Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabatda araçylar daşary ýurtly aýdymçylaryň konsert biletlerini ençeme esse gymmat satýar

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanda daşary ýurtly aýdymçylaryň konserti geçiriler. Meşhur artistleriň 27-nji we 29-njy dekabr aralygynda Aşgabadyň Buzly köşgünde geçiriljek konsertlerine türkmen tomaşaçylary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýärkä, kassalarda biletleriň tapdyrmaýandygyny, emma biletleri araçylardan ençeme esse gymmat bahadan satyn alyp bolýandygyny garaşsyz neşir habar berýär.

Türkmen.news neşiriniň ýazmagyna görä, mahabatlandyrylýan konsertlere barmak isleýän adamlar irden Buzly köşgüň kassasyna baryp, nobata dursalar-da, resmi bahasy 100-150 manat diýlip görkezilen biletleri satyn alyp bilmeýär. Emma kassada satylmaýan şol biletleri 500, 800 we hatda 2000 manatdan araçylardan satyn alyp bolýar, diýip, neşir ýazýar.

Bu çäre barada sosial ulgamlarda çap bolan bildirişlerde 27-nji dekabrda asly eýranly Araş, 28-ne russiýaly MOT we 29-na türk aýdymçysy Semijenk çykyş eder diýilýär we biletler barada maglumaty kassalarda anyklamak salgy berilýär. Emma Buzly köşgüň kassasyndan bilet söwdasy barada maglumat alyp bolmady, birnäçe gezek edilen jaňlara jogap bolmady.

Turkmen.news neşiri aýdymçylaryň çykyşlary baradaky bildirişleriň konserte sähel wagt galanda yglan edilendigine ünsi çekýär.

"Iň işjeň aşgabatlylar gönüden-göni kassalara ylgaşdylar we daňdan nobat emele geldi. Şeýle-de bolsa, açylandan soň derrew diňe alty bilet satdylar we soňra ýene ýapdylar" diýlip, maglumatda aýdylýar we "buz köşgi köp adamlary maglumat ýa-da bilet bilen däl-de, polisiýanyň köp sanly işgärleri bilen garşylaýar: köp sanly gözegçilik işgärleri, birnäçe polisiýa awtoulagy we hatda tussaglary daşaýan awtoulag hem nobatçylyk edýär. Olaryň wezipesi müşderileriň kassa girmeginiň öňüni almakdyr" diýlip, bellenýär.

Maglumata görä, öýlän kassalarda ýene-de birnäçe bilet satylýar we şonuň bilen tamamlanýar.

Araçylarda bilet barEmma kassalarda tapdyrmaýan biletler araçylar tarapyndan açyk teklip edilýär. Mysal üçin, TikTok hasaby faberlic_0007 diýlip atlandyrylan salgyda daşary ýurt aýdymçylaryň konsertlerine bilet resmi bahasyndan 3-5 esse gymmat, ýagny 500 manatdan hödürlenýär, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 25 dollara barabar bolýar.

Bu barada habar berýän Turkmen.news neşiri TikTokda sammy_3272 diýlip, görkezilen hasapda satyjynyň öz hyzmatlaryny has ýokary bahalandyryp, biletleri 700 manatdan hödürleýändigini ýazýar we käbir çeşmeleriň biletleri eýýäm 800-1000 manatdan (40-50 dollar) ýagny resmi nyrhdan 10 esse gymmat satýandygyny, emma biletleri 2000 manatdan hödürleýänleriň hem bardygyny belleýär. Hususan-da, MOT-yň konsertine 2000 manatdan (100 dollar) biletler Instagram ulanyjysy jaguar_sport1234 tarapynda teklip edilýär diýip, Turkmen. news ýazýar.

Türkmenistanda daşary ýurtly aýdymçylaryň konsertleri seýrek waka bolýar. Adatça uly baýramçylyklarda, şol sanda Täze ýylyň öňýanynda Aşgabatda käbir daşary ýurt aýdymçylaryň konserti bolýar.

Biletleriň kassalardaky gytçylygy we araçylar tarapyndan alnyp satylmagy ýaly ýagdaýlaryň her ýyl gaýtalanýandygyny belläp, Turkmen.news, 2023-nji ýylda asly Azerbaýjandan bolan russiýaly aýdymçy JONY-nyň konsertine bilet satyn almak üçin türkmenistanlylaryň ir sagat 4-den kassanyň öňünde garaşandygyny belleýär.

Şol waka barada habar beren Azatlyk Radiosynyň habarçylary JONY-nyň konsertine bilet almak üçin nobata duranlaryň arasynda goh-galmagalyň, ýakalaşygyň ýüze çykandygyny habar beripdi.

Şonda tomaşaçylaryň konserte isleginiň örän ýokary bolmagyna garamazdan, bilet söwdasynyň emeli görnüşde çäklendirilendigini, şeýlelikde JONY-nyň konsert güni orunlaryň ençemesi boş galansoň, guramaçylaryň käbir adamlara konserte hatda mugt barmaga rugsat berendigini Turkmen.news belleýär.

Şeýle-de habarda agzalan aýdymçylaryň Aşgabatdaky çykyşyna biletleriň bahasy beýleki ýurtlardaky konsertleri bilen deňeşdirilýär.

"Mysal üçin, mart aýynda Rumyniýada Arashy azyndan 70 dollara, maý aýynyň ahyrynda Almatyda we Astanada MOT-y 30-80 dollara, iýun aýynda Moskwada Semijenki bolsa 75 dollara diňläp bolýar. Emma bu nyrh Aşgabadyň ýaşaýjysynyň aýlygynyň ýarysyna deň bolýar" diýip neşir belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России