Mamdani Nýu-Ýork şäheriniň häkimi wezipesine girişdi, Gurhandan kasam kabul etdi
Nýu-Ýork şäheriniň saýlanan häkimi Zohran Mamdani Täze ýyl gijesinde resmi taýdan kasam kabul edip, işe girişdi.
Ýapyk görnüşde geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Täze ýylyň ilkinji minutlarynda Manhettendäki Şäher häkimligi metro stansiýasynda, şäheriň iň gadymy we ulanylmaýan metro beketleriniň birinde geçirildi diýip, “ABC News” habar berdi.
Dabara wagtynda Mamdaniniň ýanynda onuň aýaly Rama Duwaji boldy.
"Täze ýylyňyz gutly bolsun, nýu-ýorklular — şu ötügiň içindäkiler we onuň ýokarsyndakylar" diýip, Mamdani stansiýanyň gümmezli üçeginiň aşagynda durup aýtdy.
Bu şäheriň taryhynda Nýu-Ýork şäheriniň häkiminiň ilkinji gezek Gurhandan kasam kabul etmegi boldy.
Mamdani üç nusgany - atasyna degişli Gurhany, Afroamerikan medeniýetini öwrenýän merkeziň kolleksiýasynda saklanýan, 18-nji asyryň aýagyna ýa-da 19-njy asyryň başlaryna degişli bolan jübi Gurhanyny we ata-enesine degişli, maşgala mirasy bolan Gurhany ulandy.
Kanun dini tekstiň ulanylmagyny talap etmeýän hem bolsa, öň şäher häkimleriniň köpüsi Injilden kasam kabul edýärdi.
Nýu-Ýork ştatynyň kanunyna görä, täze şäher häkimi saýlawlardan soň, 1-nji ýanwarda wezipesine girişýär. Ýarygijeden soň geçirilýän dabara uzak wagt bäri däp bolup galýar.
34 ýaşly sosialist Zohran Mamdani ugandaly musulman. Nýu-Ýork şäheriniň häkimini seçmek üçin bellenen saýlawlar 2025-nji ýylyň noýabr aýynda geçirildi.