Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Ýitileşýän hünärmen meselesi 'beýni göçüniň' has güýçlendirilmegi bilen 'çözülýär'

Türkmenistan ýokary bilimli hünärmenleriň barha ýitileşýän ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Aşgabatdaky çeşme habar berýär. Şu aralykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda okan we türkmen ÝOJ-laryndaka garanda has gowy bilim alan, dünýägaraýşy has giň hasaplanýan ýaşlary hem ýurtdan daşlaşdyryp, ‘beýni göçüni’ has güýçlendirýändigi öňe sürülýär.
Şu gün, 5-nji martda gowşan habara görä, daşary ýurt okuw jaýlaryndan alan diplomlaryny ykrar etdirýän ýaşlaryň öňünde indi Bilim ministrligi bilen şertnama baglaşyp, býujet edaralarynda azyndan üç ýyl işlemek şerti girizilýär.
Resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan habarda aýdylmagyna görä, bu şert ýa-da talap, daşary ýurtlara çykyp gidýän ýaşlaryň sanynyň barha artmagynyň fonunda, dilden girizilýär we diplomlaryny tassyklatmaga gelen ýaşlaryň köpüsiniň derrew yzyna, gelen ýurduna gitmegine sebäp bolýar.
Bilim ministrliginiň täze 'çözgüdi'“Bilim ministrligi daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirjek ýaşlara şertnama esasynda, 3 ýyl býujet edarasynda işläp bermegini talap edýär. Bu şert dilden girizýär. Şertnama gol goýan ýaşlaryň diplomlary tassyk edilýär. Olara ykrarnama berilýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.


Onuň sözlerine görä, diplomlary ykrar edilen ýaşlar öz ýaşaýan sebitlerine gitmeli we, alan hünärine görä, pudak edaralarynda işlemeli.
Çeşme bu şertnama gol çeken ýaşlaryň biometriki, ýagny zagran pasportlarynyň hem, girew hökmünde, üç ýyllyk ellerinden alynýandygyny aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe raýatyň tassyklamagyna görä, ýurtda hususan-da ýaş pedagoglar, lukmanlar, transport we energetika ugurlaryndan ýokary bilim alan adamlar ýetmezçilik edýär.
Agzalan ugurlardaky hünärmenleriň ýetmezçiliginiň güýçlenmegi bu pudaklardaky işgärleriň arasynda işlerini taşlap, daşary ýurtlara zähmet migrasýasyna çykyp gidýänleriň sanynyň barha köpelmegi bilen düşündirilýär.
Türkmenistan ýurtdaky agyr işsizligi, onuň sebäplerini , şol bir wagtda işden çykýan adamlaryň sanynyň barha köpelýändigini, agyr zähmet migrasiýasyny resmi taýdan boýun almaýar.
Balkanabatly söhbetdeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, daşary ýurtlarda okuwyny tamamlap gelen oglanlar derrew harby gulluga alynsa, gyzlar täze talap, üç ýyl býujet edarasynda işlemek talaby bilen ýüzbe-ýüz bolup, basymrak ýurtdan çykmagyň aladasyny edýärler.
Ýaşlar näme üçin 'yzyna gitmek' kararyna gelýär?Daşary ýurtda okuwyny tamamlap gelen balkanly gyzyň aýtmagyna görä, ol Aşgabada baryp, Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň ýanynda daşary ýurt diplomlaryna ykrarnama berýän komissiýa girende, ozal eşitmedik täze talaby bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr.
Azatlygyň söhbetdeş bolan ýaşlarynyň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlaryň köpüsi bu täzeligi soňky günlerde eşidipdir we biri-birine habar berýär.
Aýdylmagyna görä, ýaşlaryň köpüsi Türkmenistanda işläp, wagt ýitirmäge razy däl we, diplomlaryny ykrar etdirmekden geçmek pikirini edýär.


Aýry-aýrylykda gürleşen ýaşlaryň biri türkmen häkimiýetleriniň adamlary ‘kyn kararlara gelmäge itekleýändigini, giden adamlaryň indi yzyna gelmekden hem gorkjakdygyny’ aýtdy.
“Belarus döwlet uniwersitetini tamamlap, ýanwaryň ortalaryna ýurda dolanyp geldim. Golaýda, fewralyň aýagyna, adatça soralýan parany jemläp, Aşgabada, daşary ýurtda alan diplomymy tassyklatmaga gitdim” diýip, balkanabatly gyz Azatlygyň habarçysyna täze talapdan lapykeç bolup, diplomyny ykrar etdirmän gaýdandygyny gürrüň berdi.
“Başarsam, Türkmenistanda bir gün hem artyk galmak niýetim ýok, ýurda diňe okap alan diplomymy tassyk etdirip goýmak üçin geldim. Meniň zagran pasportymda ýene iki ýyl möhletim bar. Belarusda uly marketleriň birinde satyjy bolup işleýärin. Maňa ol ýerde 800 dollar möçberinde aýlyk berýärler. Türkmenistanda mekdep mugallymy bolup, men bu puly gazanmak üçin 8 aýdanam köp wagtymy, ömrümi köýdürmeli. Şu sebäpden men bu talaplara razy bolmadym” diýip, ady redaksiýada saklanaýan gyz Azatlyga aýtdy.
Onuň sözlerine görä, post-sowet giňişliginiň ýene bir awtoritar dolandyryşly ýurdy bolan Belarusda hem adam zähmetine Türkmenistandaka garanda tas 10 esse köp hormat goýulýar.
Türkmenistan, beýleki bir topar meselede bolşy ýaly, ýokary hünärli saglyk hünärmenleriniň 1990-njy ýyllardaky ştat kemeltmeleri zerarly başlanan we soňra aýlyk ýagdaýy esasynda çuňlaşan migrasiýasy, soňky onýyllyklarda bilimdäki para we ýaş hünärmenleriň iş, aýlyk şertleri sebäpli güýçlenen ‘beýni göçi’, ýurduň ýakyn geljekde ýüzbe-ýüz bolmagyna garaşylýan demografiýa meseleleri barada açyk gürrüň edilmegine ýol bermeýär diýip, synçylar aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России