Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar şu ýyl ýokarlandyrylmady, ilatyň aladasy artýar
Täze ýylyň başynda pensiýalaryna, maýyplyk we çaga üçin döwlet töleglerine garaşan türkmenistanlylar onuň mukdarynyň üýtgemändigini bilip galdylar. Ençeme ýyl bäri aýlyklar, pensiýalar we beýleki sosial goldaw tölegleri her ýylyň başynda 1-nji ýanwarda 10% ýokarlandyrylýardy. Bu düzgüniň ýatyrylmagy barada resmi habar berilmeýärkä, ilat arasynda aladalanma güýçlenýär.
2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyndan Türkmenistanyň pensionerlerine we kiçi çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän pul bank kartlaryna geçirildi, emma onuň öňküligine galmagy köpleri geň galdyrypdyr.
"Ýanwaryň 2-sine çaga pullary we pensionerleriň bank kartyna geçen puly gören adamlar, şu ýyl ýylyň onuň 10 göterim artdyrylmajagyny bilip galdylar" diýip, paýtagtdaky habarçymyz belleýär.
Çaga üçin berilýän kömek puly geçen ýyldan bäri üýtgemedi, 390 manat. Ene süýdüne goşmaça iýmit, ýagny gurak süýdün bir gutusynyň bahasy 250 manat, ýagny aýlyk töleg puly bäbegiň 10 gün içjek süýdüne hem ýetmeýär. Hökümet milli puluň ýylyň dowamynda hümmetiniň peselendigini hasaba almady. Öň hem ujypsyzja tölenýän zähmet haklary we kömek puluň inflýasiýa görä hasaplanmazlygy ilatyň mundan beýläk has hem garyplaşmagyna getirdi" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.
Ýanwar aýynyň ikisinde Mary, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynyň pensionerleri hem täze ýyldan başlap pensiýalaryna 10% ýokarlandyrylmajagyny bilip galypdyr. Olara bu barada ýerli pensiýa edaralarynyň işgärleri dil üsti habar beripdir.
“Özümiň heniz diriligimi duýdurmak üçin her üç aýda pensiýa gaznasyna habar bermäge barýaryn. Şu gün hem pensiýa edarasyna bardym. 'Bu ýyl pensiýaňyz 10% göterilmez' diýip işçi täze ýylymy täze gaýgy bilen başlamaga itergi berdi” diýip, lebaply pensioner 2-nji ýanwarda gürrüň berdi.
Türkmenistanda aýlyk haklary, pensiýalar, kömek pullary we stipendiýalar 2021-nji ýyldan başlap, prezidentiň permany bilen her ýyl 10% ýokarlandyryldy. Türkmen hökümeti bu çäräni ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen sosial syýasatyň çäginde öňe sürüpdi. Aýlyklaryň we sosial tölegleriň 10% ýokarlandyryljagy barada resmi habar her ýylyň tomsunda çap edilipdi, emma geçen ýylyň tomsundan bäri şeýle habar döwlet metbugatynda we resmileriň çykyşlarynda peýda bolmady.
Emma dekabryň başynda Balkan welaýatynyň edara-kärhanalaryna aýlyklary, pensiýalary, kömek pullaryny 10% ýokarlandyrmagy bes etmek barada habarnama paýlandy diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar beripdi.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen türkmenistanlylar hökümetiň zähmet haklaryny we sosial tölegleri 10% artdyrmak boýunça her ýylky tejribesiniň täze ýylyň başyndan dowam etdirmejegini açyk yglan etmändigi sebäpli, "ilat üçin onuň artdyrylyp, artdyrylmajagy kesgitsiz galypdy" diýip, bellediler.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginden resmi teswir almak boýunça synanyşygy başa barmady. Emma ministrligiň websaýtynda prezident Serdar Berdimuhamedow sitirlenýär: "Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez" diýlip türkmen prezidenti aýdypdyr.
Nägileligiň öňüni almakAzatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň paýtagtyndan we dürli welaýatlaryndan beren maglumatlaryna görä, hökümet agzalary we ýerli häkimiýetler ilata hiç hili düşündiriş bermeýärkä, ilatyň nägileliginiň öňüni almak boýunça käbir çäreler alnyp barylýar.
Käbir döwlet edaralarynyň işgärlerinden hökümetden nägileliginiň ýokdugy barada dilhaty alynýar.
"Bank ulgamynda işleýän işgärlere 'bizin aýlyk zähmet hakymyz artdyrylmasa hem bizin nägileligimiz ýok' diýlip, dilhaty ýazdyrylýar" diýip habarçymyz aýtdy.
Şeýle-de, käbir döwlet edaralarynda pensiýalar we çaga üçin tölegler galdyrylmasa hem, zähmet haklarynyň fewral aýynda ýanwaryň aýlygynyň 12 göterim ýokarlandyrylyp, tölenjegi barada gürrüň edýärler we şeýdip halky köşeşdirýärler diýip ýene bir habarçymyz aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary häzirki ýagdaýda ilatyň arasynda nägilelik güýçlenýär, häkimiýetler bolsa howpsuzlyk çärelerine üns berýär diýip, belleýärler.
"Ilatyn arasynda nägileligiň artmagy häkimiýetleri howatyrlandyrýana meňzeýär. Ilatyň bir ýere toplanmagynyň, üýşmeginiň derrew öňüni alýarlar, ýagny adamlaryň bir ýere toplansa, ykdysady kynçylyklar, harytlarynyň gymmatlamagy, milli puluň hümmetsizlenmegi barada dertleşmegini, hökümeti tankytlamagyny islemeýärler" diýip, çeşme aýdýar.
Bu aralykda türkmenistanlylaryň käbiri öz nägileliklerini häkimiýetlere däl-de ýaşulular geňeşiniň agzalaryna gönükdirýärler.
"Adamlar öz näletlerini, gargyşlaryny ýaşulylar geňeşiniň agzalaryna we esasan hem zähmet, kömek pullaryny her ýylyň başynda 10 göterim artdyrmagy bes etmek barada teklip eden ýaşululara gönükdirip, Berdimuhamedowlary ýatlamaýarlar, emma ýaşulular ýokardan görkezme bolmazdan gürlemez" diýip, paýtagtly çeşme belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 19-njy sentýabrda geçirilen mejlisinde edaranyň Ýaşulular geňeşiniň bir agzasy çykyş edip, ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýokarlandyrylmagyny bes etmegi teklip etdi. Aşgabadyň Maslahat köşgünde çykyş eden “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň eýesi Ýazmyrat Atamyradow bu teklibi etmeginiň sebäbini “halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejä ýetendigi” bilen düşündirdi.
Ilatyň durmuş derejesini görkezýän resmi statistikany çap etmeýän ýurduň ýolbaşçylary ykdysady kynçylyklary, agyr sosial problemalary we ilatyň garyplaşmagyny açyk boýun almaýarlar.
Şol bir wagtda-da yzygiderli görnüşde öňden bäri bar bolan ýeňillikleri ýatyrýarlar. Gaz, suw, elektrik energiýasy boýunça ilat üçin ýeňillikler ýatyryldy we ilata arzanlandyrylan azyk önümlerini satmak tejribesi tas ýok edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.