Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Balkanda raýatlaryň açyk şikaýat wideolary köpelýär, MHM-niň olara basyşy güýçlenýär

Türkmenistanda, hususan-da, Balkan welaýatynda raýatlaryň sosial ulgamlar arkaly ýerli kazyýetleriň üstünden açyk şikaýat etmegi bilen bagly nägilelik wideolary göz-görtele köpeldi. Munuň bilen bir wagtda, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) we polisiýanyň ýerli bölümleri tarapyndan wideolary paýlaşýan raýatlara garşy basyşlar hem artdy. Bu wakalaryň fonunda, sebitde ilatyň Internet üpjünçiliginiň hili ýaramazlaşdy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji fewralda sebitden maglumat berdi.

“Açyk şikaýat wideolaryny paýlaşýanlar özleriniň dürli sud meseleleri bilen bagly ýerli kazyýetleriň, şol sanda welaýat kazyýetiniň çykaran kararlary bilen ylalaşmaýandyklaryny, bu babatda ýazan arzalaryna özlerini kanagatlandyrýan jogaby alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Sosial ulgamlarda, hususan-da, TikTok-da paýlaşylan şuňa meňzeş onlarça wideonyň köpüsinde raýatlar "ýerli häkimiýetleriň, şol sanda kanun-goraýjy we sud edaralarynyň eden-etdiliklerine Aşgabatdaky häkimiýetleriň ünsüni çekmek isleýändiklerini" aýdýarlar.

“Olar öz başdan geçirenlerini gürrüň berip, esasan prezident Serdar Berdimuhamedowdan kömek sorap çykyş edýärler” diýip, açyk şikaýat wideolaryny ýakyndan yzarlaýan balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlykda şeýle wideolaryň birnäçesi bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Açyk şikaýat wideolaryny paýlaşan raýatlar aradan heniz bir-iki gün geçmänkä, dessine polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasyna çagyrylýar.

Haýbatlar, basyşlar, töhmetler...Balkanly bir ýaşaýjy özüniň TikTok sahypasynda çap eden soňky wideolarynyň birinde welaýat polisiýasynyň özünden, hiç bir kanuny esas görkezmezden, gelip-gitmegi talap edendigini we özüne basyş edilendigini aýtdy.

Bu maglumaty Balkanyň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmelerimiz hem tassyklap, açyk şikaýat wideolaryny paýlaşýan raýatlaryň köpelmegi bilen, polisiýanyň we MHM-niň olara garşy basyşlarynyň güýçlenendigini aýtdy.

“Ýerli polisiýa we MHM olary çagyryp, sosial ulgamlaryndaky sahypalaryndan şikaýat wideolaryny aýyrmagy talap edýärler. Bulary aýyrmakdan ýüz öwürýänlere dürli haýbatlar atylyp, basyş edilýär. Olaryň köpüsi dürli töhmetlere sezewar edilmekden alada edip, bu wideolary sahypalaryndan aýyrmaga razy bolmaga mejbur edilýär” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Bellesek, ýerli kazyýetleriň işi barada şu aýyň başynda nägilelik wideolaryny çap eden käbir raýatlaryň häzirki wagtda bu maglumatlary öz sahypalaryndan aýyrmagy hem, çeşmelerimiziň aýdan maglumatlaryny gytaklaýyn tassyklaýar.

Ýerli kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiz açyk şikaýat wideolarynyň, soňky aýlarda Balkanabat şäher kazyýetiniň miras we gozgalmaýan emläk meseleleri boýunça çykaran kararlaryndan nägile bolýan adamlaryň hem göz-görtele köpelen mahalyna gabat gelýändigini aýdýarlar.

“Olaryň ýokary kazyýete şikaýat bilen ýüz tutmagy hem oňyn netije bermeýär” diýip, çeşmämiz belledi.

