Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Paýtagt keselhanalarynda uly nobatlar saklanýar, hassalar Arkadaga ugradylýar

Paýtagtyň onkologiýa hassalara hyzmat edýän keselhanalarynda ýüz tutýan näsaglaryň iňňän köpdügi sebäpli uly nobatlar saklanýar. Paýtagtly lukmanlar hassalaryň ençmesini Arkadagdaky klinikalara ugradýar. Aşgabatlylar Arkadagda medisina hyzmatlarynyň has gymmada düşýändigini aýdýarlar.

Onkologiýa hassahanasynda näsaglaryň nobatlary daňdan başlanýar. Bu ýerde bejergä ýa-da barlaga matäç hem paýtagtlylar, hem-de welaýat ýaşaýjylary öz gezegine uzakly gün garşyp durýarlar.

"Nobatlar örän köp, ir sagat 7-den başlanyp, adamlar aýak üstünde durýarlar. Näsaglardan ýaňa Onkologýa hassahanasynda bazarda ýaly aýak basmaga ýer ýok" diýip, agabatly çeşme aýtdy.

Hassahana birnäçe günläp gatnaýan hassalar hem bar. Azatlygyň habarçysy nobatyna garaşýan we her gün gatnaýan adamlar kabul edilýänçä käwagt 3-4 gün geçýändigini belledi.

"Etraplardan gelenleri azyndan 3 -4 gün garaşdyryp kabul edýärler. Iň erbedi bu hassahanalardaky lukmanlaryň arasynda näsaglara 2-3 aý ömrüň galypdyr, bejergi alyp oturma diýip, ugradýanlar hem bar" diýip, habarçy hassalara salgylanyp aýtdy.

"Seniň netijäň 4-nji basgyçda ekeni sendäki rak öýjükleri ähli ýeriňe geçip, damar urup ýetişipdir. Sen gowusy maşgalaňa bar 2 aý bolsa-da olaryň arasynda bol, bizde bejergi alanyň peýdasy ýok diýip, açyk jogap berip, ugradyp goýberdiler" diýip, habarçy hassany sitirledi.

Aşgabatdaky Onkologiýa, Endokrinologýa, Newrologýa merkezlerindäki ýagdaýdan habarly çeşmelere görä, bu hassahanalaryň ählisinde nobatlar uly. Hususan-da, MRT barlag enjamlarynyň nobaty maý aýyna çenli uzaýar.

Bu ýagdaýda lukmanlar hassalaryň ençemesini Arkadagyň keselhanalaryna ugradýar diýip, çeşme aýdar.

"Aşgabatdaky Onkologiýa hassahanasy ýüz tutýan hassalaryň analiz netijelerini görmän, barlag etmek üçin zerur radioaktiw maddanyň ýokdugyny aýdyp, analizleri Arkadag şäherindäki biohimýa barlaghanasyna baryp barlatmalydygyny aýdýar. Şeýdip, welaýatly we paýtagtly näsaglara hassalygy Arkadagdaky keselhanada anyklamak tabşyrylýar" diýip, çeşme aýtdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmeler barlaglaryň resmi bahasynyň deňräkdigini, emma onuň daşyndan bermeli paranyň hyzmatlaryň nyrhyny artdyrýandygyny aýdýarlar.

"Eger Arkadagdaky MRT barlagyna baryp, 2000 manat para berseň fewralyň 5-ne nobata ýazýarlar. Aşgabatda hem töleg şonça, ýöne has köp garaşmaly. Ähli gowy enjamlar we MRT barlagçy lukmanlar Arkadagdaky hassahanada işleýärler. Döwlete tölegi hem gymmatlady 350 manat bolan hyzmat 930 manat boldy" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Hassalary, şol sanda onkologiýa keselli raýatlary Arkadagyň hassahanalaryna ugratmak bilen bagly tejribeler soňky iki ýyla golaý wagt bäri dowam edýär. Paýtagtyň keselhanalary, şeýle-de welaýat hassahanalary hem näsaglary Arkadaga ugradýar. Türkmen hökümetiniň agyr ykdysady krizisiň arasynda milliardlarça amerikan dollary sarp edip, guran we 2,5 ýyl mundan öň açylan bu täze şäherde gurlan medisina edaralary döwrebap gurallar bilen enjamlaşdyrylan.

Saglyk problemalaryndan ejir çekýän raýatlar bu ýerdäki hyzmatlaryň gymmatdygyny we munuň üçin tölemäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýarka, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk resmileri häkimiýetleriň uly mukdarly pula gurlan Arkadagyň enjamlaşdyrylan hassahanalarynyň çykdajylarynyň öwezini dolmak isleýändigini aýdýarlar.

Mundan öň Balkan welaýatynyň hassahanalaryndan her hepde 10 adamy Arkadagdaky hassahanalara ýatyryp, bejergi aldyrmak üçin ugratmagyň tabşyrylandygyny, edil şeýle buýrugy alan Aşgabatdaky medisina merkezleriniň ýüz tutýan adamalara diňe bir ýollanma ýazyp bermän, hassalary dessine tiz kömek ulagyna mündürip, Arkadagdaky keselhana eltip gelýändigini habarçylar 2024-nji ýylyň fewralynda habar beripdi.

Ondan ozalky ýyllarda welaýat keselhanalary hassalary köpçülikleýin paýtagta ugradýardy we munuň welaýatlarda agyr keselleri barlamak hem bejermek üçin mümkinçiligiň örän çäklidigi, sandan çykan gurallaryň wagtynda bejerilmeýändigini we lukmanlaryň ýetmezçilik edýändigi bilen düşündiripdi.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň wekilleri problemalar barada resmi derejede teswir bermekden saklanýarlar.

Türkmenistanda keselçilige, şol sanda onkologiýa kesellerine degişli resmi statistika sanlary köpçülige elýeterli däl. Emma soňky iki ýylyň dowamynda ýurtda aýal-gyzlarda onkologiýa kesellerini anyklamak boýunça guramaçylykly çäreler geçirildi we býujet edaralaryň işgärleri we okuwçy gyzlar üçin hökmany boldy.

Türkmen metbugaty 2025-nji ýylyň 8–13-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda hem-de Daşoguz sebitinde onkologiýa kesellerini anyklamak we bejermek boýunça berilýän lukmançylyk kömeginiň ýagdaýyna baha bermek üçin “imPACT” atly gözden geçiriş missiýasynyň geçirilendigi barada maglumat ýaýratdy.

Bu missiýanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Atom energiýasy boýunça Halkara agentligi (IAEA) we Ragy öwrenmegiň Halkara agentligi (IARC) bilen hyzmatdaşlyk esasynda guralyp, Türkmenistanda onkologiýa kömeginiň ulgamyny seljermek we ony berkitmek üçin amaly teklipleri taýýarlamakdan ybaratdygy habarda bellendi.

Emma şondan soň hem Türkmenistanda onkologiýa kesellerine degişli resmi sanlar çap bolmady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine 2019-njy ýylda hödürlenen we garaşsyz media serişdelerine çap bolan Türkmenistanyň Meýletin milli synynda Türkmenistanda ilatyň ölümine getirýän esasy keselçilikleriň biri ýürek-damar kesellerinden soň, onkologiýa keselleri diýlip, görkezilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России