Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Pekin Aşgabady ‘gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmäge’ çagyrýar, bilermen Hytaýa ‘doly garaşly galmak’ howpuny duýdurýar

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde, Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpin Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

Bilermenler Eýrandaky uruş we Ýakyn Gündogardaky emele gelen ýagdaýlar sebäpli dörän ýangyç krizisiniň arasynda, Aşgabadyň Hytaýyň basyşy astynda energiýa serişdelerini akdyrmak boýunça diňe Pekine garaşly bolup galmak howpy barada duýdurýarlar. Şeýle-de Türkmenistanyň Günbatar ugry boýunça “gysga wagtyň içinde we az çykdajylar bilen amala aşyryp boljak” bähbitli energiýa taslamalaryny ilderledip biljekdigi, emma munuň üçin degişli erkiň zerurdygy nygtalýar.

Türkmenistanda ýurduň içerki we daşarky syýasatynda heniz hem uly täsire eýe ozalky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji martda, Hytaý tarapynyň çakylygy bilen özüniň esasy energiýa hyzmatdaşyna dostlukly sapara geldi.

18-nji martda Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinping türkmen prezidentiniň kakasy bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen "tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge” çagyrdy. Bu barada Reuters we hytaý mediasy habar berdi, emma türkmen tarapynyň duşuşyk baradaky resmi beýanatynda Siniň anyk bu çagyryşy agzalmady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 19-njy martdaky beýanatynda aýdylmagyna görä, hytaýyň ýolbaşçysy bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, intellektual eýeçilik we atçylyk ugurlarynda tejribe alyşmaga taýýardygyny tassyklapdyr, şeýle-de Hytaýyň oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildiripdir. Hytaý mediasynda Siniň energiýa serişdelerine bagly bolmadyk hyzmatdaşlygyň çäginde emeli aň, sanly ykdysadyýet boýunça hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrandygy aýdylýar.

Türkmenistan energiýa resurslarynyň, hususan-da gazyň eksport ugurlaryny artdyrmagy maksat edinýär. Geçen aý uly Berdimuhamedow ABŞ-a eden sapary bilen baglylykda Saud Arabystanynyň "Al Arabia" telekanalyna beren interwýusynda ýurduň "esasy maksadynyň" dünýäde dördünji uly gaz gorlarynyň serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýa etmekdigini nygtapdy. Şeýle-de bolsa, energiýa babatynda Hytaý onuň esasy müşderisi bolup galýar.

Türkmen gazy Hytaýa Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry – A, B we C – şahamaçalary arkaly iberilýär. 1 müň 833 kilometr uzynlygyndaky üç liniýa, Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça, biri-birine parallel ýagdaýda çekilen. Gaz geçiriji ulgamynyň umumy kuwwaty ýylda 55 milliard kub metr gaza niýetlenen. Häzirki wagtda dördünji D şahasynyň gurluşygy hem dowam edip, ol Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçer we umumy kuwwaty 85 milliard kub metre çenli ýetirer.

Bu aralykda, 28-nji fewralda ABŞ we Ysraýylyň eýran nyşanalaryna zarba urup başlamagyndan soň, Eýran tarapynyň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna, şol sanda energiýa infrastrukturasyna jogap zarbalary urmagy, şeýle-de dünýäniň iň iri nebit arteriýalarynyň biri bolan Ormuz bogazyny ýapmagy, ýurtlaryň energiýa serişdeleriniň alternatiw ugurlaryny gyssanmaç gözlemegine getirdi.

Häzirki dörän ýangyç bazaryndaky ýagdaýlarda Hytaýyň, hususanda Merkezi Aziýadaky geçirijiler arkaly energiýa üpjünçiligini berkitmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenilýär.

“Russiýa bilen söwdalaşmak üçin basyş guraly”Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň eksporty babatynda diňe Hytaýa bagly bolup galmak howpy barada duýdurýar.

“Hytaý babatynda, bu ähli ýumurtgany bir sebediň içine salmak ýaly bir zat. Siz [Türkmenistan] hakykatdanam şony isleýäňizmi? Men size bir mysal getireýin. 2012-13-nji ýyllarda, haçanda Hytaý gaz geçirijileri ilki özleşdirip başlanynda, 2016-njy ýyla çenli Türkmenistandan Hytaýa 40 milliard kub metre çenli gaz ibermek barada gürrüň edýärdi. Ýöne soňky bäş ýylda, meniň pikirimçe, ondanam uzak wagt bäri, bu görkezijiler takmynan 32-33 milliard kub metr derejesinde doňup galdy” diýip, Roberts belledi.

Bilermen Pekiniň Aşgabat bilen mümkin energiýa ylalaşyklaryny, Russiýadan gelýän gazy özüne has bähbitli şertlerde söwdalaşmak üçin ulanýan ýaly bolup görüýändigini aýtdy.

“Başgaça sözler bilen aýdylanda, hytaý tarapy ‘bizde Türkmenistanda gaz öndürmäge-de, Türkmenistandan gaz satyn almaga-da mümkinçilik bar. ‘Ýöne biz, hakykatda, sizden importy artdyrmak islämzok. Biz muny Russiýadan artdyrmak isleýäris. Emma sizi Russiýa bilen has amatly şertnama gazanmak üçin basyş guraly hökmünde ulanyp bileris’ diýen äheňde gürrüň edýäne meňzeýär” diýip, energiýa bilermeni nygtady.

