Trampyň wekili Berdimuhamedowa myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi
ABŞ-nyň prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Birleşen Ştatlaryň Hindistandaky ilçisi Serjio Gor Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowа myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
“Biznes Türkmenistan” bu habary onuň sosial mediadaky ýazgysyna salgylanyp çap etdi.
X platformasyndaky hasabynda ýazmagyna görä, Serjio Gor ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen geçiren söhbetdeşliginiň dowamynda sebitde soňky wagtlarda bolan oňyn ösüşler, şol sanda Türkmenistana eden sapary barada pikir alyşdy.
Serjio Gor we ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň sekretary Deniel Driskol Türkmenistana eden saparlary wagtynda prezident Serdar Berdimuhamedow, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen duşuşyp, howpsuzlyk we ykdysadyýet meseleleri barada maslahat etdiler.
Mundan başga, Serjio Gor Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirdi.
Türkmen metbugaty taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alşandyklaryny habar berýär.