Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Ýylda millionlarça düýp bag ekilýän Türkmenistanda baglary suwarmak býujetçileriň ‘üstüne ýüklenýär’

Her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary ekilýän Türkmenistanda häkimiýetler baglary suwarmak üçin çykdajylary býujet işgärleriniň üstüne ýükleýär diýip, Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki edara-kärhanalaryň onlarça işgäri aýdýar.

Olar munuň sebäbini özlerinden baglary suwarmak üçin nobatdaky gezek pul ýygnalyp başlandygy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“Her bir işgär Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ekilen baglary suwarmak üçin ýene 100 manat möçberinde pul tölemeli edildi. Işgärlerden bu puly nagt tölemek talap edilýär. Pul ýygnamak çäreleri mekdeplerde, hassahanalarda, saglyk öýlerinde, çagalar baglarynda we beýleki býujet edaralarynda amala aşyrylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.

Býujet işgärleri baglary suwarmak üçin özlerinden birinji gezek pul ýygnalmaýandygyny aýdyp, bu tejribäniň eýýäm ençeme aý bäri dowam edýändigini we özleriniň her aýda 100 manady nagt bermäge mejbur edilýändigini belleýärler.

"Dürli bahanalar tapyp yrsaraýarlar"Olaryň sözlerine görä, käbir býujet işgärleri “öň diňe agaç nahallaryny satyn almak üçin pul beren bolsak, indi baglary suwarmak hem býujetçileriň aýlyklarynyň hasabyna amal edilýär” diýip, öz nägileligini aç-açan görkezýär.

“Olar ‘baglara seredýän aýratyn edaralar bar, näme üçin baglary suwarmak mugallymlara ýa-da mediklere, hökümetden aýlyk alýanlaryň üstüne ýüklenýär?’ diýip, öz pikirlerini aýdýanlar hem bar. Ýolbaşçylar olara ‘işiň kanunlaryna we talaplaryna kaýyl gelmeseňiz işiňizden çykyp bilýärsiňiz’ diýilýär. Şeýle-de, soňra olaryň edýän işlerinden dürli bahanalar tapyp yrsaraýarlar” diýip, aşgabatly lukman anonimlik şertinde beren maglumatynda özüniň bu ýagdaýlara ençeme gezek şaýat bolandygyny hem aýtdy.

Türkmenistanda her ýyl ählihalk bag ekmek çäreleriniň çäginde millionlarça düýp bag nahallary ekilýär. Türkmen hökümeti we mediasy bag ekişligi daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäre hökmünde mahabatlandyrýar. Ýöne olar nahallaryň kimleriň hasabyna satyn alynýandygy we suwarylýandygy barada hiç zat aýtmaýarlar.

Aşgabatly lukman býujet işgärlerinden diňe baglary satyn almak ýa-da suwarmak üçin däl, eýse ‘edara gelýän barlagçylara para bermek ýa-da sowgat satyn almak’, abatlaýyş we abadanlaşdyrmak we beýleki maksatlar üçin-de yzygiderli pul ýygnalýandygyny aýdýar.

"Aýlygyň azyndan 10%-i pul ýygnamak çärelerine gidýär"“Aşgabatdaky býujet işgärleri her aýda öz aýlyk haklaryndan takmynan 300 manady dürli pul ýygnamak çäreleri üçin berýärler. Karta aýlyk geçen badyna edara administrasiýasy işgärlerden nagt görnüşinde pul tabşyrmaklygy talap edýär” diýip, paýtagtly mugallym belledi.

Onuň sözlerine görä, paýtagtda her bir mugallym we lukman, iş ýüküne görä, ýagny okadýan sagadyna ýa-da iş stawkasyna laýyklykda, 3 müň manat töwereginde aýlyk alýar.

“Bu, her aýda mugallymyň ýa-da lukmanyň aýlyk hakynyň azyndan 10 göteriminiň ýolbaşçylaryň pul ýygnamak çäresine gidýändigini aňladýar” diýip, mugallym belledi.

Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri ýyllarboýy gaýtalanýan bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgap, onuň sebäpleri we býujetçilere ýetirýän täsirleri barada ilat köpçüligine maglumat bermeýärler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetlerinden bu ýagdaýlar barada resmi teswir almak boýunça edýän synanyşyklarymyz hem oňyn netije bermeýär.

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleri ýylyň dowamynda onlarça gezek näresmi pul goşundylaryny goşmaga mejbur edilýär. Bu goşundylar haýyr-sahawat işleri, köpçülikleýin çäreler, arassaçylyk we oba hojalyk işleri, şol sanda pagta ýygymy, şugundyr we ýeralma ýygnamak ýaly maksatlar üçin ýygnalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России