ABŞ: Eýran režimi gowşady
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýurduň aňtaw gulluklaryndan alan hasabatlarynda Eýran režiminiň gowşaýandygy aýdylýar. “New York Times” gazeti bu habary ABŞ-nyň hökümet çeşmelerine salgylanyp çap etdi.
Gazetiň ýazmagyna görä, Eýran hökümeti häzirki wagtda 1979-njy ýylda ýurduň şasyny agdaran rewolýusiýadan bäri iň gowşak ýagdaýda durýar.
Geçen ýylyň ahyrynda başlan köpçülikleýin protestler hatda ýurduň häzirki režimini adatça ýokary derejede goldaýan sebitlerine hem ýaýrady.
Eýrandaky krizis prezident Trampyň protestçileri goramak üçin ABŞ-nyň güýç ulanmagynyň mümkindigi barada duýduryş bermegine sebäp boldy. Emma muňa garamazdan, “New York Times” gazetiniň habaryna görä, Ak Tamyň nähili çäreleri göz öňünde tutýandygy henize çenli düşnüksiz bolup galýar.
Prezidentiň geňeşçileriniň arasynda güýç ulanmak meselesindäki pikir iki bölege bölündi. Eýran häkimiýetleri bir protestçiniň meýilleşdirilen jezalandyrylmagyny ýatyranyndan soň, prezident Trampyň özi soňky günlerde Tährana garşy gönüden-göni haýbat atmakdan saklandy.