Türkiýäniň parlament agzasy ýitirim bolan türkmen aktiwistleriniň ykbalyna alada bildirdi
Türkiýäniň parlament agzasy bu ýurtda ýitirim bolan türkmen aktiwistleriniň ykbalyna alada bildirip, Adalat ministrliginden maglumat sorady. Bu barada adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" (THF) 6-njy martda habar berdi.
Geçen ýylyň iýul aýynda Edirne şäheriniň deportasion merkezinde saklanan wagtynda ýitirim edilen iki türkmen raýaty Alişer Sahatowyň we Abdylla Orusowyň ykbalyna yzygiderli syn edýän THF-nyň maglumatyna görä, türkiýeli kanun çykaryjy Ömer Faruk Gergerlioglu Mejlis başlygyna ýüzlenip, Türkiýäniň Adalat ministri Akyn Gürlekden bu iki türkmen aktiwistiniň işi barada maglumat almagy sorapdyr.
Gergerlioglunyň fewralda eden bu ýüzlenmesinde Konstitusion sudunyň bu ýaş ýigitleriň deportasiýasyny togtatmak barada 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda çykaran kararynyň ýerine ýetirilişine Ministrligiň nähili gözegçilik edendigi we degişli edaralara bu karar barada habar berlip-berilmändigi barada düşündiriş soralýar.
Şeýle hem, maglumata görä, türk deputaty Sahatowyň we Orusowyň öz watanyna "zor bilen ýa-da hasaba alynmazdan" gaýtarylyp (deportasiýa edilip) äkidilendigi baradaky aýyplamalary derňemegi, bu iki türkmenistanla garşy jenaýat işiniň gozgalyp-gozgalmandygyny anyklmagy soraýar.
Türkiýede ýaşaýan we türkmen hökümetini açyk tankyt eden iki türkmen bloggeri 2025-nji ýylyň aprelinde tussag edilip, üç aýa golaý wagtlap deportasiýa merkezinde saklandy. Iýun aýynda Türkiýäniň Samsun şäheriniň sudy olary Türkmenistana deportasiýa etmek hakynda karar çykardy, emma 13-nji iýunda çykarylan bu karar barada olaryň aklawçysyna 27-nji iýunda habar berildi. 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkiýäniň Konstitusion sudy olaryň deportasiýasyny ýatyrmak barada karar çykardy.
Alişer Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa adamsy bilen soňky gezek 24-nji iýulda gepleşendigini we şondan soň 7 aýdan gowrak wagt bäri onuň ykbalyndan doly bihabar galýandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosy bilen gepleşen Gülala Hasanowa Türkiýäniň kanun goraýjy edaralaryna yzygiderli ýüzlenýändigini, emma hiç hili jogap alyp bilmeýändigini aýtdy.
"Meniň ýüz tutan ýerlerimden, aklawçynyň ýüz tutan ýerlerinden jogap gelmedi. Hiç bir görnüşde bize hiç zat aýdylmady. 'Işläp otyrys' hem diýilmedi" diýip, Hasanowa ýaňy-ýakynda aklawçynyň Sahatowyň we Orusowyň oturan kameralarynyň wideo ýazgylaryny sorap eden ýüzlenmesine-de entek jogap berilmändigini aýtdy.
Dört çaganyň ejesi Hasanowa maşgalanyň Türkmenistanyň häkimiýetlerine hem ýüz tutup, jogap alyp bilmändigini aýtdy: "Türkmenistanda Alişeriň kakasy arza ýazdy. Arzalary kabul edildi diýildi, jogap ýok".
Alişer Sahatowyň kakasy Joraguly ogluny tapmaga kömek sorap, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Daşary işler ministrligine we Içeri işler ministrligine ýüz tutpdyr.
3-nji martda iki türkmen aktiwistiniň işiniň gaýtadan seretmek üçin Edirne şäheriniň prokuraturasyna gaýtarylandygy habar berildi. Sahatowyň we Orusowyň aklawçysy Daşary ýurt raýatlary üçin wagtlaýyn tussaglyk merkezinde we onuň töwereginde ýerleşýän wideogözegçilik kameralarynyň ýazgylaryny, şeýle-de, bu wakanyň bolan ýerindäki kameralaryň ýazgylaryny almak üçin Edirne şäher prokuraturasyna arza berdi.
Mundan öň, Ankaradaky ýokary edaranyň buýrugyna laýyklykda, Sinop polisiýa bölüminde A. Sahatowyň maşgala agzalaryndan DNK nusgalary alyndy.
39 ýaşly Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini diskussiýa edipdi.
Türk parlamentiniň agzasy Ömer Faruk Gergerlioglu Sahatowyň we Orusowyň ykbalyna degişli meseläni geçen ýyl olar deportasiýa merkezinde saklanan wagtynda hem gozgapdy. 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda eden çykyşynda Gergerlioglu Orusowyň we Sahatowyň Türkmenistana ugradylmagynyň öňüni almaga gyssagly çagyrypdy. Şonda türk deputaty olaryň Türkmenistana dolanan halatynda janyna howp abanyp biljekdigini duýdurypdy.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda olara çynlakaý howp abanýandygyna aladalanma bildirip gelýärler.
"Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň ýitirim bolmagynyň yzýany 30-njy iýulda ýaýradan beýanatynda olaryň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolsa, bu ýagdaýyň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyna ünsi çekdi.
Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" Sahatowyň we Orusowyň ýagdaýy boýunça BMG-niň zorlukly ýitirim edilmeler boýunça komitetine arz etdi we onuň bu işe garamak üçin eden şikaýaty kabul edildi.
Türkmen hökümetini açyk tankyt eden türkmen raýatlarynyň ençemesi 2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden zor bilen Türkmenistana alnyp baryldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar. Olaryň birnäçesiniň soňky ykbaly näbelli galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.