Russiýa soňky wagtlarda Hytaý ugry boýunça tebigy gaz eksportlaryny artdyrmagyň üstünde işleýär. Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistan 2025-nji ýylyň netijelerine görä Hytaýy gaz bilen üpjün etmekdäki birinjiligini Russiýa berdi. TASS gullugynyň Hytaýyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna salgylanyp beren sanlaryna görä, Hytaýyň Russiýadan edýän gaz importy geçen ýyl 17,1% artyp, 9,41 milliard dollarlyk möçbere ýetdi. Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gaz 12,1% azalyp, 8,41 milliard dollarlyk boldy. Türkmenistan 2024-nji ýylda Hytaýa 9,57 milliard dollarlyk, Russiýa 8,03 milliard dollarlyk gaz eksport etdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň günorta goňşusyndaky urşuň bu ýurda, şol sanda swap ylalaşyklary esasynda üçünji taraplara akdyrylýan türkmen energiýa eksportyna ýetiren mümkin täsirleri barada maglumat berilmeýär.

Ýewropa ugryRoberts energiýa bazaryndaky dörän ýagdaýlaryň fonunda, hususanda Ýewropa ýurtlarynyň energiýa üpjünçiligini kadalaşdyramak ugrundaky tagallalarynyň arasynda, Türkmenistanyň Günbatara alternatiw üpjünçi hökmünde “uly rol onýap bijekdigini” belledi. Emma munuň üçin Aşgabadyň 30 ýyl çemesi dowam etdirýän energiýa eksport syýasatynda ‘üýtgetmeleriň’ gerekdigini belledi.

“Adatça, alternatiw üpjünçilik ugurlaryny ýola goýmak üçin ýyllar gerek bolýar. Türkmenistany muňa kadadan çykma hökmünde görkezip bolar. Türkmenistanyň örän uly gaz känleri bar, ýurduň öz içinde hem giň gaz geçiriji ulgamy bar. Ol aslynda örän köp gazy ýakýar, ýagny ony amaly peýdalanman, otlaýar. Şonuň üçin bu gaz örän, örän gysga wagtda Hazar deňzinden geçirilip, eýýäm taýýar duran eksport ulgamyna, ýagny Azerbaýjanyň Şah Deniz gaz känine niýetlenip gurlan Günorta gaz geçelgesine goşulyp biler. Meniň pikirimçe, şol ugur arkaly örän çalt ýagdaýda takmynan 5 milliard kub metr gaz ibermek mümkinçiligi bar” diýip, bilermen belledi.

Robertsiň türkmen gazyny ýewropa akdyrmagy göz öňünde tutýan, onlarça ýyl bäri gürrüňi edilip gelinýän “Transhazar” gaz geçirijisini göz öňünde tutup-tutmaýandygy soralanda, ol: “Bu, adaty kabul edilen manyda, Hazaryň bütin 300 kilometrlik giňligini kesip geçýän uzyn gaz geçiriji däl. Esasy mesele hem şunda: muny örän çalt amala aşyryp bolýar. Muny Petronas tarapyndan dolandyrylýan Magtymguly känindäki deňiz terminalyny Azerbaýjandaky golaýdaky känler bilen, mysal üçin BP tarapyndan dolandyrylýan Azeri-Çyrag-Güneşli nebit ýatagy ýa-da TotalEnergies tarapyndan dolandyrylýan Abşeron gaz käni bilen birikdirmek arkaly ýerine ýetirip bolar. Munuň üçin birinji ýagdaýda bary-ýogy 78 kilometrlik, ikinji ýagdaýda bolsa 100 kilometrden gowrak uzynlykda gaz geçirijisi gerek bolar. Bular bar bolan infrastruktura iň ýokary derejede daýanýan, ýerli we ýönekeý çözgütler bolar. Bu Azerbaýjandan Türkiýä gider. Gazyň bir böleginiň Türkiýede galmagy mümkin. Türkler muny isleýär. Olar import meselesi boýunça türkmenler bilen uzak wagtdan bäri ylalaşyp gelýärler. Ýöne häzire çenli türkmenler gazyny Türkiýä Eýranyň üsti bilen ibermek synanyşyklaryna bil bagladylar. Bu ýakyn geljekde indi mümkin bolmaz.”

Türkmenistan we Türkiýe türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Türkiýä akdyrmak barada geçen ýylyň fewral aýynda şertnama baglaşdy. 1-nji martda güýje giren şertnama esasynda ýylyň dowamynda 1,3 milliard kubmetr türkmen gazynyň akdyrylmagy göz öňünde tutulýardy. Martda Türkiýe gaz importynyň başlanandygyny aýtdy. Geçen ýylyň oktýabrynda “Türkmengaz” Türkiýä gaz akdyrmagyny togtatdy. Döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew ýurduň Türkiýe bilen gysga möhletli şertnamasynyň bardygyny düşündirip, “Eger biz möçberler ýa-da bahalar barada ylalaşyp bilmesek, başga alyjylarymyz hem bar. Bazar şeýle” diýip, “Oilapital” “Reuters” agentligine salgylanyp, Babaýewiň aýdanlaryny sitirlidi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň resmileri tarapyndan türkmen gazynyň söwdasyna degili nähili meseleleriň bardygy resmi derejede anyklaşdyrylmady.

Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy marta çenli dowam eden Hytaýa saparynyň çäklerinde Si Szinpine “Gadyrly” atly ahal-teke bedewini sowgat berdi. Hytaýyň lideri 12 ýyl mundan ozal özüne “Gahryman” atly atyň hem sowgat berlendigini ýatlatdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России