Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Türkmen bagbanlary ok ýakyp, tüsse edip, baglaryny sowukdan goraýar

Maryly bagbanlar geçen iki güni, gijelerine ýatman, bak-bakjalaryny sowukdan gorap, ot ýakyp, tüsse edip geçirdiler, ýöne geljekki hasyly doly halas edip bilendiklerine ynanmaýarlar diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy 12-nji martda, irden habar berdi.
Azatlygyň habarçysy 10-njy mart güni irden söhbetdeş bolan gyzylarbatly daýhanlarynyň biriniň, çeken zyýany barada gürrüň berende gözüne ýaş aýlap, sessiz aglandygyny habar berdi.
Çeşmeler ýurduň günbatar, demirgazyk sebitlerinde gowy maýlan howa aldanan baglary gapyl basan sowugyň ozalam ýagdaýy ýeňil bolmadyk daýhanlara, maldarlara uly zyýan ýetirmeginiň mümkindigini aýtdy.
Bu maglumatlar “Meteožurnal” neşiriniň 9-njy martda öňde duran sowuk howanyň Türkmenistanyň oba hojalygyna agyr zarba urmak ähtimallygy barada çap eden habarynyň yz ýanyndan geldi.


Garagum etrabyndaky çeşme kärendeçileriň uly zyýana galandygyny aýtdy.
“Ir ekilen ýeralmalary sowuk urdy, bu diýmek giden ýitgi, indi täzeden ekmeli, ýene çykdajy, häzir başga-da ýapraklap, ýaňy gül açan ekinleri sowuk urdy, gögeriş alan ekinleriň ählisiniň ýapraklary garalmaga başlady. Bu sowuk urmasynyň alamaty” diýip, ýeralma eken daýhan aýtdy.
Bagbanlar wideo paýlaşyp, tejribe alyşýarlarŞu aralykda sosial mediada öz baglaryny sowukdan gorajak bolýan daýhanlaryň ýerleşdirýän wideolary peýda bolup, türkmenistanlylaryň soňky döwürde bir-birine habar, maglumat kömegini bermek, tejribe paýlaşmak medeniýetinden has köp ugur alýandygy barada aýdylýan sözler tassyk boldy.
Daşoguzda 10-njy martda düşürilendigi aýdylýan, ýaplarda doňup ýatan suwy görkezýän wideo howa gowy maýlap, baglar güle durandan soň gelen sowugyň bu sebite has agyr täsir etjekdigini görkezýär.
Wideolaryň birinde bagban baglaryny sowukdan goramak üçin, berlen maslahat esasynda, gowy edip suwarandygyny, häzir bolsa, gije tütetmek, tüsse etmek üçin baglaryň arasyna agajyň gyryndysyny, apilka döküp ýörendigini gürrüň berýär.
Ol bu usullar arkaly geljekki hasyly 100% halas edip bolmajakdygyny, ýöne “Çykmadyk janda umyt bar” diýlenine eýerip, hasylyň ýarysyny, bolmanda 20-30%-ni halas etmäge umyt baglaýandygyny aýdýar.
TikTokda paýlaşylan başga bir wideoda bolsa, bagban şu wagt daňdan sagat 4, 11-nji mart diýýär we gijäniň garaňkysynda ýakan oduny, oduň ýagtysy düşýän baglaryny, ýakmak üçin toplan zatlaryny, rezin tekerleri görkezýär, bu usulda baglary sowukdan goramagyň nähili netije berendigini soň, ýene bir wideo arkaly habar berjekdigini aýdýar.
Ýene bir TikTok wideosynda bolsa, bagban nasos arkaly ýer astyndan suw çykaryşyny we ýyly suwuň baglary sowukdan goramagyna umyt baglaýandygyny gürrüň berýär. Bu bagban hem, beýlekiler ýaly, soň öz tejribesiniň netijelerini wideo arkaly paýlaşjakdygyny aýdýar.
Baglarynyň arasynda agaç gyryndylaryny, apilka ýakyp, tüsse edip ýören daýhanlaryň biri öz paýlaşan wideosynda ot ýakmagyň baglaryň aşagyna ekilen ýorunjalara gowy täsir edendigini, ýöne gülçeleri halas edip boljagyny ýa bolmajagyny bilmeýändigini aýdýar.


Marydaky habarçymyz gije, -6, -7 gradus sowukda bag-bakjalaryny goramak üçin iki gün bäri ot ýakýan, tüsse edýän daýhanlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.
Baglaryň arasynda eýýam gülüni döküp başlanlary bar“Häzir aglaba miweli baglaryň içinde içi şänikli baglar, ýagny erik, şetdaly, garaly ýaly baglar gül açdy. Baglaryň güllerini sowuk urmaz ýaly, gijelerine ot ýakyp, tüsse etmeli bolýarys. Howa birden sowady, gijesine açyk meýdanda ot ýakyp, tüsse etsegem, baglary doly gorap bilendiris öýdemok” diýip, daýhan aýtdy.
Onuň sözlerine görä, şu gün, 12-nji mart güni irden göz gezdiren, synlan baglarynyň arasynda eýýam gülüni döküp başlanlary bar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty, şol sanda sosial mediada dünýäniň dürli künjeklerinde bolýan tebigy hadysalar barada habar berýän hökümetçi habarçylar türkmen daýhanlarynyň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklary barada anyk maglumatlary bermekden saklanýarlar.
Maglumat üçin aýdylsa, hökümetçi “Orient” neşiri 12-nji martda ‘Meteožurnala” salgylanyp, martyň ilkinji ongünlüginde Türkmenistanda bolan sowuk howa barada gysgaça habar berdi, ýöne daýhanlaryň çekýän zyýanlaryny agzamady.
Türkmenistanyň radio-telewideniýesi, gazet-žurnallary berk döwlet senzurasy astynda işläp, beýleki ýurtlardaky habar serişdelerinden tapawutlylykda, ilata peýdaly boljak habarlara, howa şertleri bilen bagly düşündiriş maglumatlaryna derek, esasan boş propaganda bilen meşgullanýar diýip, synçylar aýdýarlar.
Türkmen kanunçylygy raýatlaryň söz, metbugat azatlygyny kepillendirýär, şol bir wagtda başga pikirlileriň, garaşsyz žurnalistleriň berk ýanalmagy, gorkuzylmagy saklanyp galýar diýip, ýurt içinden gelýän maglumatlarda aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России