Gazagystan Nawalnynyň ştabynyň öňki işgärini Russiýa ekstradisiýa etmek barada karar çykardy
Gazagystan oppozision aktiwist Ýuliýa Ýemelýanowany Russiýa bermegi meýilleşdirýär. Bu barada aklawçy Murat Adam habar berdi.
“Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Baş prokuraturasynyň ýene bir rus aktiwisti Ýuliýa Ýemelýanowany ekstradisiýa etmek baradaky karary kabul edendigi mälim boldy. Ýokary kazyýete gyssagly şikaýat taýýarlap başladyk” diýip, Murat Adam Facebook-da ýazdy.
Ýuliýa Ýemelýanowa 2024-nji ýylyň fewralynda Ýamal-Nenets awtonom okrugyndaky aýratyn düzgünli “Polýarnyý wolk” düzediş koloniýasynda aradan çykan rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyň Sankt-Peterburgdaky ştabynyň öňki işgäridir. 2021-nji ýylda Russiýada Ýemelýanowa garşy ogurlyk maddasy boýunça jenaýat işi gozgaldy. Derňewe görä, aktiwist hamala Sankt-Peterburgda taksi sürüjisinden telefonyny ogurlapdyr. Oppozisioner aktiwist günäsini inkär edip, işiň galplaşdyrylandygyny aýtdy. Iş kazyýete ýetende, ol ýurdy terk etdi.
Geçen ýylyň 31-nji awgustynda ol Almaty howa menzilinde saklandy. Ýemelýanowa Gazagystandan tranzit geçip, Gruziýadan Wýetnama uçuşy amala aşyrýardy. Oppozisioner Russiýanyň yglan eden halkara gözlegine laýyklykda saklandy. Häzirki wagtda ol Almatydaky derňew izolýatorynda saklanýar.
Habarlara görä, Ýemelýanowa Gazagystandan gaçybatalga sorady, ýüzlenmä entegem seredilýär.