Rus kazyýeti boksçy Dmitriý Biwolyň öňki aýalyny ýigrenji öjükdirmekde günäli tapdy
Sankt-Peterburgyň Lenin etrap kazyýeti rus boksçysy Dmitriý Biwolyň öňki aýaly, blogger Ýekaterina Biwoly ýigrenji öjükdirmekde günäli tapyp, 60 sagat jemgyýetçilik işine höküm etdi diýip, “Fergana” neşiri habar berýär.
Kazyýet Biwolyň hereketlerini administratiw hukuk bozulmalary baradaky kodeksiň 20,3,1-nji maddasynyň — "ýigrenç ýa-da duşmançylygy öjükdirmek, şeýle-de adam mertebesini kemsitmek" maddasynyň bozulmagy hökmünde häsiýetlendirdi. Bu jenaýat işi onuň geçen ýylyň oktýabr aýynda sosial mediada paýlaşan ýazgysyndan soň gozgaldy.
Bu ýazgy derňew edaralarynyň ünsüni özüne çekdi we lingwistik seljermäniň geçirilmegine alyp geldi.
Bilermenler edilen beýanatlarda milleti, dili we gelip çykyşy boýunça birleşen adamlaryň toparyna, hususan-da gyrgyzlara we gazaklara negatiw baha berlendigi baradaky netijä geldiler.