Tramp: Biz Eýrandaky "gerekli adamlar" bilen gürleşýäris
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ikinji gün, 24-nji martda Amerikan administrasiýasynyň, söweş hereketlerini soňlajak ylalaşyga gelmek üçin, Eýrandaky "gerekli adamlar" bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.
Tramp eýranlylaryň ylalaşyk baglaşmak isleýändigini nygtaýar. “Biz gerek bolan adamlar bilen gepleşik geçirýäris we olar ylalaşyk baglaşmagy örän isleýär, siz olaryň muny nähili güýçli isleýändigini göz öňüne-de getirip bilmeýärsiňiz” diýip, amerikan lideri Ak Tamda žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde eýranlylar barada gürrüň edende aýtdy.
Trampyň sözlerine görä, Eýran energiýa pudagynda Birleşen Ştatlara uly eglişik etdi. ABŞ-nyň prezidenti muny oňyn waka diýip atlandyrdy we ýeňilligiň Pars aýlagyndan dünýä bazaryna nebit çykarmagyň esasy ýoly bolan Horrmuz bogazy bilen baglanyşyklydygyny yşarat etdi. Eýran bu bogazy hakykatda fewral aýynyň ahyrynda ABŞ-Ysraýyl harby operasiýasy başlanaly bäri baglap goýdy.
"Olar bize sowgat etdiler we bu örän jomart, örän köp pula durýan sowgat boldy. Ol ýadro energiýasy bilen baglanyşykly däl, nebit we gaz bilen baglanyşykly we, bu olaryň eden örän gowy işi" diýip, Tramp 24-nji martda aýtdy.