Добавить новость
World News in Turkmen



Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Çagasy bolmadyk gelinleriň gonamçylyklara guramaçylykly zyýaratlary ýaýbaňlanýar

Türkmenistanda çagasy bolmaýan gelinleriň gonamçylyklara zyýarat etmeginiň meşhurlygy artýar diýip Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar. Olaryň maglumatlaryna görä, şeýle zyýaratlar, isleg köp bolansoň, guramaçylykly geçirilýär. Gonamçylyklarda hem mundan gazanç edýän köpleýär.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda çagasy bolmaýan gelin-gyzlar jem bolup mikroawtobusy kireýine tutup gonamçylyklara zyýarat edýärler. Ýerli ýaşaýjylar birnäçe ýyl bäri durmuş guran ýaş çatynjalaryň arasynda çagasy bolmaýanlaryň köpdügini gürrüň berdiler.

Tejenli ýaş gelin gonamçylyga zyýarata gatnamagynyň sebäbini şeýle düşündirdi: "Meniň durmuşa çykanyma 3 ýyl boldy, çaga galanok. Her gün gaýynlarym bize gelin bolup geleniňe 3 ýyl boldy häzirem eliň boş, çagaň ýok diýip, hüňürdeýärler, käte adamym hem hüňürdeýär. Biz gelinler bolup zyýaratlara aýlanyp gonamçylyklardan perzent bermegini sorap gaýdýarys".

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan gelinler çagalary bolmasa maşgalasynyň bozulmagyndan gorkýandygyny aýdýarlar we gaýynlarynyň, hatda adamsynyň basyşyna sezewar bolýandygyny gürüň berýärler.

"Çagasy bolmaýan gelinleriň gaýyn öýüne sygman aýrylyşýanlary az däl, bizem gorkýarys. Eger-de şu ýyl göwreli bolup elimize çaga alyp bilmesek onda biz hem maşgala bolup bilmeris, diýip ýoldaşym aýdýar" diýip ýene bir gelin aýtdy.

Ol aýrylyşyp, öz ene-atasynyň öýüne gaýdyp barmagy namys edýändigini gürrüň berdi we gaýyn tarapyň çaga bolmazlykda ony göni aýyplaýandygyny belledi.

"Gaýynym çagamyzyň bolmaýandygyna diňe men günäli diýýär. Öz ogluňda kem bar bolaýmasyn diňe men däl, ogluňyz hem özüni barladyp bejergi alsyn diýseň, onda 'oglumyzda kem ýok, ähli kemçilik sende. Häzir ogluma başga gelin alyp bersem bu çaka çenli elleri çagaly bolardy' diýip aýdýarlar" diýip, gelin gürrüň berdi.

Bejergi peýda bermedi, maddy taýdan çökerdiGonamçylyga zyýarat edýän ýene bir aýal maşgala saglygyny barlatmak we bejergi almak üçin eden synanyşyklarynyň netije bermändigini, emma maşgalanyň maddy ýagdaýyny erbetleşdirendigini gürrüň berdi.

"Bejergi almak üçin hassahanalarda ýatyp bergä girdik. Lukmanlara barylsa olar hem keseliň bar diýip, bejergi berýärler. Ol bejergini her 6 aýdan alyp durmaly. Her bir dermanyň nyrhy 5 müň manat, ondan her bejergide iki gutusyny aldyrýarlar".

Ýene bir gelniň gürrüň bermegine görä, onuň lukmanlara ýüz tutmagy maşgala üçin uly çykdajy bolupdyr, hem-de gaýynlary bilen gatnaşyklaryny zaýalapdyr:

"Bejergi alamda gaýynlarymdan bir topar iňirdi eşidýän, 'öýüň bar gazanjy diňe seň bejergiňe gidýär. Oglumyň halys bergiden gözi açylanok' diýip günüme goýmadylar".

Käbir zenanlar öz çagasy bolman, ýakyn garyndaşlaryndan ogullyk çaga alýarlar.

'Gonamçylykdaky zyýarat biznesi'Ak Işan we Parow Bibi gonamçylyklary çaga dileýän zyýaratçy zenanlaryň köp barýan ýerleri. Bu gonamçylyklarda doga-dileg okamak hyzmatyny hödürleýänleriň duş gelýändigini habarçymyz aýdýar.

"Häzir gonamçylyklarda sallançak gurnap içine düşek ýazyp gurjak atyp, 'kimiň çagasy bolmaýan bolsa, şol sallançagy üwräp içine pul salyp, dileg etsin, hökman çagasy bolar' diýip gazanç edýänler duş gelýär" diýip, habarçymyz öz görenlerini gürrüň berdi.

Türkmenistanda gonamçylyklara zyýarat etmek, mollalara doga okatmak we saglygyny bejermek üçin tebiplere ýüzlenmek ýaly ýagdaýlar köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

Azatlygyň habarçylary munuň köplenç kadaly medisina hyzmatlarynyň ilat köpçüligine elýeterli däldigi bilen bagdygyny aýdýarlar.

"Medisina hyzmatlarynyň hili örän pes bolup, üstesine çykdajysynyň uly bolmagy hassalary alternatiw çykalga gözlemäge iterýär" diýip çeşmeler aýdýar. Medisina hyzmatlarynyň çykdajylarynyň köpçüligiň maddy mümkinçiligine görä aşa ýokary bolmagy käte tutuş maşgalalaryň bergä batmagyna, emlägini satmagyna sebäp bolýar.

Hökümet tarapyndan açyk boýun alynmaýan agyr sosial problemalaryň arasynda çagalaryndan ýüz öwürýän maşgalalar hem köpelýär. Hassahanalarda dogran bäbeklerini goýup gidýän gelin-gyzlar, çagalaryny ekläp bilmän, perzentlerini ýetimler öýlerine tabşyrýan ene-atalar barada Azatlygyň habarçylary ençeme maglumat beripdi.

Şeýle-de, habarçylar çaga söwdasy bilen bagly ýagdaýlar barada habar beripdi. Türkmenistanyň çaga dogrulýan öýlerinde täze doglan çagalaryň kanun taýdan resmileşdirilmezden üçünji taraplara para-peşgeş esasynda ogullyk berilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesi ýüze çykypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media









103news.com — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 103news.com.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.

Другие популярные новости дня сегодня


Новости 24/7 Все города России



Топ 10 новостей последнего часа



Rss.plus


Новости России







Rss.plus
Moscow.media


103news.comмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "103 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

103news.com — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.

Музыкальные новости




Спорт в России и мире



Новости Крыма на Sevpoisk.ru




Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России