Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Uly Berdimuhamedow ABŞ-dan gelip, amerikan telekeçileri bilen duşuşygyny we golf-meýdançasyny gurmak islegini mälim etdi

Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepde ABŞ-da bolan wagtynda amerikan işewür wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirendigini TDH döwlet habar agentligi 21-nji fewralda habar berdi we yzýany onuň "Al-Arabia" telekanalyna beren interwýusyny çap etdi. Bu maglumatlar Halk Maslahatynyň başlygynyň ABŞ ugrandygyny 16-njy fewralda habar beren resmi mediada şondan bäri çap bolan ilkinji habarlardyr.

21-nji fewralda türkmen döwlet metbugatynda çap edilen habara görä, Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň "Al Arabia" telekanalyna beren interwýusynda ýurduň "esasy maksadynyň" dünýäde dördünji uly gaz gorlarynyň serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýa etmekdigini aýdypdyr.

"Türkmenistan häzirki zamanyň geoykdysady şertlerinde bu ýagdaýyň ähmiýetine has doly düşünmek bilen, öz energetika strategiýasyny, şol sanda ony halkara bazarda örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda ýola goýýar. Şunda baş maksat energetika akymlaryny akylly-başly diwersifikasiýa etmekden ybaratdyr" diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Hyzmatdaşlyk ugryGurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ABŞ bilen hyzmatdaşlygy barada aýdyp, ol "özara peýdaly we deňhukukly esasda yzygiderli ösýär" diýip, belläpdir we iri amerikan kompaniýalarynyň — "John Deere", "General Electric", "Case", "Boeing", "Coca-Cola", "Sikorsky" we "Caterpillar" — ýangyç-energetika pudagyny, ulag ulgamyny, elektrik energiýasyny, programma üpjünçiligini, oba hojalygyny we azyk senagatyny öz içine alýan türkmen bazarynda uzak wagtlap we üstünlikli işländigini aýdypdyr.

Berdimuhamedow amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady taslamalaryň möçberiniň 45 milliard ABŞ dollaryna golaýlandygyny aýdypdyr.

"Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýüzlerçe ykdysady taslama durmuşa geçirildi we häzirki wagtda olaryň umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaýlaýar" - diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Berdimuhamedow halkara kompaniýalaryň ýurduň gazyny Owganystandaky, Pakistandaky we Hindistandaky energiýa mätäç bazarlara çykarjak TAPI gazgeçiriji taslamasyna gatnaşmaga çagyrýandygyny aýdypdyr we diwersifikasiýa ugurlarynyň biri hökmünde Ýewropa gaz akdyrmak boýunça Trans-Hazar gaz gecirijisini agzapdyr.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen "Turan" barlag mereziniň baş eksperti Brus Pannier Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ saparyndan soň "Al-Arabia" beren interwýusynda gozgan gaz eksportynyň edil häzir ABŞ-ny gyzyklandyryp biljek mesele däldigine ünsi çekýär.

"ABŞ Türkmenistandan hiç hili energiýany satyn almaýar, bu onuň söwda ugurlarynyň diwersifikasiýasyna hem degişli. Meniň pikirimçe, ABŞ-nyň häzirki administrasiýasy Ýewropanyň problemalaryna gyzyklanma bildirmeýär. Şonuň üçin türkmen gazynyň Ýewropa akdyrylmagyna gyzyklanmak beýle-de dursun, bu ABŞ-nyň öz bähbitlerine belli bir derejede ters gelýär, ABŞ häzir Ýewropa suwuklandyrylan gazyny satýar. Bu nukdaý nazardan Türkmenistan Ýewropanyň bazary üçin tehniki taýdan bäsdeş bolýar" diýip, Pannier belledi

ABŞ-da geçirilen duşuşyklarTürkmen metbugatynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Al-Arabia" beren interwýusynda aýdanlarynyň onuň ABŞ-nyň Florida ştatyna bir hepdä golaý wagtlap eden sapary bilen arabaglanyşygy anyklaşdyrylmady.

Türkmen döwlet mediasy onuň Floridada geçiren duşuşyklary barada çap eden maglumatlarynda onuň ilki başdan "Nicklaus Companies" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz we beýleki wekilleri bilen gepleşendigi aýdyldy.

Resmi habara görä, duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahat edilipdir. Berdimuhamedow bu kompaniýanyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşlerini görüp, Arkadag şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalaryny gurmak planynyň bardygyny aýdypdyr. Bu kompaniýanyň öz maglumatyna görä, ol 2025-nji ýylyň noýabr aýynda özüni bankrot yglan etdi.

ABŞ sapar eden Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle-de “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşypdyr.

TDH-nyň habaryna görä, Stýuart amerikan işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdypdyr. “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case” “Nicklaus Companies” ýaly amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky proýektlere gatnaşýandygy bellendi.

Brus Pannier Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ eden sapary barada berlen resmi habarlaryň onuň hakyky maksadyny anyklaşdyrmandy diýip, belledi.

"Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ sapary garaşylmadyk bir ýagdaý boldy. Onuň sapar eden wagtynda hiç hili habar çap edilmedi. Indi onuň saparynyň gün tertibi barada berlen habarlara ynanar ýaly däl. Gurluşyk kompaniýasynyň başlygy bilen duşuşmak, golf klubunyň gurluşygy barada gepleşmek hut Halk Maslahatynyň başlygynyň baryp, maslahat etjek meseleleri ýaly görünmeýär" diýip, Pannier aýtdy.

