Ýylyň jemleri: Türkmenistanly migrantlar üçin ABŞ-da 'aladalaryň dörän' we Türkiýede 'özgerişlikleriň bolan' ýyly
Geçip barýan köne ýylda türkmen jemgyýetinde köpleriň ünsüni çeken wakalaryň biri Birleşen Ştatlaryň Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna ABŞ-a hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine bölekleýin gadaganlyk girizmegi boldy.
Şol bir wagtyň özünde, ýylyň ahyrynda, ýagny dekabr aýynyň ortalarynda Tramp Türkmenistana girizilen wiza çäklendirmelerini gowşatdy.
Muňa laýyklykda, ABŞ migrasiýa bilen bagly bolmadyk wizalara salnan gadaganlygy ýatyrdy, şol bir wagtda, Birleşen Ştatlarda hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary, şol sanda Green Card boýunça çäklendirmeler saklanyp galýar.
2025-nji ýylda Türkiýede zähmet çekýän türkmenistanlylar üçin käbir özgerişler bolup, kanuny esasda işlemek ýeňilligi döredildigi habar berildi. Bu waka, ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň we başga merkezi aziýaly raýatlaryň Türkiýede galmak we işlemek üçin resmi rugsat almakda kynçylyk çekýän wagtyna gabat geldi.
Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň ençemesi bu ýeňilligiň Türkiýede öňden bäri kanuny esasda ýaşap gelýän türkmenistanlylar üçin oňyn özgerişlik bolandygyny aýdýar. Şol bir wgatda, täze düzgün Türkiýede öňden bäri bikanun esasda ýaşap gelýän, biometriki pasportlarynyň möhleti tamamlanan türkmenistanlylar üçin haýsydyr bir ýeňillik döretmeýäne meňzeýär.
Taryhda galýan 2025-nji ýylda öňden dowam edip gelýän ekologiýa problemalarynyň, hususan-da, Hazar deňziniň we Amyderýanyň suwunyň çekilmeginiň has-da ýitileşendigini hem synladyk.
2026-njy ýylyň bosagasynda geçip barýan 2025-nji ýylyň käbir esasy wakalaryna bagyşlanan gepleşigimizde şu temalar boýunça taýýarlan maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.