Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygyny alyp barýan uçar Türkiýede heläkçilige uçrady
Türk häkimiýetleri Liwiýanyň Baş ştabynyň başlygyny we başga-da dört ýolagçyny alyp barýan hususy biznes uçary bilen aragatnaşygyň ol Ankara aeroportundan uçanyndan soň kesilendigini habar berdiler. Soň uçaryň galyndylarynyň tapylandygy baradaky habarlar peýda boldy.
“Falcon” uçary Ankaradan 74 kilometr uzaklykda ýerleşýän Haýmany şäheriniň golaýynda gyssagly gonmak üçin rugsat sorapdyr, ýöne soňra uçar bilen aragatnaşyk kesilipdir diýip, Türkiýäniň içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa X sosial media saýtynda habar berdi.
Ol biznes uçarynyň Ankaranyň Esenboga aeroportundan ýerli wagt bilen agşam sagat 8:10-da Tripoli şäherine tarap uçandygyny we takmynan 40 minut soňra uçar bilen aragatnaşygyň kesilendigini aýtdy.
Uçardaky ýolagçylaryň arasynda liwiýaly general Mohammed Ali al-Haddad hem bardy diýip, Ali Ýerlikayanyň sözünüň üstüni ýetirdi.
Liwiýa hökümeti soňra Liwiýa goşunynyň Baş ştabynyň başlygynyň ölümi barada habar alandygyny yglan etdi. Ýykylan uçarda oňa ýoldaş bolan beýleki harby resmiler hem bardy.