Gazagystan Ýakyn Gündogardaky raýatlaryny yzyna getirmegi dowam etdirýär
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi gazak raýatlarynyň Ýakyn Gündogardaky konflikt zolagyndan çykarylyp, yzyna getirilmegi boýunça görülýär tagallalar barada habar berdi.
Täzelenen maglumatlara görä, ewakuasiýa başlanaly bäri, Ýakyn Gündogar ýurtlaryndan 8585 gazagystanly öýlerine getirildi.
Ministrlik Gazagystanyň sebitdäki diplomatik missiýalarynyň ýerinde edýän tagallalaryny utgaşdyrmagy we gazak raýatlary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamagy dowam etdirýändigini habar berdi.
Mundan öň, Ýakyn Gündogardan gazak raýatlaryny çykarmak işleri başlanaly bäri 4700-den gowrak gazagystanlynyň öýlerine gaýdyp gelendigi habar berlipdi.
Daşary işler ministrligi 10-njy mart güni irden Gazagystanyň Ysraýyldan öz raýatlaryny bu ýurtdan çykarmaga kömek bermegini sorandygyny hem habar berdi.
Ýakyn Gündogardaky ýagdaý dartgynly bolmagynda galýar: taraplar zarba urmaklaryny dowam etdirýärler we atyşyklary bes etmeýärler.