Gazagystanda täze Konstitusiýany işläp düzmek teklip edilýär
Respublikan adwokatlar birleşiginiň başlygy Madi Myrzagaraýew konstitusiýa toparynyň Astanada geçirilen mejlisinde köne Konstitusiýa düzediş girizip, ony gaýtadan ýazmagyň ýerine täze konstitusiýany işläp düzmegi teklip etdi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan geçen hepde döredilen komissiýanyň beýleki agzalary hem ony goldady. Prezident Esasy kanuny täzeden gözden geçirmek ideýasyny öňe sürüpdi.
Tokaýew 20-nji ýanwarda iki palataly parlamentden bir palataly parlamente geçmegi, başlangyç kanun çykaryjy hukugy bolan maslahat beriji edarany, “Halyk Keňesini” döretmegi we wise-prezident wezipesini girizmegi teklip etdi.
Komissiýa başga-da bir topar düzediş hödürledi. Bu düzedişleriň Esasy kanunyň maddalarynyň 80 göterimden gowragyna täsir edýändigi aýdylýar.
Komissiýanyň agzalary parlamenti bölmek baradaky bölümden has öňe gitdiler. Olar Konstitusiýada nikalaşmagyň erkek bilen aýalyň arasyndaky birleşikdigini göz öňünde tutmagy teklip edýärler.