Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Aşgabatda we Maryda nikotinli pastilkalaryň söwdasyna garşy reýd geçirildi

Aşgabat şäherinde we Mary welaýatynda häkimiýetler nikotinli pastilkalaryň söwdasyna garşy gözegçiligi güýçlendirip, reýdleriň ençemesini geçirdiler. Kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiziň birnäçesi bu reýdleriň çäginde şeýle pastilkalaryň ýüzlerçe gutusynyň ele salnandygyny aýtdy.
“Fewralyň birinji hepdesinden başlap Aşgabatda we Maryda hukuk goraýjy edaralaryň nikotinli pastilkalar - halkara bazarda “nicotine pouches” diýlip tanalýan önümleriň gizlin dolanyşygyna garşy reýdleri güýçlendirdiler” diýip, çeşmämiz belledi.
Saglyk maglumatlaryny çap edýän “Yale Medicine” neşiriniň habaryna görä, çilim we bug öndürýän çilimlerden, şeýle-de beýleki temmäki enjamlaryndan tapawutlylykda, nikotinli pastilkalar dodak ýa-da ýaňak bilen diş etiniň arasynda ýerleşdirilýär. Olar agyzdaky suwuklyga siňip, adamyň ganyna ornaşýar.
“Bu pastilkalarda çilimde we tüssesiz temmäkilerde ulanylýan ösümlik we belli kanserogen bolan temmäki ýok. Emma olaryň düzüminde temmäkide tapylan nikotin atly himiki madda bar” diýlip, neşiriň maglumatynda bellenilýär.
Çeşmelerimiziň sözlerine görä, Aşgabadyň Berkararlyk, Parahat hem-de Çoganly ýaşaýyş toplumlarynda geçirilen barlaglaryň dowamynda birnäçe söwda nokadynda we ammar jaýlarynda nikotinli pastilkalaryň ýüzlerçe gutusy tapyldy.
"Ýüzleçe guty ele salyndy"“Mary şäherinde geçirilen meňzeş reýdleriň dowamynda bolsa, bazarlaryň töwereklerindäki hususy söwda nokatlarynda we onlaýn sargytlary taýýarlamak üçin ulanylýan ammarlarda şeýle önümleriň 300–500 gutusy konfiskasiýa edildi” diýip, ýene bir çeşmämiz aýtdy.
Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäki önümlerinden saplamagy meýilleşdiren türkmen häkimiýetleri on ýyl mundan ozal temmäki önümleriniň söwdasyny resmi görnüşde berk çäklendirilip başladylar.
Muňa laýyklykda, temmäki önümlerini getirmäge we satmaga degişli ähli ygtyýarlyklar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi. Şeýle-de, ýurtda nikotinli pastilkalaryň importy, satuwy we mahabatlandyrylmagy döwlet tarapyndan berk çäklendirildi.
Degişli türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri tarapyndan temmäki önümine garşy geçirilen nobatdaky reýdler we olarda konfiskasiýa edilen önümleriň anyk möçberi barada açyk maglumatlar çap edilmeýär.
Azatlygyň paýtagtyň we Marynyň Polisiýa müdirlikleri bilen telefon arkaly habarlaşyp, bu ýagdaýlar barada resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.
Çeşmelerimiz reýdleriň sebäbini ýurtda nikotinli pastilkalaryň gizlin söwdasynyň artmagy, şeýle-de munuň ýaşlaryň arasynda meşhurlygynyň ýaýbaňlanmagy bilen baglylykda, onuň satuwynyň öňüni almak tagallalary bilen düşündirýärler.
“Nikotinli pastilkalar ilkinji nobatda daşary ýurtlarda okaýan ýa-da işleýän ýaşlaryň arasynda meşhur bolup başlapdyr. Olar bu önümleri daşary ýurtlardan getirip, tanyşlarynyň arasynda paýlaşypdyrlar. Soňra bolsa sosial torlar arkaly satylýan gizlin bazar kem-kemden giňelipdir. Häzir bu önüm, käbir ýaşlaryň, şol sanda ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryň arasynda ‘trend’ hökmünde ýaýraýar” diýip, çeşmämiz belledi.
"Jemgyýetçilik ýerlerinde gizlin ulanyp bolýar"Bu önümleri ulanýan ýaşlaryň ençemesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, olar nikotinli pastilkalary çilim çekmegiň alternatiwasy hökmünde, ysynyň bolmazlygy we jemgyýetçilik ýerlerinde gizlin ulanyp bolýandygy sebäpli saýlap alýarlar.
Bu ýagdaýlara ýakyndan syn edýän synçylaryň birnäçesi häkimiýetleriň temmäki önümlerini düýbünden gadagan etmegiň deregine olaryň zyýany barada giň gerimli düşündiriş işlerini geçirmegiň has ýerlikli boljakdygyny aýdýar.
“Ýale Medicine” neşiri saglyk boýunça bilermenlere salgylanyp, nikotiniň hemmelere ýaramaz täsir edýändigini, ýöne onuň ýaşlar üçin has howpludygyny aýdýar.
“Sebäbi ol heniz ösüp barýan beýnilerinde fiziki üýtgeşmelere sebäp bolup biler. Şeýle hem, ol örän garaşlylyk döredýän stimulýatordyr” diýlip, neşiriň 2024-nji ýylyň iýul aýynda çap eden maglumatynda bellenýär.
Bu aralykda, söwda bilen meşgullanýan telekeçileriň birnäçesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda bu önümleriň köplenç Russiýadan, Gazagystandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan ýolagçylar arkaly bölekleýin getirilýändigini aýtdy.
“Käbir ýagdaýlarda önümler kiçi bukjalar görnüşinde poçta arkaly hem iberilýär. Şeýle usullar arkaly getirilen harytlar soňra sosial torlar we messenjerler arkaly müşderilere ýetirilýär” diýip, aşgabatly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России