Agzalmaýan reallyk: kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň göwreliligi, abort gadagançylygy, çaga söwdasy
Lebap welaýatynda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň göwreli bolmagy we çaga dogurmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýär diýip sebitiň saglyk edaralarynyň birnäçe işgäri habar berdi. Şeýle-de, çeşmelere görä, munuň bilen baglylykda ýaňy bolan çagalaryň söwdasyna degişli hadysalar ýüze çykýar.
"Soňky aýlarda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň arasynda göwreli bolýanlaryň sanynyň artmagy alada döredýär" diýip, lebaply saglyk işgärleriniň biri aýtdy.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýene bir saglyk işgäri Lebap welaýatynyň “Ene-mähri” merkezindäki ýagdaý barada gürrüň berip, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň ýüzlenmegi bilen bagly ýagdaýyň köpelendigini aýdýar.
“Gyzlaryň köpüsi 9–11-nji synplarda okaýarlar. Aýtmana utanýan welin, olaryň arasynda dünýä injek çaganyň biologik atasynyň kimdigini bilmeýändigini aýdýanlar bar. Şeýle gyzlaryň aglabasy maddy ýagdaýy pes maşgalalarda ulalan” diýip, türkmenabatly saglyk işgäri gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, sentýabr aýyndan bäri bu merkeze ýüz tutan ýaş gyzlaryň 80-e golaýy göwreliligini togtatmak üçin kömek sorapdyr.
Türkmenistanda zenanlaryň abort etmek mümkinçiligi kanun taýdan çäklendirilen. Çaga düşürtmek üçin rugsat berilýän möhletiň resmi taýdan 12 hepdeden bäş hepdä çenli azaldylmagy aýallaryň islenilmedik göwreliligini togtatmak mümkinçiligini berk çäklendirýär.
Saglyk işgärleriniň sözlerine görä, islegsiz göwreli bolan ýaş gyzlaryň köpüsi täze doglan çagalaryndan ýüz öwürýärler. “Ene-mähri” merkezindäki çeşme şeýle ýagdaýlaryň 95 göterime golaýynda ýaş eneleriň çagalaryny keselhanada taşlap gidýändigini aýdýar.
Şeýle-de, sebitiň saglyk ulgamyndaky çeşmeler bu ýagdaýlardan peýda görýänleriň hem bardygyny, çaga söwdasy bilen bagly hadysalaryň ýüze çykýandygyny gürrüň berdiler.
Ýaňy doglan bäbekleriň 'söwdasy'Lebap welaýatyndaky saglyk edaralarynyň birinde işleýän çeşme käbir ýagdaýlarda täze doglan çagalaryň perzent edinmek isleýän maşgalalara pula berilýändigini aýtdy.
“Çagasyny goýup gidýän ýaş gyzlaryň çagalary käbir ýagdaýlarda perzent edinmek isleýän maşgalalara satylýar. Munuň üçin resminamalaryň taryhy üýtgedilýär ýa-da galplaşdyrylýar. Käbir ýagdaýlarda bu söwda azyndan birnäçe müň dollar bilen ölçelýär” diýip, çeşme aýtdy.
Welaýatyň çaga doguryş hassahanasyndaky başga bir çeşme hem şeýle shemalar barada gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, çaga edinmek isleýän maşgalalaryň käbiri bu proseduralary çaltlaşdyrmak üçin para bermäge hem taýýar bolýarlar.
Çeşmäniň aýtmagyna görä, kanun boýunça ene täze doglan çagasyndan ýüz öwürse, ilkinji nobatda çaga onuň ýakyn garyndaşlaryna hödürlenýär. Şeýle mümkinçiligiň bolmadyk ýagdaýynda bolsa, çaga ýetimler öýüne tabşyrylýar we soňra resmi nobat boýunça perzent edinmek isleýän maşgalalara berilýär. Emma käbir ýagdaýlarda käbir adamlar bu resmi proseduralardan gaça durmak üçin, para arkaly çaga edinmäge synanyşýar.
Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatynyň “Ene-mähri” merkezindäki ýagdaý barada bu edaranyň wekillerinden resmi görnüşde teswir almak synanyşygy netije bermedi.
Bu aralykda türkmenabatly habarçymyz ýaňy bolan bäbekleriň söwdasyna degişli ýagdaýlaryň saglyk edaralarynyň daşynda hem bolýandygyny habar berdi. Habarçymyz çaga dogrup, çykgynsyz ýagdaýa düşen gyzlaryň öz bäbeklerini teklip edýändigini aýdýar. "Käbir ýaş gyzlar täze dünýä inen bäbeklerini başga maşgalalara bermek ýa-da satmak barada maglumat sorap hatda dükanlara hem ýüzlenýärler" diýip, habarçy belledi.
