Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmenistan Eýrandan ýurda 200 adam girdi diýýär, prezident Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

Türkmen häkimiýetleri goňşy Eýrandaky urşy agzaman, bu ýurtdan 200-den gowrak adamyň Türkmenistana geçendigini habar berdi. Şeýle-de, Azatlygyň habarçylarynyň tassykalamagyna görä, Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ‘Artyk’ gözegçilik-geçiş nokadyndan eýýäm ençeme gün bäri garaşyp duran ýük ulaglarynyň çäkli sany goýberilip başlandy.

Aşgabat 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň eýran nyşanalaryna garşy zarbalary urup başlamagyndan soň, resmi taýdan yglan etmezden, özüniň günorta goňşusy bilen serhetlerini ýapdy.

Soňky günlerde türkmen häkimiýetleriniň Eýrandan çykjak adamlar üçin serhet geçelgeleriniň işini dikeldendigi yglan edildi. Şeýlelikde, "Sarahs", Artyk - Lütfabad", "Howdan -Bajgyran", "Akýaýla - Inçeburun", "Altyn Asyr - Inçeburun" serhet geçelgeleri Eýrandan çykmak mümkinçiligini berýär.

4-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goňşy Eýrandan Türkmenistana 200-den gowrak adamyň girendigini, olaryň 16 ýurda degişligidini habar berdi.

Eýrandan Türkmenistana geçen adamlaryň arasynda türkmen raýatlarynyň bolup-bolmandygy anyklaşdyrylmady. Umuman, häzirki güne çenli Eýranda galan türkmen raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagy barada hiç resmi maglumat berilmeýär.

4-nji marta çenli ýagdaýa görä, Merkezi Aziýa döwletleri, Hytaý, Russiýa, ABŞ, Finlandiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Germaniýa, Türkiýe, Saud Arabystan ýaly, 16 ýurtdan bolan 200-den gowrak adam goňşy Eýrandan Türkmenistana girdi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň soňky beýanatynda aýdylýar.

“Häzirki ýagdaý”Onda nygtalmagyna görä, Ýakyn Gündogar sebitindäki “häzirki ýagdaý” bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de, halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, Türkmenistan daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demirýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin zerur şertleriň ählisini doly üpjün edýär.

Türkmenistanyň metbugaty 28-nji fewralda ABŞ we Ysraýyl güýçleriniň eýran nyşanalaryna zarba urmagyndan soň özüniň günorta goňşusynda we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda dörän soňky ýagdaýlar, uçar gatnawlarynyň çäkländirilmeginiň sebäpleri barada maglumat bermeýär.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasy döwlet serhedindäki halkara gözegçilik nokatlarynyň ählisiniň “adaty tertipde” işleýändigini aýdýar.

Azatlygyň habarçysy 4-nji martda Aşgabatdan takmynan 108 km uzaklykda ýerleşýän “Artyk’ gözegçilik-geçiş nokadyndan käbir ýük ulaglarynyň ýurduň çägine goýberilip başlanandygyny aýtdy.

“Ýük ulaglarynyň nobaty gaty uly, olaryň arasynda 28-nji fewraldan bäri Türkmenistanyň serhedinde garaşyp duranlary hem bar. Emma ulaglar çäkli goýberilýär, görnüşinden, häzir günüň dowamynda diňe 10-15 tirkegli ulag kabul edilýär. Bu ýerde harbylaryň sanynyň artandygyny hem görse bolýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşimiz “Artyk” nokadyndaky soňky ýagdaýlary suratlandyrdy. Serhetleriň ýapylmagy netijesinde, ozallar Türkmenistana köp mukdarda getirilen azyk we hojalyk harytlarynyň türkmen bazarlaryndaky bahalary hem ýiti ýokarlanyp başlady.

Saglyk bejergisi bolanlar 'kyn ýagdaýda'Ahaldaky habarçymyz serhet geçelgesinden Eýrana hiç kimiň goýberilmeýändigini, ýöne şol bir wagtda, urşuň barýan ýurduna aşmak üçin bu ýere gelen türkmenistanlylaryň hem bardygyny, olaryň aglabasynyň saglygy bilen baglylykda geçmek isleýändigini aýtdy.

Aşgabatdaky ýene bir habarçymyz möhüm saglyk ýagdaýy sebäpli Eýrandaky göz öňünde tutulan bejergilerine ýakynda goýberilmedik birnäçe ýaşaýjy bilen söhbetdeş boldy. Olaryň saglyk meseleleleri dürli-dürli bolsa-da, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ulgamynda ‘dertlerine derman tapyp bilmändigi baradaky’ gürrüňleri biri-birine meňzeş.

“Gyzymyň aýagy ilki agsaklap, soňra doly ysmaz boldy. Ilki başda, Türkmenistanda bejergi aldyk, gyzymyň agyrlary has beterläp başlady. Bejergi hiç hili kömek etmedi. Soňra çagam bilen Eýrana gaýtdym. Ol 1 hepde diýlende ýöräp başlady. Eýran lukmanymyz gyzymyň doly aýaga galmagy üçin her 6 aýdan bejergi almalydygyny aýtdy. Uruş başlamanka Eýrana wiza düzedipdik. 2-nji martda Sarahs gümrükhanasyna bardyk, ol ýerde elimizdäki medisina kagyzlarymyza hem seredilmedi. ‘Bejergiñizi ýurduň içinde alaýyñ’ diýip yzymyza gaýtardylar” diýip, 40 ýaşlaryndaky bir eje başdan geçiren ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu aralykda, goňşy ýurtdaky wakalar barada häzire çenli hiç bir beýanat etmedik prezident Serdar Berdimuhamedow, 4-nji martda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Resmi maglumatda, onuň dowamynda “şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredilendigi” we degişli gulluklaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenendigi barada umumy maglumat berlip, gün tertibindäki beýleki jikme-jiklikler aýan edilmedi.

Mundan öň, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň aglabasy häkimiýetleriň goňşy ýurtdaky barýan uruş barada ilata ýüzlenme bilen çykyş etmezligi, umuman, bu barada dymmagy özlerinde howsala we nägilelik döredýändigini aýdypdylar.

Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolup, hukuk toparlary türkmen häkimiýetlerini adam hukuklaryny, erkin metbugaty bogmakda tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России