Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda orden bilen sylaglandy
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Samarkantda, Türki döwletler guramasynyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň sammitinden soň, “Türk dünýäsiniň ýokary ordeni” bilen sylaglandy diýip, TDH habar berýär.
“Bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara gowşurylýar” diýip, türkmen metbugaty belleýär.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu ordeni Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana hem gowşurdy.
Türki döwletler guramasynyň Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragynyň ilkinji eýesi gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow boldy. Merhum ýazyja berlen sylagy gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow kabul etdi.
Bu baýragyň özbek prezidentiniň başlangyjy bilen döredilendigi aýdylýar.