Aşgabatda 'Al Nasr' bilen öýnajak 'Arkadagyň' janköýerlerini taýýarlamak üçin maşklar dowam edýär
“Arkadag” futbol toparynyň Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” topary bilen Aşgabatda geçiriljek futbol ýaryşyna iki hepde galdy. 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriljek futbol ýaryşyna taýýarlyklar dowam edýär, studentleriň gatnaşmagynda yzygiderli maşklar geçirilýär.
Paýtagtyň Olimpiýa stadionynda yzly-yzyna geçirilýän maşklarda ýaşlara "janköýer" bolmak öwredilýär. Maşklaryň dowamynda olara gygyrmaly şygarlaryny we guramaçylykly tertipde hereketlenip, öz bedenleri bilen şekilleri emele getirmegi öwredýärler.
Azatlygyň paýtagtdaky habarçysynyň 28-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, şu günler geçirilýän maşklarda "Arkadag" toparynyň gol uran pursadynda "janköýerleriň" etmeli hereketleri ýerine ýetirilýär.
"Gol geçse 'Arkadag' diýip gygyrmaly we öz bedenlerini hereketlendirip, 'Arkadag' ýazgysyny ýasamaly. Talyplary şol ýazgy düzüler ýaly edip, oturtdylar. Şeýle-de, bize oýun gutaranson, 'başga tarapdan çykmaly, stadionyň öňünden çykmaly däl' diýip düşündirdiler" diýip, aşgabatly student gürrüň berdi.
Olimpiýa stadionyndaky maşklara gatnaşan studentleriň sözlerine görä, olar birnäçe sagatlap sowukda bir ýerde oturmaly bolýarlar.
"Fewralda boljak futbol oýnuna taýýarlyk çäresinde talyplary bir aý öňünden stadiona gatnadyp, köpçülikleýin sazlaşykly hereketleri ýerine ýetirmegi we stadionyň oturgyçlarynda reňkli baýraklary galdyrmagy öwredýärler, muny surata düşürýärler. Munuň sport oýny bolmagyna garamazdan, ýene-de syýasy şygarlary ulanýarlar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy ýurtda isledik çäräniň syýasylaşdyrylýandygyny belledi.
"Arkadag" adyny göterýän futbol kluby 2023-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti we häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyryldy.
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň futbol toparlarynyň arasynda 11-nji fewralda geçiriljek oýna türkmen tomaşaçylaryny taýýarlamak boýunça çäreler Aşgabatda geçen hepdede başlandy. Maşklara studentleriň, şol sanda Sport we turizm institutynda okaýan ýaşlaryň gatnaşdyrylýandygyny we olara "Arkadag" toparyna janköýer bolmagyň tertibiniň öwredilýändigini habarçymyz 22-nji ýanwarda aýdypdy.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen aşgabatly synçy türkmen häkimiýetleriniň studentleri propagandistik maksatly çärelere çekip, ýaşlary bilimdem mahrum edýändigini we geljegine zyýan ýetirýändigini belledi.
"Hökümetiň ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryny okuwdan, bilimden aýryp, içerki syýasy oýnuna çekmegi ýaýbaňlanýar. Isle sport çäresi, at çapyşygy, ulag ýaryşlary, aýdym-saz bäsleşikleri, edebi duşuşyklar - ählisi syýasata baglanýar we ilaty dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan üzňe saklap, öz ýapyklyk syýasatynyň dogrudygyny halkyň aňyna siňdirmek üçin ulanylýar. Prezidenti mahabatlandyrýan propaganda çäresi bilen ýaşlaryň aňy ýuwulýar" diýip, aşgabatly synçy aýtdy.
Şeýle-de, Türkmenistanda "Arkadag" toparynyň “Al-Nassr” komandasy bilen futbol oýnunyň tomaşaçy sanyny artdyrmak üçin ilatyň dürli gatlaklary petek satyn almaga mejbur edilýär.
Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, futbol oýnuna barmaly türkmen tomaşaçylarynyň ýene bir toparyny býujet edaralaryň işgärleri düzýär. Azatlyk Radiosy bilen gepleşen aşgabatly býujet işgärleriniň birnäçesiniň sözlerine görä, paýtagtyň döwlete degişli edaralarynda we kärhanalarynda biletler guramaçylykly satylýar we işgärlere bilet satyn almak we stadionda hökman görünmek berk tabşyrylýar.
2017-nji ýylda gurlan Aşgabadyň Olimpiýa stadiony 45 müň tomaşaça niýetlenýär. Emma ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary üçin gurlan bu kaşaň desganyň soňky 9 ýyl bäri köplenç boş durýandygyny, ony tomaşaçy bilen üpjün etmek üçin ilatyň mejbur edilýändigini habarçylar aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, her çärede stadionyň üç-dört hatary zordan doldurylýar.
Türkmen futbolçylarynyň Saud arabystanly garşydaşlary bilen ýaryşynyň 11-nji fewalda Aşgabatda we 18-nji fewralda Er-Riýadda boljagy Kuala-Lumpurda geçirilen bije çekilişinden soň yglan edildi. Aziýa Futbol Konfederasiýasy (AFK) şonda Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň duşuşyklarynyň senelerini we başlanýan wagtlaryny tassyklady.
Türkmenistanyň "Arkadag" topary bilen oýnajak Saud Arabystanynyň "Al-Nassr" klubynyň düzüminde bäş gezek "Altyn top" baýragynyň eýesi bolan Kristiano Ronaldo hem bar. Emma onuň Türkmenistana gelip-gelmejegi barada habar bolmady.
Türkmen tomaşaçylary 11-nji fewralda Aşgabatda geçiriljek “Arkadag”-“Al-Nassr” futbol komandalarynyň öýnuna QR-kodly peteginiň ýany bilen öz şahsyýetini tassyklaýan resminama ýagny pasport ýa-da dogluş şahadatnamasyny alyp barmaly bolar.
Media habarlarynda petekleriň Aşgabadyň häkimliginiň resmi internet sahypasy, şeýle-de “Sanly şäher” mobil goşundysy arkaly 19-njy ýanwarda satylyp başlandygy habar berildi. Emma petekleriň anyk nyrhy görkezilmän, bahasynyň oýun meýdançasyndaky orunlaryň ýerleşişine we sektorlaryna görä kesgitlenjegi aýdyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.