Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabatda köçelerdäki garyň arassalanmazlygy ilaty surnukdyrýar, köçe-ýol hadysalary bolýar

Şu hepdäniň başynda Aşgabatda howanyň -1 gradusa çenli sowap, garyň ýagmagy bilen, köçeleri gar basdy. Indi birnäçe gün bäri arassalanmaýan gar-ýagyn üýşmekleri köçeleriň sürçek bolmagyna, ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna getirdi.

Munuň bilen bir wagtda, paýtagtyň ençeme etrapçasynda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlary kadaly we talaba laýyk işlemeýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.

“Paýtagtda diňe prezidentiň kerweniniň gatnaýan ýollary gardan arassalanyp, olaryň buzy ýörite gurallar bilen eredildi. Emma paýtagtyň köçeleriniň galan böleginde, ýagny ýollaryň 80-90%-nde gardan, buzdan dolup, olarda ýagyn üýşmekleri arassalanmaýar. Sürçek ýollarda ulaglar taýyp, ýoldan çykyp, köçe-ýol hadysalary ýygy-ýygydan bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Arassalanmaýan köçeleriň hatarynda Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, Oguzhan köçesiniň gündogar tarapy, Baba Annanow köçesi we beýlekiler bar.

"Döwlet bir adam üçindir diýleni bolýar"Habarçymyz köçe-ýol hadysalarynyň Gurbansoltan eje, Oguzhan we Andalyp köçelerinde bolandygyny, ýöne olarda agyr şikeslenmeleriň ýa-da adam ýitgileriniň bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Köçeleriň ählisiniň arassalanmazlygy hem sürüjileriň, hem-de pyýadalaryň köpüsinde nägilelik döredýär.

“Diňe prezidentiň geçýän köçeleriniň arassalanyp, galan köçeleriň arassalanmazlygy, häkimiýetleriň ‘döwlet adam üçindir’ diýen şygaryny ýalan çykaryp, ‘döwlet bir adam üçindir’ diýleni bolýar” diýip, aşgabatly sürüji anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, şäher häkimliginiň we jemagat hojalygy müdirliginiň birnäçe işgäri ýollary arassalamak üçin az sanda bolsa-da ýörite ulaglaryň bardygyny, ýöne olary “aýap saklamak” barada buýruk berlendigini aýdýar.

“Bu ulaglaryň sanynyň azlygy sebäpli bölüm dolandyryjysy bu ulaglar bilen diňe prezidentiň kerweniniň geçýän esasy köçeleri arassalamagy, galan köçeleri köne ulaglar bilen arassalamagy tabşyrdy. Ol galan wagty täze ulaglaryň kärhananyň duralgasynda aýap saklanmalydygy, diňe zerur ýagdaýlarda ulanmalydygy barada görkezme berdi” diýip, Jemagat hojalygy müdirliginiň bir işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýyladyş ulgamlarynyň işi bökdeýärPaýtagtyň ýaşaýjylarynyň köçelerdäki “azaby” dowam edýän mahaly, şäheriň ençeme etrapçasynyň ýaşaýjylary, şol sanda çagalar ýylynmak meselesinde kynçylyk çekýär.

Muňa sowet döwründe gurlan etrapçalarda, şol sanda 1, 2, 3, 4, 5, 6-njy we 30-njy etrapçalardaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda, orta mekdeplerde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we talaba laýyk işlemezligi sebäp bolýar.

“Soňky onýyllyklaryň dowamynda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işlese-de, köne jaýlaryň, şol sanda 40-50 ýyl ozal gurlan mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulagmlary talaba laýyk işlemeýär. Otaglar ýylynmaýandygy we sowukdygy sebäpli çagalar sowuklap, dümewleýär” diýip, 6-njy etrapçanyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, agzalan etrapçalardaky jaýlaryň birinji gatlaryndaky ýyladyş ulgamlary birneme kadaly işlese-de, ýokary gatlaryň ýaşaýjylary öýlerini elektrik peçleri arkaly ýylytmaly bolýarlar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada şäher häkimliginden, “Aşgabatýylylyk” trestinden we Jemagat hojalygy müdirliginden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji ýanwarda bu edaralaryň resmi web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda gyş aýlarynda ygally howadan soň köçeleriň öz wagtynda arassalanmazlygy, ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezligi bilen bagly wakalar ýylyň-ýylyna gaýtalanýar. Mundan başga-da, ilat gaz we elektrik üpjünçiliginiň ýygy-ýygydan kesilmegi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar.

Ýangyç serişdelerine baý, şol sanda tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgap, bökdençlikleriň sebäbini düşündirmeýär. Bu barada ýurduň metbugaty hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России