Türkmenabat şäheriniň “Merkez” etrapçasyndaky azyk dükanynda işleýän satyjy özüniň şaýat bolan wakasy barada habarçymyza şeýle gürrüň berdi:
“Bir gün günortan sagat bir töweregi elinde täze doglan bäbegi bolan 16–17 ýaşlaryndaky gyz geldi. Ol menden şu töwereklerde çagasy ýok we perzent edinmek isleýän maşgala barmy diýip sorady. Ol özüniň daýysy tarapyndan jynsy zorluga duçar bolandygyny we öýünden gaçyp, lukmançylyk kömegini alman çagasyny dünýä inderendigini aýtdy. Soňra ‘men çagamy perzendi ýok maşgala satjak’ diýip aýtdy. Men onuň gürrüňlerini eşidip örän geň galdym” diýip, satyjy aýtdy.
Sebäpler we netijelerBilermenleriň aýtmagyna görä, kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň arasynda göwrelilik ýagdaýlarynyň ýüze çykmagyna birnäçe faktor täsir edýär. Olaryň arasynda ykdysady kynçylyklar, jemgyýetdäki berk sosial gadagançylyklar, şeýle hem ýaşlaryň arasynda jynsy biliminiň ýetmezçiligi görkezilýär.
Türkmenistanda jynsy terbiýe we reproduktiw saglyk boýunça giňişleýin bilim bermek tejribesi mekdep maksatnamalarynda azlyk edýär. Şol sebäpli ýaşlaryň köpüsi göwrelilikden goranyş usullary ýa-da jynsy saglyk baradaky maglumatlary resmi çeşmelerden däl-de, köplenç deň-duşlaryndan ýa-da internetden alýar diýip, türkmenistanly saglyk we bilim işgärleri aýdýarlar.
Mundan başga-da, jemgyýetdäki berk sosial kadalar sebäpli kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň göwreli bolmagy uly utanç hasaplanýar. Bu ýagdaý ýaş gyzlaryň köpüsini lukmançylyk kömegini wagtynda almazlyga ýa-da göwreliligini gizlin saklamaga mejbur edýär. Käbir ýagdaýlarda bolsa, jynsy zorluk ýa-da maşgala içindäki basyş ýaly ýagdaýlar hem ýaşlaryň göwreli bolmagyna sebäp bolup bilýär diýip, türkmenistanly çeşmeler belleýär.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda göwreli bolýan gyzlaryň köpelýändigi barada habarlar soňy birnäçe ýyl bäri yzygiderli berilýär. Şeýle-de, Azatlygyň habarçylary gyzlaryň gaçyp durmuşa çykmagy bilen bagly ýagdaýlaryň hem köpelendigini habar beripdi.
Türkmenistanda bu problema resmiler we döwlet mediasy tarapyndan açyk gozgalmaýar. Häkimiýetler bu problema mekdeplerde ýörite ýygnaklary geçirmek, ene-atalardan gyzlaryna gözegçilik etmegi talap etmek, şeýle-de gyz okuwçylary yzygiderli ginekologiýa barlagyndan geçmäge mejbur etmek ýaly çäreler arkaly çemeleşýärler.
Türkmenistanyň özünde problemanyň göwrümini görkezýän açyk we yzygiderli statistika elýeterli däl. Emma halkara guramalarynyň maglumatlary dünýä derejesinde ýaşlaryň arasynda göwreliligiň giň ýaýran sosial mesele bolup galýandygyny görkezýär.
Statistika nämäni görkezýär?Bütindünýä saglyk guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde her ýyl takmynan 21 million 15–19 ýaş aralygyndaky gyz göwreli bolýar we olaryň 12 million töweregi çagany dünýä indirýär. Şeýle-de, halkara hasabatlaryna görä, dünýä boýunça ýetginjekleriň arasynda çaga dogluş derejesi ortaça 1000 gyza 41 çaga barabar bolup galýar.
UNICEF tarapyndan çap edilen maglumatlar hem dünýäde ýaşlaryň arasynda irki enelik meselesiniň giňden ýaýrandygyny görkezýär. 2023-nji ýyldaky hasabata görä, dünýä boýunça ýaş zenanlaryň takmynan 13 göterimi 18 ýaşyna ýetmänkä ilkinji çagasyny dünýä indirýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, irki göwrelilik diňe bir saglyk meseleleri bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetçilik we ykdysady netijelere getirýär. Şeýle ýagdaýda bolan gyzlaryň köpüsi mekdebi taşlamaga mejbur bolýar, bu bolsa olaryň geljekde iş mümkinçiliklerine we durmuş ýagdaýyna täsir edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.