"Ilat arasynda kazylar ynamdan gaçdy"Çeşmelerimiz muňa “kazylaryň emeldarlaryň bähbidine karar çykarmagy bilen bagly wakalaryň köpelip, ilat arasynda kazylaryň ynamdan gaçmagynyň” sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Häzir raýatlaryň gozgalmaýan emläginiň, şol sanda söwda dükanynyň ýa-da ýaşaýyş jaýlarynyň bikanun elinden alynmagy, kazyýetiň häkimligiň peýdasyna karar çykarmagy bilen bagly wakalar köp. Umumam kazylar we emeldarlar biri-biriniň arkasynda durýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkan welaýat Polisiýa müdirliginden we Balkanabat şäher kazyýetinden resmi teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 12-nji fewralda müdirligiň we kazyýetiň resmi web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Bu wakalaryň fonunda, Balkanda ilatyň Internet üpjünçiliginiň hili ýaramazlaşyp, tizligi ep-esli peseldi.

“VPN ulgamlary hem haýal işleýär. Olara birikmek, goşulmak kynlaşdy. Internet we VPN ulgamlary diňe gije sagat 10:30-dan soň, haýal bolsa-da, birneme işläp başlaýar. Bu ýagdaý daňdana çenli dowam edýär. Soňra olaryň hili ýene ýaramazlaşýar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetleriň ilat bilen wagyz-nesihat ýygnaklaryny geçirip, arz-şikaýatlary bes etmek barada ýakynda eden talaplaryna garamazdan, raýatlaryň aç-açan nägilelik bildirmegi bilen bagly wakalar köpelýär.

Şu aýyň başynda Türkmenbaşy şäheriniň onlarça ýaşaýjysy şäher häkimligine baryp, täze golf-klubynyň gurulmagyna garşy nägilelik protestini bildirdi. Olar gurluşygyna millionlarça dollar harçlanjak golf meýdançasyna derek özleriniň gündelik durmuşda ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözüp bermegi soradylar.

"Adamlaryň sabyr käsesiniň dolmagy"Şu hepdäniň başynda bolsa, habarçylarymyz ýurtda ilatyň hökümetçi mollalara we il ýaşulularyna aç-açan gaýtawul bermegi bilen bagly wakalaryň ozal görlüp-eşidilmedik derejede artandygyny, käte bularyň ‘urup-ýençmä’ baryp ýetýändigini habar berdiler.

Ýerli synçylaryň birnäçesi bu tendensiýany “çykgynsyz ýagdaýdaky adamlaryň sabyr käsesiniň dolmagy” diýip häsiýetlendirýär we muňa ýurtda aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki döwlet kömek pullarynyň möçberini 10 göterim artdyrmak tejribesiniň bes edilmeginiň hem goşant goşandygyny aýdýar.

“Indi ýerli hukuk goraýjylar edara-kärhanalarda işleýän adamlary hem, işden boşatmak haýbaty bilen-de gorkuzyp bilmeýärler. Sebäbi adamlarda býujet edaralarynda işlemek islegi hem galmady” diýip, ýagdaýlara syn edýän ýerli synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Açyk şikaýat wideolary we olary paýlaşýan raýatlara garşy basyşlaryň güýçlenýändigi baradaky maglumatlar, türkmen häkimiýetleriniň diňe ýurduň içindäki däl, eýse daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň paýlaşýan wideolaryna hem çydamsyzlygynyň artýan mahalyna gabat geldi.

9-njy fewralda Aşgabatdaky sungat işgärleriniň we sosial ulgamlarda köp sanly followeri, ýagny yzarlaýjysy bolan bloggerleriň köpüsinden daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň "ýurtdaky korrupsiýa, işsizlik, häkimiýetleriň eden-etdiligi" baradaky çykyşlaryna garşy maglumatlary paýlaşmagyň talap edilýändigi barada habarlar gelip gowuşdy.

Bloggerleriň we kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerimiziň birnäçesi paýtagtyň güýç gulluklarynyň bu maglumatlary paýlaşmakdan ýüz öwren raýatlary aktiwistleriň pikirlerini, maglumatlaryny goldamakda aýyplaýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России