Türkmenistan bilen ABŞ-ny edil häzir gyzyklandyryp biljek özara mesele näme diýlip, berlen sowala Brus Pannier öz pikirini şeýle beýan etdi:

"Bu ýerde harby mesele bilen bagly bir zat bolmagy mümkin. Eýranyň daşynda amerikan goşunlarynyň artdyrylýandygy syr däl. Şeýle-de, ABŞ-nyň goşun resmisi geçen aýda Aşgabada baryp gaýtdy. Ýatlatsak, ABŞ Owganystandaky ýagdaýa gatnaşan döwründe Türkmenistan ABŞ bilen belli bir hyzmatdaşlyk edipdi. Emma biz onuň nähili hyzmatdaşlyk bolandygyny anyk bilemzok. Biz häzirki wagtda näme barada gepleşilendigini belki hiç wagt bilmeris, belki-de, [Berdimuhamedowyň] bu barada gürleşmek islemegi [saparyň] esasy maksady bolsa gerek, ýöne geliň, Türkmenistanyň mundan näme alyp biljegine seredeli" diýip, syýasy bilermen aýtdy.

Golf meýdançasyny gurmak planyTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygynyň ABŞ sapary barada türkmen döwlet metbugatynda çap bolan maglumatlara görä, ol saparynyň dowamynda Floridanyň “Panther” milli golf kluby we “La Victoria” atçylyk toplumy ýaly desgalaryna baryp görüpdir.

Gurbanguly Berdimuhamedow hem prezidentlik döwründe, hem-de ondan soň golf meýdançalary, atçylyk toplumlary, köşkler we konferens merkezleri ýaly gymmatbaha kaşaň desgalarynyň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýär. Şeýle kaşaň toplumlarynyň ençemesi eýýäm guruldy. Türkmen hökümeti göwrümi we çykdajylary mekdepler, çagalar baglary we keselhanalar ýaly sosial desgalardan has uly bolan şeýle desgalary sosial obýektler diýip atlandyrýar.

Bellesek, Gurbanguly Berdimuhamedow “Nicklaus Companies” şirketiniň özüni bankrot yglan etmeginiň yzýany bir aý geçip-geçmezden onuň baş direktory Jon Riz bilen 18-nji dekabrda Aşgabatda duşuşdy we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda golf-klub taslamasyny durmuşa geçirmek meselesini maslahatlaşdy.

Golf desgasynyň gurluşygy nägilelik döretdiŞu aýyň başynda Türkmenbaşy şäheriniň onlarça ýaşaýjysy şäher häkimligine baryp, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda täze golf-klubyň gurulmagyna garşylyk bildirdi. Desganyň guruljak ýerinde düýbüni tutmak çäresi üçin taýýarlyklaryň başlanmagy agyz suwy, ýol we ýaşaýyş jaýlaryň abatlanmagy ýaly esasy zerurlyklarda kynçylyk çekýän ýerli ilatda nägilelik döretdi.

“2-nji fewralda şäheriň onlarça ýaşaýjysy üýşüp, şäher häkimliginiň binasyna bardy. Olar golf meýdançasyna onlarça million dollary harçlamagyň ýalňyşdygyny aýdyp, onuň gurluşygyna nägilelik bildirdiler” diýip, waka şaýat bolan türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Mundan öň döwlet metbugaty tutuş ýurt boýunça 10-a golaý golf meýdançasynyň guruljakdygyny habar beripdi.

Halk Maslahatynyň başlygy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sapar bilen ABŞ gidendigi barada döwlet metbugatynda 16-njy fewralda we Daşary işler ministrliginiň websaýtynda 17-nji fewralda çap edilen resmi habarlarda saparyň maksady we gün tertibi, hatda anyk senesi görkezilmedi. Resmi maglumatda "dostlukly ýurda sapar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar" diýlip bellendi, emma bir hepdä golaý wagtlap hiç hili resmi habar çap edilmedi.

ABŞ-nyň Florida ştatynyň Fort-Loderdeýl aeroportunda birnäçe günläp duran Türkmenistana degişli uçar ýerli medianyň ünsüni çekdi.

Türkmen uçary özüne ünsi çekdi"Ýekşenbe gününden bäri Fort-Loderdeýl-Holliwud halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň golaýynda ýaşyl-ak reňkli “Boeing” uçary durdy we bu awiasiýa synçylarynyň ünsüni çekdi diýip, "local10.com" habar neşiri 18-nji fewralda habar berdi. Bu maglumatda uçaryň şol ýerde 15-nji fewralda peýda bolandygy aýdyldy.

Şeýle-de, ýerli media serişdelerinde bu uçar bilen bagly çap bolan maglumatlarda onuň Türmenistana degişlidigi we uçara "zeper ýetendigi" habar berildi.

X-da çap edilen suratlarda türkmen uçarynyň guýruk tarapynda deşige meňzeş tegmiliň bardygy göze ilýär. Şeýle-de, suratlaryň birinde uçaryň girelgesinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň durandygyny görmek mümkin.

Garaşsyz "Türkmen.news" neşiri Berdimuhamedowyň Fort-Loderdeýl halkara howa menziline baran "Boeing 777" kysymly (guýruk belgisi EZ-A780) uçara zeper ýetendigi we şu sebäpli onuň yzyndan başga bir uçarynyň barandygyny ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России