Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Ene-atalar çagalar baglaryndaky ‘gödeklikden’ nägile bolýar

Lebap welaýatynyň ençeme iri sebitiniň ene-atalary çagalar baglarynda perzentlerine gödek daraşylmagyndan nägile bolup, olaryň ruhy we psihiki ýagdaýyndan alada galýarlar. Azatlygyň habarçylary bilen golaýda söhbetdeş bolan ýaşaýjylar bu baradaky arz-şikaýatlarynyň jogapsyz galýandygyny, şol bir wagtda ‘alaçsyzlykdan’ ýaş oguldyr gyzlaryny bu şertlerdäki mekdebe çenli çagalar edaralaryna ibermegini dowam etdirýändiklerini aýdýarlar.

Habarçymyz gündogar welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheriniň ençeme, şol sanda 5-nji, 8-nji, 9-njy we 49-njy çagalar baglaryna perzentlerini gatnadýan ene-atalaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

Anonim gürleşen ýaşaýjylar terbiýeçeleriň we enekeleriň islendik sebäp bilen çagalarynyň üstüne gegyryp, olary gorkuzýandygyny, kä halatlarda el hem gatýandyklaryny gürrüň berdiler.

“Bu ýagdaýlar çagamyň psihiki ösüşine täsir edip başlady, gyzym gitdigiçe özüne bolan ynamyny ýitirýär. Ol ýygy-ýygydan aglaýar. Öz elim çala silkinse-de, menden tisginýär” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly bir eje gürrüň berdi.

Ol çagasyny şäheriň 49-njy çagalar bagyna iberýändigini aýdyp, bir gezek terbiýeçiniň çagalaryň bir toparyna fiziki güýç ulanyp duranyna şaýat bolandygyny hem aýtdy.

“Bir gelsem, terbiýeçi çyzgyç bilen 2 ýaşly çagamyň ýan tarapyna urup duran eken. Onuň golaýynda başga-da aglaşyp duran çagalar bardy. Nägile bolup, sebäbini soranymda, ol ‘çagaň tertipli bolsun’ diýip muny edýändigini aýtdy” diýip, eje gürrüň berdi.

Türkmenabadyň we welaýatyň beýleki käbir etraplarynyň ene-atalary hem başdan geçirýän şuňa meňzeş ýagdaýlaryny beýan etdiler, şol bir wagtda, olaryň bu baradaky şikaýatlaryna berilýän jogabyň hem adatça ‘meňzeşdigini’ aýtdylar.

“Bagyň müdiri ‘çaga wagty bizem urulýardyk’ diýip, ýüzüme aç-açan aýtdy. Polisiýa ýüz tutmagyň peýdasam ýok, olar ‘işleriniň kändigini’ aýdyp, diňläsleräm gelenok” diýip, söhbetdeşimiz perzendini goramak üçin, ony başga bir çagalar bagyna geçirendigini aýtdy.

"Ene-atalaryň saýlawy ýok"Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň käbiri perzentlerini, umuman, döwletiň çagalar bagyna gatnatmakdan ýüz öwürendigini aýtsa; olaryň aglaba köplügi, iş we eklenç aladalary sebäpli, oguldyr gyzlaryny şol bir baglara gatnatmaga mejbur bolýandygyny aýdýar.

“Etraplarda çagalar bagynyň sany az, ene-atalaryň saýlawy ýok. Şonuň üçin çagalar ýaşlykdan fiziki we psihiki zorluk görüp ulalýarlar” diýip, saýatly bir ene aýtdy.

Çaglar baglaryndaky ýaramaz şertler ene-atalary öňem alada goýýardy. Olar mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň hiliniň pesligininden şikaýat edip, iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýynyň we arassaçylyk şertleriniň ýaramazlygyny Azatlyga gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň “Bilim hakyndaky” Kanunyna laýyklykda, mekdebe çenli bilim bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalara degişlidir.

Türkmenistanda çagalar baglarynyň resmi tölegi 2017-nji ýylyň oktýabrynda ýokarlandyrylypdy. Şonda 10 esse töweregi artdyrylan töleg 80 manada çykypdy.

Ýetginjekleriň öz janyna kast etmegiBu aralykda, garaşsyz turkmen.news neşiri Türkmenistanda ýetginjekleriň öz janyna kast etmek synanyşyklary boýunça 2021-nji we 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aralagyna degişli sanlary ele geçirendigni, oňa görä 2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda ýurtda ýetginjekleriň 44-siniň, 2022-nji ýylyň şol bir döwründe bolsa 56 ýetginjegiň öz janyna kast etmäge synanyşandygyny mälim etdi.

Azatlyk Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jenaýat agtaryş müdirligine degişlidigi aýdylýan bu dokumentiň takyklygyny garaşsyz tassykladyp bilmeýär.

Maglumatlara laýyklykda, 2021-nji ýylyň başynda ýetginjikleriň arasynda janyna kast etmek synanyşygynyň iň köp ýagdaýy Lebap welaýatynda bolup, 14 hadysa hasaba alnypdyr. Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň her birinde 9 hadysa, Balkanda bolsa 3 synanyşyk hasaba alnypdyr.

2022-nji ýylda bolsa iň köp ýagdaý, 19 hadysa Balkan welaýatynda hasaba alnypdyr. Soňra Daşoguz (15), Lebap (9), Mary (8), Ahal (4) welaýatlary we Aşgabat (1) gelýär.

Statistikada jyns boýunça bölüniş hem berilýär. 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda öz-özüne kast etmäge 32 gyz we 24 oglan synanyşypdyr, 2021-nji ýylyň şol döwründäki görkezijiler 16 gyz we 28 oglan bolupdyr.

Içeri işler ministrligi öz-özüne kast etmegiň usullaryny hem hasaba alýar: 2022-nji ýylyň ilkinji dört aýynda 36 adam asylmaga synanyşypdyr (2021-nji ýylyň degişli döwründe 39 adam), 17 adam sirke, ýagny uksus içip öz-özüne kast etmäge synanyşypdyr (2021-nji ýylda dört adam), ýene iki adam, Maryda we Aşgabatda, belentden özüni taşlapdyr (2021-nji ýylda bir adam). Habarda synanyşyklaryň hemmesiniň ölüm bilen gutarmaýandygy, emma ölüm bilen tamamlanýan ýagdaýlaryň göteriminiň ýokarydygy, ýagny 67% bilen 90% arasynda üýtgeýändigi aýdylýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurdy Türkmenistanyň resmi edaralaryndan, şol sanda Bilim ministrliginden, Içeri işler ministrliginden, Prokoraturasyndan dagy ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada teswir ýa maglumat almak başartmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России