Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabatda möhleti geçen azygyň senesini üýtgedip, gaýtadan satýarlar, Maryda gymmat etiň hyrydary azalýar

Aşgabadyň dükanlarynda azyk önümleri gymmatlaýarka, wagtynda geçmän, möhleti gutaran önümler köpelýär. Azatlygyň çeşmeleri şeýle harytlaryň satuwdan aýrylman, möhleti täzelenip, alyjylara hödürlenýändigini habar berýärler. Bu aralykda Maryda gymmat et önümlerine ýeterlik alyjy bolman, telekeçiler zyýan çekýärler.

Azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň eýeleri, öz önümleriniň möhletli geçende olary ýok edip, çykdaja galmazlyk nukdaý nazardan, bu ýagdaýdan çykalga hökmünde azygyň möhletini täzeleýärler diýip, kärhanalardaky ýagdaýdan habarly birnäçe çeşme aýdýar.

"Kärhanalaryň käbir eýeleri, möhleti geçen öz önümlerindäki ýazgylary üýtgedip, täze ýazgy urup, önümiň çykan günini täzeleýärler. Olaryň arasynda azyk önümlerini öndürýän uly we meşhur kärhanalar hem bar" diýip, paýtagtly çeşme 28-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Çeşmeleriň bellemegine görä, köplenç bu ilat tarapyndan halanýan we köp satyn alynýan harytlara degişli bolup, adatça olaryň hyrydary köp bolýar. Emma soňky wagtda söwdanyň möçberi pes gaçypdyr.

"Meşhur kärhanalaryň öndürýän harydy hem geçmän, dükanlara satdyrmak üçin paýlanýan önümler satylman olaryň möhleti geçýär. Dükan satyjylary şeýle önümleri yzyna tabşyrýar. Bu ýagdaý kärhanalary çykalga agtarmaga iterýär. Möhletli geçen önümleri yzyna göz üçin gaýdyp alynýar we önümiň senesi üýtgedilip, täze önüm hökmünde ýene-de satuwa çykarylýar" diýip, çeşme aýdýar.

Şeýle-de, çemeler Türkmenistanyň içerki bazarynda ençeme ýyllap üstünlikli bolan kärhanalaryň önümçiligini yzygiderli artdyryp, göwrümini giňelden bolsa, indi işgär sanyny azaltmak ýa-da önüm öndürmegi bes edip, kärhanany ýapmak ýaly çärelere seretmeli bolýandygyny bellediler.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeler birnäçe kärhananyň adyny agzadylar. Azatlyk Radiosynyň şol kärhanalardan resmi görnüşde teswir almak synanyşygy başa barmady.

Näme üçin hyrydar az bolýar?Türkmenistanda uzaga çeken ykdysady çökgünliligiň arasynda ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi dowam edýär. Döwlet tarapyndan ilat üçin göz öňünde tutulan sosial goldaw ýatyrylýarka, harytlar we hyzmatlar gymmatlaýar. Hökümet tarapyndan resmi taýdan açyk boýun alynmaýan işsizlik, garyplyk ýaly agyr problemalaryň netijesini ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmeginde görse bolýar.

"Azyk gymmatlap, aýlyklaryň indeksasiýa edilmän öňki derejesinde saklanmagy, ilatyň gündelik iýmiti üçin çykdajylarynyň girdejisinden artyk bolmagyna getirdi. Köp hojalyklar öňki iýýän iýmitleriniň görnüşlerini kemeldip, az sanly arzan iýmitler bilen iýmitlenmeli bolýar. Bu köp azyk önümleriň dükanlarda geçmän galmagyna getirdi" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Möhleti geçen harytlaryň dükan tekjelerinde köp duş gelýändigini, käbir önümleriň möhletiniň üýtgedilýändigini habarçylar ençeme gezek habar beripdi. Soňky gezek şeýle harytlaryň birden köpelendigi we adamlaryň azykdan zäherlenmegine degişli ýagdaýlaryň köpelmegi barada noýabrda habar berlipdi.

Ýagdaý has-da agyrlaşdyTürkmenistanlylar ýagdaýyň täze ýyldan hasam agyrlaşandygyny belleýärler.

"Geçen ýyllarda her ýylyň başynda aýlyk, pensiýa, kömek pullary, çaga puly göterilen bolsa, bu ýyl Türkmenistanyň hökümeti ol mümkinçiligi hem ýatyrdy. Indi hojalyklar öňki iýýän iýmitlerinden hem el çekmeli bolýarlar. Alyjylaryň azyk harytlaryny satyn almaga maddy mümkinçiligi ýok" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Mary welaýatynda dükan eýeleri "halk öňküsi ýaly et satyn alanok, söwdamyz durdy" diýýärler.

"Öňler 35-40 kilogram goýun soýsak günortana ýetmän satyp, gutarardym indi uzakly günde 5 kilogram et satyp bilemok. Häzir et dükana gelýän adamlar süňk soraýarlar, düýe malynyň 1 kilogram süňki 25-30 manat aralygynda" diýip, hususy dükanyň eýesi gürrüň berdi.

Bazarlarda etiň bahasy şu günler ýokary bolmagyna galýar. Maryda düýäniň süňkli eti 75 manat çemesi bahalanýar, çylka sygyr etiniň bir kilogramy 150 manada, süňkli et 100 manada, diňe süňküň özi 25 manada durýar.

Sebitiň döwlet dükanlarynda satylýan et önümleri adatça arzanrak bolýar, emma häzir süňksüz arzan et satylmaýar diýip, maryly çeşmeler aýdýar.

"Arzan eti lomaý görnüşinde toý hyzmatlaryny hödürleýänlere, kafelere, somsa-fitçi bişirýänlere, konserwa taýýarlaýan telekeçilere 45-50 manatdan satylýar. Adaty alyjylar towuk buduny satyn alýar" diýip, çeşme agzan bahasynyň resmi bahadan ortaça 20% ýokarydygyny belleýär.

Ýurtda etiň bahasy geçen ýylyň tomsunda ýokarlanyp başlady we güýzde rekord derejesine ýetip, 155 manat boldy. (Merkezi Bankyň kursy boýunça 44,2 dollar - red.). Şondan soň bazarlarda etiň hyrydary azalypdy, döwlet dükanlarynda satylýan pes hilli et önümleriniň hyrydary köpelipdi. Azatlyk bilen gepleşen ýaşaýjylar hatda döwlet dükanlaryndaky 30 manatlyk eti satyn almaga-da köp maşgalalarda maddy mümkinçiligiň ýokdugyny gürrüň beripdi.

Şeýle-de bolsa, ilat arasynda nägileligiň güýçlenmeginiň arasynda häkimiýetler hususy et dükançylaryndan eti arzanlandyrmagy talap edipdi. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň telekeçileri kanun goraýjylaryň et dükanlaryna aýlanyp, eti arzan satmagy talap edendigini 19-njy noýabrda Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России