Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

'Arkadagyň' Riýaddaky oýnuna ugradyljak türkmen janköýerleri saýlanýar

Türkmenistanda milli futbol komandasynyň indiki hepde Riýadda oýnajak oýnuna "janköýerleri" ugratmak üçin guramaçylykly taýýarlyk görülýär. "Arkadagyň" saud arabystanly "Al-Nassr" bilen Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK II) Çempionlar Ligasynyň 1/8 finalynyň ikinji oýny 18-nji fewralda Riýadda geçiriler.

"Aşgabatda we Balkanda telekeçilere hem-de gurply adamlara 'Arkadag'-'Al-Nassr' jogap oýuny üçin Saud Arabystanyna gitmek teklip edýär. Olar bileti öz puluna satyn almaly we ähli çykdajylary öz hasabyna ödemeli bolýar" diýip, çeşme 13-nji fewralda aýtdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň Azatlyga aýtmagyna görä, bu iş guramaçylykly geçirilýär we ugradylýan adamlardan "Arkadaga" janköýer bolmak talap edilýär.

Bu çäräniň Balkan welaýatynda alnyp barylyşy barada habar beren çeşme bu sebitde azyndan onlarça adamyň "janköýerlik" etmek üçin Riýada ugradylýanlaryň sanawyna goşulandygyny, olaryň mejbur edilendigini aýtdy.

"Bu, önümçilik ýa-da söwda bilen meşgullanýan gurply telekeçiler. Olara 17-19-njy fewral aralygynda Riýad şäherinde bolmak üçin uly uçarda gidip-gelmek üçin ýol we myhmanhana çykdajylaryny tölemek tabşyryldy" diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Balkan welaýatynda telekeçiler bilen bir hatarda ähli sport mekdepleriniň direktorlaryna, futbol stadionlarynyň ýolbaşçylaryna hem "Arkadagy" goldamak üçin öz hasabyna goldawçy topara goşulmak tabşyrylypdyr.

"Arkadag" - "Al-Nassr" arasyna 11-nji fewralda Aşgabatda geçirilen birinji oýun saud arabystanly komandanyň peýdasyna 0-1 hasap bilen tamamlandy.

Hökümetçi "Turkmenportal" neşiriniň maglumatynda Aşgabatdaky oýnuň netijesiniň 18-nji fewralda Riýadda boljak oýunda "Al Nassr" üçin artykmaçlyk berýändigini bellendi.

Aşgabatdaky oýun 40 müň tomaşaça niýetlenen Olimpik stadionynda geçirildi. Sport çäresine bir aý öňünden taýýarlanan türkmen häkimiýetleri has köp tomaşaçylary toplamak üçin býujet işgärlerini bilen satyn almaga mejbur etdi. Şeýle-de, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, studentler milli komanda janköýer bolmaly edildi we olar üçin ýörite maşklary geçirildi.

Saud Arabystanyň futbol komandasy Aşgabatdaky oýuna esasy oýunçylaryny, şol Sanda Kriştianu Ronaldony getirmedi.

"Al-Nassr" toparynyň baş tälimçisi Horge Hesus esasy oýunçylarynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň pleý-off oýnuna Aşgabada barmandygynyň sebäpleri barada soralanda şeýle diýdi:

"Bu Kristiano Ronaldonyň Saud Arabystanyndan daşarda geçirilýän oýunlara gatnaşmadyk ilkinji gezegi däl. Biz onuň güýjüni, şeýle hem beýleki ýyldyz oýunçylaryň güýjüni çempionatymyzyň has möhüm oýunlary üçin saklamalydyrys" diýip, Horge Hesusyň Aşgabatda oýnuň öňýany geçirilen metbugat konferensiýasynda aýdandygyny "Türkmenistan altyn asyr" döwlet neşiri habar berdi.

"Arkadag" bilen Aşgabatdaky oýna barmadyk “Al-Nassr” komandasynyň ýyldyz oýunçylarynyň arasynda Kriştianu Ronaldodan başga, Joao Feliks, Sadio Mane, Kingsli Koman, Inigo Martinez we Marselo Brozowiç agzaldy.

'Al-Nassr' 'Arkadagyň' güýjüne nähili baha berýär?"Al-Nassryň" indiki oýunlary Saud Arabystanynyň çempionatynda 14-nji fewralda "Al-Fateh" toparyna garşy, 18-nji fewralda Riýadda "Arkadag" toparyna garşy geçiriler.

Onuň golkiperi Bento Mateus Krepski "Arkadag" bilen Riýadda boljak oýundan nämä garaşýandygy barada Aşgabatda žurnalistler bilen paýlaşdy.

"Her bir oýunçy oýna öz usuly bilen taýýarlanýar we oýunda ýeňiş gazanmak isleýär. Men hem şeýle. Garşydaşymyzyň oýnuny öwrenmäge wagtymyz boldy. Oýnuň kyn boljakdygyna garaşýarys. Ýöne biz muňa taýýar", - diýip, "Türkmenistan Altyn Asyr" Saud Arabystanynyň klubynyň golkiperini sitirledi.

Türkmenistanyň bu resmi media serişdesiniň iňlis dilinde çap eden maglumatynda "Al Nassr" Aşgabada baranda Olimpiýa stadionynda oýundan öňki türgenleşigi geçirmändigi bellendi we Saud Arabystanynyň klubynyň munuň bilen "Türkmenistanyň futbolçylarynyň güýjüne açyk pes baha berýändigini aňladyp bilermi? diýlip berlen soraga baş tälimçi Horge Hesusyň jogap bermändigi aýdyldy.

"Al-Nassryň" 18-nji fewralda Riýadda geçiriljek oýunda "Arkadaga" nähili düzümde garşy durjagy entek mälim edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России