Russiýadaky harby kazyýet terror hüjümini taýýarlamakda aýyplanan özbek raýatyna uzak möhletli jeza berdi
Russiýanyň Rostow-na-Donu şäherindäki Günorta okrug harby kazyýeti özbegistanly Žawohir Utkirowy Stawropol kraýynyň hökümet binasynda terrorçylykly hüjümi taýýarlamakda günäli tapyp, ony 20 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Ol ilki bäş ýyly türmede geçirer, soňra bolsa berk düzgünli düzediş koloniýasyna iberiler. Mundan başga-da, oňa bir million rubl möçberinde jerime berildi. Bu barada kazyýetiň Telegram kanalynda habar berilýär.
Işiň materiallaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Utkirow wideo ýüzlenme ýazgy edip, Russiýada gadagan edilen “Yslam döwleti” (YD) terrorçy guramasy üçin hereket etmäge taýýarlygyny mälim edipdir.
Aýyplanýan YD-niň ýolbaşçysynyň görkezmesi boýunça Russiýada bir ilatly nokady saýlap, terrorçylykly hüjümi amala aşyrmak üçin aňtaw geçirmegi, şeýle hem öý şertlerinde partlaýjyny gizlin ýasamagy we bir jaýy kireýine tutmagy borçlanypdyr.
“2023-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Utkirow Özbegistandan Russiýa geldi we Stawropoly saýlandygyny aýtdy. Ol birnäçe desganyň suratlaryny we wideolaryny düşürip, alnan materiallary YD-ä ugratdy. Soňra oňa terrorçylykly hüjümiň mümkin nyşanasy hökmünde Stawropol kraýynyň Hökümet binasy görkezildi” diýip, kazyýetiň beýatynda aýdylýar.
Şol ýylyň dekabrynda ol partlaýjy enjam taýýarlamak üçin zerur serişdeleri satyn alypdyr. 18-nji dekabrda ony ýörite gulluklaryň işgärleri saklady.
Kazyýet jenaýatyň agyrlygyny nazara alyp, iň berk hökümi çykardy.