Aýatolla Arafi Eýranyň Ýokary lideriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellendi
Aýatolla Ali Hameneýiň mirasdüşeri bolar diýlip çaklanylýan täsirli şaýy ruhanysy Alireza Arafi wagtlaýyn Ýokary lideriň wezipesini ýerine ýetirjek ýolbaşçylar geňeşiniň agzasy wezipesine bellendi diýip, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki ISNA habar gullugy 1-nji martda habar berdi.
Eýranyň dini bilim edaralary ulgamyna ýolbaşçylyk edýän Alireza Arafi 67 ýaşynda. Onuň kakasy Mohammad Ibrahim Ruhollah Homeýniniň (1902–1989) ýakyn dostydy, özi bolsa bir gün öň öldürilen Ali Hameneýiniň ynamdar adamydy.
Arafi Konstitusiýany goragçylar Geňeşiniň we Eýranyň Ýokary liderini saýlaýan Bilermenler Assambleýasynyň agzasydyr.
Eýranyň döwlet metbugaty bazar güni agşam Aýatolla Hameneýiň resmi nekrologryny çap etdi we Eýran üç günlük ýas yglan etdi.