Türkmen goşuny dünýäniň iň güýçli goşunlarynyň arasynda 78-nji orny eýeledi
Dünýäniň iň güýçli goşunlarynyň "Global Firepower" merkeziniň analitikleri tarapyndan düzülen reýtinginde türkmen goşuny 145 goşunyň arasynda 78-nji orny eýeledi diýip, "Fergana" habar berýär.
Reýtingi düzüjiler Türkmenistanyň ilatynyň sanyny 5,74 million diýip çakladylar (soňky ilat ýazuwyna görä, ýurduň 7 milliondan gowrak raýatynyň bardygy aýdylýar). Olaryň 2,76 milliony mobilizasiýa güýçleri üçin, 2,24 milliony bolsa harby gulluk üçin ýaramly diýlip hasaplanýar.
Ýaragly güýçleriň iş ýüzündäki şahsy düzüminiň sany 36,500. Ýurtda 654 tank, 11,600 harby ulag, 16 gözegçilik gämisi we 91 sany uçar bar.
Goranmak üçin býujet 1,46 milliard dollar diýlip bilinýär.
53-nji orunda duran Özbegistanyň ýaragly güýçleri Merkezi Aziýada iň güýçli goşun hökmünde ykrar edilýär.
Gazagystan 58-nji, Täjigistan 100-nji we Gyrgyzystan 109-njy orunda durýar.
Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen harbylar, öňki esgerler türkmen goşunynda azyk, korrupsiýa meseleleriniň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.