Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmen ýolbaşçylarynyň suratlary, gaznasy üçin ilatdan pul ýygnamak 'möwsümi' başlandy

Türkmenistanyň döwlet edaralarynda we kärhanalarynda prezidentiň hem-de onuň kakasy Halk Maslahatynyň başlygynyň täze portretleri, döwlet şygarlary şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat fondy üçin ilatdan pul toplamak boýunça iş alnyp barylýar. Her ýyl bolşy ýaly şu gezek hem býujet işgärlerine pul tabşyrmagyň hökmanydygy duýduryldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu kampaniýanyň şu günler Balkan welaýatyndaky geçişi barada habar berdiler.

"Balkanyň býujetçileri üçin täze ýyl prezidentiň portretini täzelemek we ýyl şygary hem-de Arkadagyň adyny göterýän gazna üçin pul tabşyrmak bilen başlandy" diýip, ýerli çeşme aýdýar.

Balkanabat şäherinde pul toplamak çäreleri barada ýörite geçirilen ýygnaklarda aýdylypdyr.

"Balkanabatda ýyl şygaryna bagyşlanan çäreler geçirildi. Ýygnaklarda belli many-mazmun bolmady, Arkadagyň raýatlara bolan söýgüsiniň propagandasy edildi. Şeýle-de ýygnagyň özünde resmiler prezident Serdar Berdimuhamedowyň portretiniň täze nusgasynyň gelendigini aýdyp, şol suratlar we ýyl şygarynyň plakatlary üçin pudak ýolbaşçylaryna puly geçirmegi, ony gijikdirmezligi tabşyrdylar" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen býujet işgäri gürrüň berdi.

Dress-kod talaby berjaý edildiDöwlet TW-sinde görkezmek üçin wideo düşürilen ýygnaklar häkimiýetleriň berk gözegçiliginde we guramaçylykly geçirilipdir. Işgärlerden täze geýimli we birmeňzeş eşikli gelmek talap edilipdir.

"Aýallardan täze birmeňzeş gyzyl köýnekli we meňzeş ýaglykly gelmek talap edildi. Olaryň elinde ýaşyl bloknot we ýaşyl ruçka bolmalydy. Gatnaşyjylar ýygnaklarda çykyş eden welaýatyň tanymal il ýaşulularynyň, artistleriň, şahyrlaryň we häkim orunbasarlarynyň hem-de sahnada söz sözlän beýlekileriň aýdanlaryny ellerindäki ýaşyl ruçka bilen ýaşyl bloknotlara ýazmaly boldy" diýip, ýygnaga gatnaşan balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen gepleşen balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, soňky günlerde sebitde geçirilen ýygnaklara lukmanlaryň we mugallymlaryň gatnaşdyrylmagy medisina we bilim edaralarynyň işini bökdäpdir.

Hassalar idegsiz, okuwçylar okuwsyz"19-njy ýanwarda Balkanabat hassahanalarynda näsaglary kabul etmäge lukman bolmady. Olar çärä gatnaşandygy sebäpli güniň birinji ýarymynda hassalaryň halyndan habar alan bolmady" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Orta mekdeplerde ýygnaklar sebäpli okuw diňe iki sagat geçirilipdir.

"Okuw iki sagatda geçdi. Mugallymlary hem 'Watan habarlarynyň' wideoreportažlary üçin surata düşürdiler. Uly çäreler geçirildi, çäreler welaýatyň "Ak öý" binasynda, Muzeýde we kitaphanada surata alyndy" diýip, balkanabatly bilim işgäri aýtdy.

Türkmenistanda öňki we häzirki prezidentleriň portretleri ähli jemgyýetçilik ýerlerinde ýerleşdirilýär we her ýyl täzelenýär. Ýyllarboýy gaýtalanýan bu çäreler guramaçylykly geçirilýär we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň aýlyklaryndan pul tutulýar. Orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan çagalar we ýaşlar hem pul tabşyrmaly bolýar.

"Döwlet býujetinde zähmet çekýänlerden ýyl başyndan gazet-žurnal, portret, şygarlar we Arkadag fondy üçin pul talap etmek bilen adamlaryň elini işden sowadýar. Awtokratiýa bolan ýigrençler artyp, adamlar işini taşlap, daşary ýurtlara gidenlerini gowy görýärler" diýip, balkanly mugallym aýtdy.

Balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, häzir toplanýan pul 200 manat möçberinde bolup, bu ortaça aýlygyň 10%-ne barabar.

Şeýle-de, býujet işgärlerinden yzygiderli görnüşde alynýan tutmlaryň arasynda arasaçylyk işleri, tebigty goramak we oba hojalyk önümçiligi üçin goşantlar bar. Mundan öň Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan býujet işgärleri, hususan-da gowaçanyň hasyl möwsüminde aýda özlerinde alynýan tutumlaryň umumy möçberiniň 1000 manada golaýlaýandygyny aýdypdy.

Soňky birnäçe ýyl bäri ilatdan mejbury görnüşde toplanýan serişdeleriň arasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr sahawat gaznasy üçin pul goşandy goşuldy.

Gaznany häzirki prezidentiň aýal dogany we öňki prezidentiň gyzy Oguljahan Atabaýewa wise-prezident wezipesinde dolandyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России