Добавить новость
World News in Turkmen

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Gazagystandan Türkmenistana dolanýan raýatlardan neşe boýunça gan barlagy alynýar

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky Bekdaş gümrük geçelgesinde ýurda dolanýan türkmen raýatlaryndan, neşe maddalaryny ulanýandygyny ýa-da ulanmaýandygyny anyklamak boýunça, gan barlaglaryny almak ýola goýuldy.

Gümrük gullugyndaky çeşmelerimiz munuň ABŞ-Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky urşuň fonunda, Gazagystana “neşe syýahatyna” gidýän türkmenistanlylaryň köpelendigi bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy martda sebitden maglumat berdi.

“Şu aýyň başyndan bäri narkologiýanyň ýörite wekilleri, şol sanda lukmanlar Gazagystandan gelýän türkmenistanlylardan gan analizini alyp başladylar. Olar ‘jogaby çykandan soň mälim edýändiklerini’ aýdyp, raýatlary goýberýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, gan barlagynyň netijeleri takmynan 48 sagadyň dowamynda mälim bolýar. Barlagyň netijesinde raýatyň neşe maddasyny ulanandygy anyklansa, onda onuň öýüne ýaşaýan sebitiniň polisiýa we MHM ofiserleri baryp, ony tussag edýärler.

“Raýat kazyýet kararyna çenli wagtlaýyn tussaglykda saklanýar. Bu raýatlara köplenç azyndan 1 ýyldan 3 ýyla çenli iş kesilýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Ýakynda Gazagystandan dolanan raýatlaryň birnäçesi anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda Kowid-19 testine goşmaça gan barlaglarynyň hem goşulandygyny we munuň üçin-de 100 manat tölemäge mejbur edilýändiklerini aýtdy.

Gümrük resmileri Gazagystandan dolanýan türkmenistanly ýolagçylara gan barlaglarynyň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler.

"Neşe syýahatynyň ugry üýtgedi"Ýöne sebitiň gümrük gullugyndaky çeşmelerimiz munuň ABŞ-Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda fewral aýynyň ahyrynda başlan urşuň fonunda, Gazagystana “neşe syýahatyna” gidýän türkmenistanlylaryň köpelendigi bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Daşky razwetkalardan biziň raýatlarymyzyň goňşy Gazagystana neşe çekmäge barmagynyň köpelendigi barada maglumatlar berildi. Şol sebäpli ozal diňe Eýrandan dolanýan watandaşlarymyzy barlamak üçin ulanylan, il arasynda ‘narkotest’ atlandyrylýan bu test Gazagystandan gelýän raýatlarymyzda hem ulanylyp başlandy” diýip, çeşmämiz belledi.

Şeýle-de, ol häzir Eýrana syýahatçylyk maksadynda gitmegiň örän çäklendirilendigini aýdyp, munuň ozal bu ýurda “neşe syýahatyna” gidýän türkmen raýatlarynyň öz ugruny köpçülikleýin üýtgetmegine getirendigini hem nygtady.

“Ýurtda neşekeşlige garşy göreş başlanany, ýagny iki on ýyllyga golaý wagt bäri özüni oňarýan gurply neşekeş raýatlarymyz her aýda ýa-da her birnäçe aýda bir hepde Eýrana, Özbegistana, Gazagystana ýörite neşe syýahatyna gidip, bu ýurtlarda neşe maddalaryndan peýdalanyp gelýärler. Bu köplere mälim, ýöne soňky iki ýylda Özbegistanda hökümet neşekeşlige garşy göreşi güýçlendirmegi sebäpli türkmenistanlylar Eýrany we Gazagystany saýlap alýardylar. Häzir Eýrana syýahat etmegiň çäklendirilmegi, raýatlaryň neşe syýahaty üçin Gazagystana ýykgyn etmegine getirdi” diýip, çeşmämiz aýtdy.

"Agryny aýyrýan dermanlar, göz damjalary..."Onuň tassyklamagyna görä, goňşy ýurtlara “neşe syýahatyna” gidýänleriň arasynda tanymal edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, meşhur aýdymçylar, telekeçiler, lukmanlar dagy bar.

“Olar Türkmenistanda wagtlary bolsa dermanhanalardaky agryny aýyrýan dermanlary ýa-da onkologiýa hassahanasynda tanyş lukmanlary bolsa, ýörite tabletkalary köp pul öwezine satyn alýarlar. Şeýle-de, olar göz lukmanlaryndan ýörite resept esasynda berilýän damjalaryny ýazdyryp alyp, burny arkaly damdyryp, neşe maddasyna çalymdaş rahatlyk alýandygyny aýdýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.

Ol “döwletiň ýurtda neşekeşligiň ýok edilendigi” baradaky hasabatynyň doly hakykata gabat gelmeýändigini hem aýtdy.

“Ýurtda ýaşlaryň arasynda dermanhana narkomanlary hem aşa köpelýär” diýip, ol belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bekdaş gümrük geçelgesinden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri neşekeşlige garşy döwlet derejesinde berk çäre görülýändigini aýdyp, ýurtda tutulan ýüzlerçe kilogram neşe serişdeleriniň ýörite peçlerde ýakylandygyny her ýyl diýen ýaly döwlet telewideniýesinde görkezýär.

Ýöne olar neşe serişdelerine garaşly raýatlaryň sany, olara döwlet tarapyndan berilýän medisina kömegi, şeýle-de neşekeşligiň pidasy bolan adamlar baradaky maglumatlary ilat köpçüligine mälim etmeýärler. Bu barada ýurduň metbugat serişdeleri hem mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России