanynda bu harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagy hem talyplar üçin goşmaça maliýe kynçylygyny döredýär. Bu çykdajylar etraplardan gatnaýan talyplara has-da agram salýar.

Talyplar baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak üçin egin-eşik boýunça hem anyk görkezmeleriň berlendigini aýdýarlar.

“Çärä gatnaşýan gelin-gyzlaryň ählisine ak reňkli kurtka, oglanlara bolsa gara reňkli palto geýmegi tabşyrdylar. Dekanyň sözlerine görä, howanyň sowukdygyna garamazdan, şapka ýa-da telpek geýmäge rugsat berilmeýär. ‘Bir-iki sagat şapkasyz duranyňyz bilen hiç zat bolmaz’ diýip aýtdylar” diýip, talyp bu görkezmeleriň saglyga howp abandyrýandygyny aýdýar.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Accuweather” neşirine görä, 15-nji dekabrda Türkmenabatda howanyň temperaturasy gijesine -1 gradusa we gündiz 6 gradusa deň. Bellesek, adatça Türkmenabatda dekabr aýynyň ahyrynda howa has-da sowap, howanyň temperaturasy gündizlerine 0 gradusa çenli aşaklaýar, käte ondan hem pese gaçýar.

"Täze ýyly maşgalamyz bilen geçirmek mümkinçiligi ýok"Söhbetdeşlerimiz mejbury çäreleriň Täze ýyl gijesi bilen hem çäklenmeýändigini aýdýarlar. Institutyň talyp oglanlarynyň tas ählisinden 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda irden sagat 6:00-da şäheriň baş baýdak meýdançasynda geçiriljek baýdak galdyrmak dabarasyna gatnaşmak talap edildi.

“Etraplardan – Dänewden, Çärjewden, Saýatdan, Farapdan gatnaýan talyplaryň irden sagat 6-da şäheriň merkezine nädip ýetmelidigi barada hiç kim pikir etmeýär” diýip, talyplaryň ýene biri anonimlik şertinde aýtdy.

Talyplar mejbury çäreleriň soňky ýyllarda ýokary okuw jaýlaryna girmek isleýän ýaşlaryň sanynyň azalmagyna hem täsir edýändigini belleýärler.

“Ýaşlar beýle şertlerden gorkýarlar. Emma bu ýagdaýyň dowam etmeginde özümiziň hem sessiz galmagymyz rol oýnaýar” diýip, talyp sözüni jemleýär.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäheriň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim müdirliginden we agzalan institutdan telefon arkaly resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda şanly baýramçylyklarda ýa-da senelerde geçiriljek dabaralara býujet işgärleri, talyplar we okuwçylar mejbury gatnaşdyrylýar.

Bu dabaralara birnäçe hepde, käte bir aý öňünden taýýarlyk görlüp başlanýar. Gatnaşyjylar howanyň aşa sowukdygyna ýa-da aşa yssydygyna garamazdan, açyk meýdanda geçirilýän taýýarlyk çärelerinde ençeme sagatlap dik aýan üstünde durmaly bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri onýyllyklaryň dowamynda gaýtalanyp gelýän bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, maglumatlara teswir bermeýärler. Mejbury çäreler we onuň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirleri barada resmi metbugat hem hiç hili habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России