Hong Konguň sudy media tüçjar Jimmi Laýy 20 ýyl türmä höküm etdi
Hong Kongda kazyýet 78 ýaşly milliarder we media tüçjary, oppozision “Apple Daily” gazetiniň esaslandyryjysy hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň tankytçysy Jimmi Laýy 20 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Ol “daşary ýurt güýçleri bilen dildüwşüklikde” we “zyýan beriji materiallary” çap etmekde aýyplandy.
Kazyýet agzalarynyň pikirine görä, Laý ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň sanksiýalary, şeýle-de “duşmançylykly hereketleri” ornaşdyrmagy üçin lobbiçilik edipdir. Munuň üçin ol, kazyýetiň beýanatyna görä, onuň eýýäm ýapylan “Apple Daily” gazetiniň işgärlerini, aktiwistleri we daşary ýurt raýatlaryny hem öz içine alýan adamlaryň giň toruny ýola goýupdyr.
Laýyň goragçy tarapy BBC-ä beren maglumatynda, bu işi görkezme bir proses hökmünde häsiýetlendirdi we onuň netijesiniň öňünden belli bolandygyny aýtdy.
Laý 2020-nji ýylda, 2019-2020-nji ýyllarda Hong Kongda geçen uly möçberli protestlerden soň kabul edilen, milli howpsuzlyk kanunynyň güýje girizilmeginden soň tussag edildi. Bu kanun Hytaýyň kanun goraýjy we ýörite gulluklaryna Hong Kongda hereket etmäge mümkinçilik berýär, şeýle hem awtonomiýanyň häkimiýetlerinden, meselem, Hong Kongyň Hytaýdan bölünip çykmagyny goldaýanlary jenaýat jogapkärçiligine çekmegini göz öňünde tutýar.
Dünýäniň dürli künjeklerindäki adam hukuklaryny goraýjy guramalar, şol sanda “Serhetsiz reportýorlar”, Laýa garşy yzarlamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, onuň boşadylmagyny talap edýärler.